Halas ediji awtobus. Hereket edýän medisina topary söweşde ýaralanan Ukrain esgerlerine ilkinji kömegi berýär
Ukrainanyň meýletinçi medisina guramasy bolan «Hassahanalar» lukmançylyk batalýonynyň agzasy, 22 ýaşly Wolodymyr awtobusyň gapysynda dur, bu ýerde ýöriteleşdirilen çalt bejergi bölümi bar. Ukrainanyň gündogary, 2023-nji ýylyň 11-nji apreli.
Ukrainanyň milli reňki bolan günebakar gülleri bilen bezelen bu awtobus bejerişe mätäçlik çekýän agyr ýaralanan esgerleriň kömek merkezine öwrüldi. Uruş barýan ýerde beýle kömek bolmasa mümkin däl.
Ukrainadaky söweşde ýogalan awstriýaly meýletinçiniň hormatyna awtobusa "Awstriýka" ady dakyldy. Ol 6 adamlyk ýörite bejergi bölümi bilen üpjün edilen, gerek bolsa goşmaça ýer düzüp bolýar. Şu wagta çenli olar 600-e golaý adamy söweş zolagyndan çykaryp bildi.
26 ýaşly meýletinçi feldşer Ruslan Bahmutda ýaralanan ukrain esgerine suw berýär.
Ruslan bilen Wolodymyr agyr ýaralanan esgeriň wajyp organlaryny barlamak üçin, mobil programmany ulanýarlar.
Meýletin gullukçylar gijäniň garaňkysynda işleýärler. Olar ýaralanan esgerleri Dniprodaky harby keselhana aşyrmak üçin, owaly ýörite enjamlaşdyrylan awtobusa getirýärler, ýaraly bolanlar ilkinji zerur medisina kömegini alyp bilýärler.
Medisina topary iş wagtynda, owaly bilen ýaraly bolanlaryň ýagdaýyny durnuklaşdyrmaga çalyşýar, soňra ýaralyny kabul etmäge taýýar bolmagy üçin, Dniprodaky keselhana bilen habarlaşýarlar.
Ýaralanan esger keselhana äkidilmegine garaşýar.
"Häzir bizde hereket edýän diňe bir awtobus bar, ol biziň ulanýanymyz. Ýöne biz ýene-de iki awtobus satyn aldyk. Biz olary enjamlaşdyrýarys, ýakyn geljekde olar işe giriziler. Haçan boljagyny takyk aýdyp biljek däl, ýöne bir-iki aýyň içinde ulanyp başlarys öýdýän” diýip, Wolodymyr aýdýar.
Awtobuslardaky tiz kömek medisina hyzmaty Ukrainadaky adamlary göçüriji meýletin toparlarynyň giň ulgamynyň bir bölegi bolup durýar. Bu ulgam meýletinçileriň kiçi toparlary arkaly garymda duran esgerler bilen yzdaky topary, soňra meýdan keselhanalaryny ýa-da iň golaýdaky medisina bölümini hem-de agyr ýaralananlary kabul edýän uly keselhanalary birleşdirýär.
Meýletinçiler hem rus goşunlarynyň zarbasynyň astynda galýarlar.