Eýranda tutulan, öldürilen protestçileriň hossarlaryna haýbat atylýar

Berlin. Eýranly protestçiler

Eýran häkimiýetleri hökümete garşy protestleriň zorlukly basylyp ýatyrylan wagtynda tussag edilen ýa-da öldürilen demonstrantlaryň maşgala agzalaryny dymmaga mejbur etmek üçin urýarlar, tüpeňleýärler we haýbat atýarlar diýip, Eýranyň düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Adam hukuklary merkezi (CHRI) 25-nji ýanwarda aýtdy.

"Protestleri basyp ýatyrmak üçin eýranlylary asmakdan, tüpeňlemekden we türmä basmakdan başga, Yslam respublikasynyň häkimiýetleri özleriniň öldüren we tussag eden adamlarynyň maşgala agzalaryna hem, adalaty we azatlygy talap etmän, dymyp oturmaklary üçin hüjüm edýärler" diýip, hukuk merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Hadi Ghaemi aýtdy.

Degişli maglumat

Eýran Amini protestleri sebäpli ýene üç adamy ölüme höküm etdi