Türkmen metbugaty haj zyýaratçylarynyň gaýdyp gelenini habar berdi

Saud Arabystany

Türkmenistanyň döwlet habar agentligi ýurduň haja giden zyýaratçylarynyň gaýdyp gelendigini 30-njy iýulda habar berdi.

Resmi habarda prezidentiň buýrugna laýyklykda, ýurduň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden bolan 275 adamyň “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan guralan ýörite uçarda Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylandygy aýdylýar we Medinä hem Mekkä barandygy habar berilýär.

TDH-nyň 30-njy iýulda çap eden habarynda zyýaratçylaryň gaýdyp gelen senesi agzalmaýar.

Mundan öň Türkmenistandan Saud Arabystanyna haj zyýaratyna giden türkmen raýatlary 22-nji iýulda ýurda dolanandygy we dessine karantin zonasyna ýerleşdirilendigi habar berildi. Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleriniň maglumatyna görä, haj zyýaratçylaryny getiren uçar Türkmenabat şäheriniň aeroportuna gonup, 275 sany haj zyýaratçysy uçardan düşen badyna Türkmenabadyň baş karantin zonasyna äkidilipdir.