Finlýandiýanyň ýarag kuwwaty. Russiýanyň goňşusynyň we NATO täze agza bolan döwletiň nähili ýaraglary bar?

F/A-18 Hornet

Finlýandiýanyň Harby howa güýçlerinde, Amerikada öndürilen şeýle uçarlaryň 62 sanysy bar. Könelişen uçarlar soňky döredilen F-35 söweş-bombalaýjy uçarlaryň 64 sanysy bilen çalşyrmak meýilleşdirilýär. Ol çalşyk 2026-njy ýylda başlanar.

Hamina-Class raketa kateri

Häzirki wagtda bu kateriň dört sanysy Finlýandiýanyň harby flotunyň eýeçiliginde. Olar alýuminden hem kompozit, ýagny dürli materiallardan ýasalýar, bu bolsa gämini örän ýeňil edýär hem ony dolandyrmagy aňsatlaşdyrýar. Ýaraglar kompleksine eýe bolan katerde, şol sanda raketalar, artilleriýa ýaraglary we bombalar bolup, ol "howadan, suw üstünden we suwasty giňişlikden abanýan howpa" garşy durup bilýär. Finlýandiýada suwasty gämileriniň floty ýok.

RSRAKH 06 kysymly 298 raketa atyjy

Amerikan önümi bolan bu ýarag öz ýurdunda, raketadan üznüksiz ot açýan M270 ulgamy diýlip atlandyrylýar. Ýük ulaglaryna goýlan bu ulgam hem HIMARS ýaly dolandyrylýar we raketalary atýar. Ýöne bu model ýolsuz ýerlerden çalt hereket etmäge ukyplylygy we güýç-kuwwatynyň artyklygy bilen tapawutlanýar.

Leopard 2 tanky

Finlýandiýada bu nemes tanklaryň 200-siniň bardygy aýdylýar. Leopard 2 Sowetler döwründe şuňa meňzeş öndürilenleriň köpüsinden çalt. Ýewropa tanklaryna hyzmat etmek hem onuň zaýalanan böleklerini çalyşmak örän ýönekeý, sebäbi Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde şeýle maşynlar bar.

PSH K9 FIN kysymly 155 sowutly gaubisa

Günorta Koreýanyň öndürilýän we ol ýerde ‘K9 Thunder’ atlandyrylýan, 155-millimetrlik bu gaubisanyň özi hereket edip, bir wagtda üç snarýady atmaga ukyplydyr. Oklaryň birini ýokary çäkden, soňra ilkinji we üçünji snarýadlary başky okuň gidişine görä, ondan aşagrakdan we ýokardan atyp bilýär.

Patria XA-360 kysymly sowutly ulag

Finlýandiýada ýasalan we ýarag enjamlary bilen üpjün edilen bu sowutly maşynyň içinde oturyp hem, uzak aralykdanam dolandyryp bolýar. Batgalyk ýerlerden geçip bilýän bu ulag 11 sany harby gullukçyny götermäge ukyply.

GH 52 APU kysymly 155 gaubisa artilleriýasy

Bu agyr artilleriýany söweş pozisiýasyna başga bir tehnikanyň tirkewi bilen eltmeli, ýöne onda sürüji üçin bir adamlyk üsti açyk orun bolup, gaubisany öz hereketi bilen ýuwaş-ýuwaşdan bir orundan, beýleki orna süýşürmäge mümkinçilik bar. Maglumatda aýdylmagyna görä, Finlýandiýanyň öndürýän 155 millimetrlik üýtgeşik ýaragynyň güýji yglan edilenden has azdyr. Ýaragyň kemçilikleri aýan bolmazdan öň, ol Müsüriň harbylaryna satylypdy.
 

KHR TEKA 120 zynjyrly minomýotlar

Finlýandiýanyň ýasan bu agyr minomýoty zynjyrly maşynyň tirkewinde ýerleşdirilýär. Ot açyş mümkinçiligi bir minutda on çemesi snarýady atmaga mümkinçilik berýär, soňra bolsa duşmanyň radarlary onuň ýerleşýän ýerini anyklap ýetişmänkä, duran ornuny üýtgedip bilýär.

Leopard 2L sowutly köpri gurujy

Germaniýada öndürilen bu inženerçilik maşyny giňligi 25 metre çenli bolan suw ýollarynyň üstünden köpri gurmaga ukyplydyr. Gijeki görüş enjamlary bolany üçin, iki adam hatda doly garaňkylykda-da, birnäçe minutda geçelgäni gurup bilýär.