2022-nji ýylyň ýatdan çykmajak suratlary

Buça şäheriniň ýaşaýjysy Wladislawa Lýubaretz (ortada) rus çozuşlarynyň başlanaly bäri görmedik uýasy bilen duşuşmak üçin, maşgalasy bilen ýok edilen rus harby enjamlarynyň arasyndan geçip barýar. Ukraina, 2022-nji ýylyň 6-njy apreli. Rus goşuny bu ýerlerden yza çekilenden soň, Buçada we Kiýew sebitiniň beýleki ýerlerinde, ýüzlerçe gynalan we öldürilen adam jesetleri aýan edildi. Rus goşunlary 24-nji fewralda Ukraina girdiler. Bu bolsa ýurdy urşa sezewar etdi hem weýrançylyk getirdi. Günbatar ýurtlary bolsa Russiýa garşy birnäçe berk ykdysady sanksiýalary girizdi. (EPA-EFE/ROMAN PILIPEÝ)

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Moskwada aradan çykan ozalky SSSR-iň prezidenti Mihail Gorbaçowyň tabydynyň başynda. (AP/Russian Pool)

Almaty şäher häkimlik binasy ýagnynyň astynda, Gazagystanda gazyň we energiýanyň bahasynyň ýokarlanmagyna gaharlanan märeke häkimligiň jaýyny oda berdi. 2022-nji ýylyň 5-nji ýanwary. Ýüzlerçe adam pidasyna sebäp bolan zorlukly protestler hepdeläp dowam edensoň togtadyldy. (TASS/Waleriý Şarifulin)

Işsiz galyp, bergä batan Nooruddine her nähili-de bolsa, çagalaryny eklemek üçin, böwregini satmakdan başga ýoly galmandyr. Maşgalasyny halas etmek üçin, organy gurban etmäge taýyn owganlylaryň sany gün-günden artýar. (AFP/Wakil Kohsar)

Kanadanyň Parlamentiniň golaýynda ýerleşýän Ottawanyň Wellington köçesinde "KOWID-19" waksinasynyň girizilmegine garşy protestler, Kanada, 2022-nji ýylyň 17-nji fewraly. (Reuters/Carlos Osorio)

Argentinanyň Buenos-Aýres şäherinde geçirilýän demonstrasiýada, bir aýal töwerekdäki tüsse buludynyň derdinden, elinde saýawan saklaýar. Hökümetiň Halkara walýuta fondy bilen 2022-nji ýylyň 10-njy martynda, 45 milliard dollara golaý bergisini arassalamak baradaky ylalaşygyna garşy protest geçirilýär. (AP Photo) /Rodrigo Abd)

Gündogar Iýerusalimde Al-Jazireniň öldürilen žurnalisti Şirin Abu Aklanyň ýas çäresi. Ýasa gatnaşýan mähelle bilen polisiýanyň arasyndaky çaknyşyk. 2022-nji ýylyň 13-nji maýy. Žurnalist zenan Günbatar kenaryň Jenin şäherinde, Ysraýylyň harby hüjümi mahalynda atylyp öldürildi. (AP Photo/Maýýa Lewin)

TOLO habarlar gepleşigini alyp baryjysy Hatera Ahmadi Kabulda täzelikleri okaýar. Owganystan, 2022-nji ýylyň 22-nji maýy. (AP Photo/Ebragim Noruzi)

2022-nji ýylyň 24-nji maýynda Ýerewanyň merkezinde oppozisiýa protestine gatnaşyjylar köçe ýörişinde, mobil telefonlarynyň çyralaryny ýakýarlar. 25-nji aprelden başlap, Ermenistanyň ähli künjeginde, 24-nji maýda Daglyk Garabagyň ykbaly barada, üçtaraplaýyn geçirilen duşuşyga protestler geçirildi. (TASS/Aleksandr Patrin)

Bütindünýä daşky gurşaw güni Delidäki Bhalswa hapa taşlanýan ýerde, ýanýan zir-zibilleriň tüssesi. Zir-zibilleri ýygnaýjy gaýtadan işläp bolaýjak materiallary gözläp, aşak düşýär. Hindistan, 2022-nji ýylyň 5-nji iýuny. (Reuters/Anushree Fadnavis)

Ýaponiýanyň ozalky premýer-ministri Şinzo Abe ýaralandy. Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky kampaniýasy wagtynda, oňa iki gezek ok atyldy, Nara, günbatar Ýaponiýa, 2022-nji ýylyň 8-nji iýuly. Şol gün Abe ol ýaradan öldi. (Kiodo Reuter arkaly)

Numa Jahiç oglunyň jesediniň galyndysyna ýas tutýar. Ol diňe şu ýyl Srebrenisedäki Potokari şäherinde aýan edildi. Bosniýa, 10-njy iýul, 2022. Bosniýanyň gündogarynda ýerleşýän Srebrenisa şäherinde Ikinji Jahan urşundan bäri Ýewropada ýeke-täk ykrar edilen gyrgynçylygyň 27-nji ýyl dönümi mynasybetli müňlerçe adam jemlendi. (AP Photo/Armin Durgut)

Şri-Lankanyň premýer-ministri Ranil Wikremesingheniň Kolombodaky ofisine geçirilen hüjümden soň, onuň stolunyň başynda, Şri-Lanka, 2022-nji ýylyň 13-nji iýuly. Protestçiler ykdysady krizis sebäpli ýurtdan gaçan prezident Gotabaýa Rajapaksyň gitmeginden soň, Wikremesinghe wezipesinden çekilmegini talap etdiler. (AP Photo//Rafiq Makbul)

Londondaky Hekni-Marşesde yssydan ýaňa oty guran meýdançada, adamlar ýekşenbe güni höwesine futbol oýnaýarlar. Beýik Britaniýa, 2022-nji ýylyň 14-nji awgusty. (Reuters/Toby Melwille)

Buharestde bosgun çagalar üçin gurnalan çärä gatnaşan ukrain gyzy alan sowgadyna begenýär, Rumyniýa, 2022-nji ýylyň 24-nji awgusty. Ukrainalylar garaşsyzlygyň 31 ýyllygyny belleýärler. (EPA-EFE/Robert Gement)

Tährandaky “Azady” stadionynda geçirilýän futbol oýnuna baran eýranly zenanlar özlerini surata düşürýärler, 2022-nji ýylyň 24-nji awgusty. 1979-njy ýylda bolan Yslam rewolýusiýasyndan soň, ilkinji gezek eýranly zenanlara futbol ýaryşyny görmäge rugsat berildi. (AFP/TASNIM/Hosseýn Zohrewand)

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Hemet şäheriniň golaýyndaky Fairwiewde bolan ýangynda, atlar pena gözleýärler, 2022-nji ýylyň 5-nji sentýabry. (Reuters/David Swanson)

Musson ýagyşlary zerarly görlüp-eşidilmedik silden ejir çekenler Jaffarabaddaky suw basan jaýyň goş-golamlaryny halas etmek üçin, ýatylýan tapçany ulanýarlar, Pakistan, 2022-nji ýylyň 5-nji sentýabry. (AP Photo/Farid Han)

Londondaky Buckingham köşgüniň öňünde, şa zenany Wiktoriýanyň hatyrasyna adamlar ýygnanyşanda, asmanda älemgoşar peýda boldy, Beýik Britaniýa, 2022-nji ýylyň 8-nji sentýabry. Buckingham köşgüniň beýanatyna görä, Britaniýanyň korolewasy, 96 ýaşly Elizabet II Balmoral köşgünde, wraçlaryň maslahatyna laýyklykda, medisina gözegçiliginde saklanýardy. Tizden onuň ölendigi aýan boldy. (EPA-EFE/Neýl Holl)

Gyzzyrma keselinden ejir çekýän 25 ýaşly Kunj garyndaşynyň gözegçiliginde, Sehwandan geljek lukmançylyk kömegine garaşýarlar, Pakistan, 2022-nji ýylyň 29-njy sentýabry. Ýurt öz taryhynda iň weýran ediji silleriň birini başdan geçirdi, sil 33 milliondan gowrak adamyň öý-öwzaryny, obalary ýumurdy, ägirt giň ýerleri suw basdy, indi onuň guramagy üçin, köp wagt gerek bolar. Sebitde gyzzyrma, ysytma we beýleki suw arkaly geçýän keseller ýaýrady. "Reuters/Ahtar Sumro"

Gaýa urlup heläkçilige uçran ýelkenli gämidäki migrantlaryň jesetleri. Gämi 2022-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Gresiýanyň günortasyndaky Kitira adasynda gark boldy. (AP Photo/Thanassis Stawrakis)

Russiýanyň Su-34 uçary 9 gatly jaýa gelip uranda, Ýeýsk şäherinde 15 adam öldi. Resmi maglumatlara görä, uçuşyň dowamynda uçaryň motorynda näsazlyk bolupdyr. 2022-nji ýylyň 17-nji oktýabry. Uçarmanlaryň biri (sagda) paraşut bilen böküp, diri galdy. (AP)

9 ýaşly owgan gyzy Kabulyň etegindäki kerpiç zawodynda işleýär, Owganystan, 2022-nji ýylyň 20-nji oktýabry. "Talyban" bir ýyl mundan ozal häkimiýete geleninden bäri, Owganystanda işleýän çagalaryň sany barha artýar. (AP Photo/Ebragim Noruzi)

22 ýaşly Amini hijap we adaty egin-eşik geýmek baradaky ýurduň berk düzgünlerini bozmakda aýyplanyp, Tähranda ahlak polisiýasy tarapyndan tussag edilende we 16-njy sentýabrda aradan çykandan soň, Eýrany garşy duruş tolkunlary sarsdyrdy. (AFP/UGC)

Mariupolda bolan söweşde weýran edilen söwda merkeziniň alnynda, hatardan çykan maşynlar, Ukraina, 2022-nji ýylyň 10-njy dekabry. (EPA-EFE/Sergeý Ilnitskiý). Maglumata görä, takmynan 250 müň ýaşaýjy şäheri terk edipdir, ýene-de 300 müňe golaý adam galypdyr. Söweşler mahalynda we bombalamalar netijesinde, Mariupolyň jaý fondunyň 70% çemesi ýok edildi, parahat ilatdan 5 müňe golaý adam heläk boldy diýip, şäheriň täze häkimi Konstantin Iwaşenko aýtdy.