Ýeriň duzy. Soledar – duz känleri we weýrançylyk
Ukrainanyň gündogarynda ýerleşýän Donetsk sebitindäki “Artemsol” käninden alnan arassa duz.
Müňlerçe tonna duz daşy gazylyp alnansoň, adam güýji tarapyndan döredilen gowak. Bu kände işleýän geologlaryň aýtmagyna görä, 1881-nji ýylda iş başlanyndan bäri duz gatlagynyň 5%-den az bölegi gazylyp alnypdyr.
Ýüzlerçe metr aşakda gyssagly ýagdaýda ýokary çykmak üçin goýlan merdiwan.
Aşakda ýük gatnawy üçin döredilen tunnel. Gadymy deňiz gurap gidenden soň, ägirt uly duz gatlagy emele gelipdir.
Duz käninde öň 2800-den gowrak adam işleýärdi.
Duz-magdan daşyny gazyp alýan kombaýnyny işlediji şahtaçy.
Duz kombaýnynyň işleýşi şeýle görünýär.
Owradylan duz ýygnalýar hem ýeriň üstüne iberilýär.
Ýokarlygyna gidýän konweýer guşaklygy.
2015-nji ýylda Russiýanyň Donbas sebäpli döreden konflikti başlanandan soň, Moskwa ukrain duzuny import etmegini bes etdi. Netijede, “Artemsol” öz bazarynyň üçden bir bölegine golaýyny ýitirdi.
“Artemsol” azyk we agyr senagaty duz bilen üpjün etmekden başga-da, üýtgeşik duz önümlerini öndüripdir.
Her biri 8 ýewro golaý satylýan bu duz bölekleri "speleokamera" – duzly minerallaryň şertleýin döredilýän otaglary üçin ulanylýar. Onda, hususan, bronhial demigysmanyň başlangyç tapgyrlaryny bejermek üçin çalyşýarlar, ýöne şeýle täsiriň peýdasy entek tassyklanylmady.
Işçi duz böleklerini kesýär.
Ýöne duzuň aglaba bölegi nahar duzy hökmünde satylýar. Kompaniýa Günbatar bazarlaryna çykmaga synanyşypdy.
Önümçilik üçin goýberilýän gaplanan duzlar.
"Artemsol" känleriniň biriniň girelgesinde geçen asyrdan saklanyp galan demir ýazgy, häzirki söweşlerde ol goşunyň ýerleşýän ýerini kesgitlemek üçin ulanylýar.
Ukrain esgerleri Soledarda.
Ukrain tanky Soledarda söweş meýdanynda. 2023-nji ýylyň 8-nji ýanwary.
2022-nji ýylyň 1-nji awgustynda we 2023-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda, Maxar kompaniýasy tarapyndan, satellitden düşürilen suratlar şäheriň nähili ýumrulandygyny görkezýär.
Maxar kompaniýasy tarapyndan, 2022-nji ýylyň 1-nji awgustynda we 2023-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda, satellitden düşürilen suratlar Soledar şäherindäki weýrançylygy görkezýär.