Rekord derejedäki hasyl. Bütindünýä azyk krizisiniň arasynda, Pakistan üstünlikli orak möwsümi barada habar berýär

Pakistanyň Peşawar şäheriniň etegindäki obada orak möwsümi, pakistanly daýhan bugdaý dessesini başynda göterip barýar. Pakistan, 4-nji maý.

Pakistanda soňky on ýylyň içinde iň ýokary galla hasylynyň alynmagy ykdysady, syýasy we azyk howpsuzlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýurduň hökümetiniň uzak garaşan hoş habarydyr.

Pakistanyň premýer-ministri Şehbaz Şarif 30-njy aprelde sosial ulgamlarda, ýurduň 27,5 million tonna möçberinde, bugdaýdan "rekord hasyl" alnandygyny mälim etdi.

Pakistan häzirki wagtda rekord derejedäki inflýasiýa bilen ýüzbe-ýüz bolup, bar güýji bilen bergisini üzmek möhletinden gaça durmaga çalyşýar. Ýurt geçen ýylyň tomsunda 1379 adamyň ölümine sebäp bolan we 30 milliard dollar zyýan ýetiren silden soňky dikeldiş işlerini şindizem dowam etdirýär.

Dünýä bazarlarynda galla önümleriniň, ösümlik ýagynyň, süýt önümleriniň we beýleki oba hojalyk harytlarynyň bahalary olaryň birwagtlar hasaba alnan ýokary derejelerinden kem-kemden peselýär. Şeýle-de bolsa, köp ýagdaýda dünýä hakyky ýeňillikler henize çenli gelmedi, dükan eýeleri, köçe söwdagärleri we maşgalalar ondan-oňa zordan ýetirinýärler.

Geçen ýylyň fewral aýynda, Russiýa Ukraina çozup girenden soň, azyk önümleriniň bahasy eýýäm gymmatlapdy, sebäbi galla we dökünleriň söwda ulgamlary bozulyp, bahalar has-da ýokarlandy. Ýöne bütindünýä möçberinde bahalaryň ýokarlanmagy birwagt gutardy.

BMG-niň maglumatyna görä, Braziliýa we Russiýa ýaly ýurtlarda hasylyň görülmedik derejede köp bolmagy, şeýle-de Kiýew bilen Moskwanyň arasynda, Gara deňziň üsti bilen galla geçirmäge mümkinçilik berýän gowşak ylalaşyk sebäpli, bütin ýylyň dowamynda azyk önümleriniň bahasy aşaklady.

Azyk bazarlary biri-birine şeýle bir baglanşykly bolansoň, Bütindünýä ösüş merkeziniň Londondaky Ýewropa programmasynyň ekonomisti we egindeş direktory Ýan Mitçell: «dünýäniň niresinde bolsaňyz-da, dünýä bahalarynyň ýokarlanmagynyň täsirini duýarsyňyz" diýýär.

Pakistanyň daýhanlary Peşawaryň etegindäki obada orak möwsüminde döwlen harmanyň hasylyny saýlaýarlar.

Wilson merkeziniň garaşsyz barlag instituty 6-njy martda Pakistanda 77 million adamyň açlykdan ejir çekýändigini, 45 million adamyň bolsa doýa-garna iýip-içmeýändigini habar berdi.

Pakistan bugdaý öndürýän iň ýokary on ýurduň hatarynda bolsa-da, inflýasiýa ýerli walýutanyň – rupyýanyň gymmadyny peseltdi. Bu bolsa gök we kösükli önümleriň, tüwiniň, bugdaýyň bahalaryny rekord derejä getirdi.

Pakistanyň merkezi banky 4-nji aprelde esasy göterimini 100 basgançakdan 21%-e çenli ýokarlandyryp, karz çykdajylaryny 1992-nji ýylda rekord başlangyjyndan bäri iň ýokary derejä ýetirdi. Pakistanyň sarp ediş bahalarynyň inflýasiýasy mart aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, rekord derejede 35,37%-e çenli tizleşip, fewral aýynda 31,5% örtdi diýip, statistika býurosy 1-nji aprelde habar berdi.

Bir işçi Peşawaryň naharhanasynda mätäçlere mugt çörek paýlaýar, 16-njy aprel.

2021-nji ýyldaky Global Açlyk Indeksine görä, Pakistan 107 ýurduň arasynda, 92-nji orny eýeläp, açlygyň "agyr" derejesinde saklanýar. Pakistanyň hökümeti azyk ýetmezçiligini aradan aýyrmak boýunça birnäçe çäreleri gördi; muňa garamazdan, ol henizem agyr problema bolmagynda galýar.