Haýwanlary halas ediji. Meýletinçi Donbasda eýesiz galan haýwanlara iýmit eltýär

Ýewgeniý Dubowikow (suratda) Ukrainanyň Luhansk oblastynyň Severodonetsk şäherinden. Ol şäher geçen ýylyň iýun aýynda, rus güýçleri tarapyndan basylyp alyndy.

Dubowikow geçen bahar ejesi we eý görýän iti bilen dogduk mekanyny taşlap, Dnipro göçdi. Şondan bäri-de 36 ýaşly Ýewgeniý uruşdan heläk bolan şäherlerde we Gündogar Ukrainanyň obalarynda eýesiz galan haýwanlara we ýardamy bolmadyk adamlara kömek bermek üçin, 100 müň kilometrden gowrak ýol geçipdir.

Ýewgeniý Dubowikowyň kiçi awtobusyň penjiresinden, uruşdan ejir çeken obalaryň görnüşi.

Meýletinçi hepdede bir gezek Dniproda ýerleşýän öz bazasyna baryp, bir sapary üçin, 600 kilograma golaý ýük alýar. Haýwanlaryň iýmitine berilýän haýyr-sahawatlardan daşary, Dubowikow öz serişdesiniň hasabyna-da azyk satyn alýar.

Dubowikowyň aýtmagyna görä, ol köçede gören haýwanlaryny naharlaýar, şeýle hem bu obalarda ýaşaýan adamlara pişiklere we itlere bermek üçin, iýmit goýup gaýdýar.

Rus goşunlaryndan azat edilen obalaryň köpüsinde haýwanlar üçinem, adamlar üçinem azyk satyn almak mümkin däl.
 

Ukrainanyň gündogaryndaky frontuň golaýynda ýerleşýän obadaky ýerli ýaşaýjy.

Dubowikow harbylara we mätäç galan ýerli ýaşaýjylara-da azyk eltýär. "Biz hiç kimi bolmadyk pensiýa çykanlary we mümkinçiligi pes maşgalalary-da gözleýäris" diýip, ol aýdýar.

Dubowikow ýerli ýaşaýjylar bilen gürleşýär.

Meýletinçiniň aýtmagyna görä, adamlary rus çozuşlarynyň howp salýan ýerlerinden gitmäge yrmak belli bir derejede netijesiz. “Adamlar gitmeýärler. Her kimiň öz sebäbi bar. Esasanam garrylar: «Biz bu ýerde doguldyk, indem şu ýerde öleris» diýýär” diýip, meýletinçi düşündirýär.

Ukrainanyň Donetsk oblastynyň weýran edilen Bogorodiçe obasy. Birnäçe aýyň dowamynda bu ýer rus basybaljylarynyň gol astynda boldy, sentýabrda oba Ukrainanyň harbylary tarapyndan yzyna alyndy. Hakykat ýüzünde oba doly diýen ýaly weýran edilipdir.
 

Dubowikow (sag tarapda) Bogorodiçe obasynyň ýaşaýjylary bilen gürleşýär.

Meýletinçi häzir bary-ýogy bäş adam ýaşaýan Bogorodiçe obasyna birnäçe gezek iýmit eltipdir. Ol ýerde 50-ä golaý haýwan gyşdan diri galmak üçin göreşýär.

Bogorodiçe obasyndaky mekdebiň harabaçylygynda galan kör it.

"Birden aýazly sowuk bolanda, diri galmak adamlara garanyňda, haýwanlara has kynlaşýar. Adamlaryň nähilidir azyk-iýmiti bar, bir ýol bilen muňa döz gelýärler, öý haýwanlary özüne iýmit tapmaga öwrenişmeýär" diýip, Dubowikow aýdýar.

Bogorodiçede doň ýerde oturan pişik.

Ukrainanyň gündogarynda ýeke galan jandarlaryň köpüsi öý haýwanlary. Olaryň eýeleri Donbasdan gaçmaga mejbur boldular, esasan söweş sebäpli ýurduň günbataryna gitdiler. Gidenleriň ählisi öý haýwanlaryny almaga ýetişmedi.

Dubowikowyň kärdeşleri uruşdan ejir çekýän obalardan haýwanlary alyp gitmäge ýardam edýärler.

Meýletinçi we onuň kärdeşleri haýwanlary uruş barýan obalardan çykarýarlar. Dubowikowyň Dniproda ilter üçin aýratyn ýeri bar, ol ýerde haýwanlara garaşyk edilýär hem bejergi üçin mümkinçilik bar, soňra mümkin bolsa bir ýere ýerleşdirýärler.

Dubowikow Ukrainanyň gündogaryndaky harbylara kömek eltýär.

Meýletinçi uruş dowam edýänçä, "her kim kömek üçin öz güýjünde bolan gaýraty gaýgyrmaly däl" diýip, Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär. Şeýle hem ol: «Her bir adam söweşmegi başarmaýar» diýýär. Ýewgeniý her gezek aýlanyp gelenden soň, özünde «men bu dünýäde gerek» diýen duýgyny başdan geçirýändigini aýdýar.

Ukrainaly meýletinçi uruş zerarly boşap galan obalara azyk we suw äkidip, eýesiz haýwanlary halas edýär. Şäher ýaşaýjylarynyň köpüsi uruşdan gaçyp, itleri we pişikleri taşlap gitdiler.