12-nji ýanwarda 'çetine deglen' adamlar taryhy hakykatyň aýdylmagyny isleýär

Hökümet ýatyrsa-da, Gökdepe galasynda ýygnanyp, 12-nji ýanwar güni sadaka edýän adamlar bar. 12-nji ýanwar, 2015.

Rus propagandisti Wladimir Solowýowyň 12-nji ýanwar güni eden gürrüňi Türkmenistanda köp adamyň çetine degdi we, ikinji tarapdan, uly Berdimuhamedow tarapyndan başga güne geçirilen Hatyra gününiň, türkmen halkynyň ahyrynda garaşsyz ýurda eýe bolmagynda uly rol oýnan wakalaryň, hususan-da 145 ýyl mundan ozal bolan söweşiň ýatlanylmagyna sebäp boldy diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Azatlygyň habarçylary 12-nji ýanwarda bellenen Hatyra güni barada dürli ýaşdaky adamlaryň birnäçesi bilen aýratynlykda söhbetdeş boldy.

“Türkmenistanda Hatyra güni başda, ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň karary esasynda, 12-nji ýanwarda, rus basybalyjylaryna garşy söweşen gahrymanlaryň goran galasynyň partladylan gününde bellenýärdi. Soň bu gün 6-njy oktýabra, Aşgabatda 1948-nji ýylda bolan ýer titremesiniň bolan gününe geçirildi” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Hatyra güni iş güni edileli bäri, köp adam işe gidip, ol güni adaty gün ýaly kabul edýär”


Onuň sözlerine görä, adamlar ozallar 12-nji ýanwarda, öz ýakynlarynyň jaýlanan gonamçylyklaryna gidip, ýogalan hossarlarynyň mazarlarynyň üstüni, töwereklerini arassalardy we bu gowy, guramaçylykly bir däbe öwrülipdi.

Azatlygyň ýene bir söhbetdeşi bu aýdylýanlary tassyklady we, “Obanyň erkek adamlary şol gün üýşüp, gonamçylygy arassalamaga giderdiler. Oba ýasaýjylarynyň içinde sylanýan ýaşulular adamlaryň öňüne düşüp, bile gonamçylyklara barardy. Şol gün adamlar gonamçylyklara baryp, şol ýerde aýat okap gaýtmagy adat edinipdiler diýip, söhbetdeşlerimiz Hatyra gününiň 1980-nji ýyllaryň aýagynda, 1990-njy ýyllaryň başynda öz pikirlerini aýtmaga gaýrat tapan adamlaryň tagallalary esasynda bellenip başlanandygyny ýatladylar.

“...Hatyra güni iş güni edileli bäri, köp adam işe gidip, ol güni adaty gün ýaly kabul edýär” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Degişli maglumat Rus propagandisti Solowýowyň Merkezi Aziýa baradaky 'basybalyjy' wagyzy türkmenistanlylarda seslenme döretdi

Anonimlik şertinde gürleşen ýaşuly pedagog 12-nji ýanwarda bellenen Hatyra gününiň ýaşlar üçin, ýetişip gelýän oglan-gyzlar üçin gowy taryhy sapak bolandygyny aýtdy.

“Emma indi, soňky ýaslaryň arasynda Hatyra gününi bilmeýänler hem gaty kän. Ozallar ýylda iki sapar, ýagny 6-njy oktýabrda, 12-nji ýanwarda adamlar pajygaly ýagdaýda ölen merhumlary ýatlap, aýat, töwwir ederdiler. Indi adamlar eklenç ugrunda başagaý, taryhy ýatlaýanlar gaty az.”

Şol bir wagtda, başga bir raýat taryh bilen gyzyklanýan ýaşlaryň hem bardygyny, olaryň basybalyjy goşunlara garşy duran türkmenleriň söweşlerinden habarlydygyny, umumy düşünjeleriniň bardygyny aýtdylar.

“Ýöne olaryň sany gaty az. Adamlar ozal Hatyra gününde türkmen topraklarynyň rus patyşasynyň goşunlary tarapyndan basylyp alnandygy, köp adamyň öldürilendigi, soň Türkmenistanyň Sowet Soýuzynyň hatarynda respublika bolandygy barada gürrüň ederdiler” diýip, mekdepde taryhdan sapak berýän raýat aýtdy.

Onuň sözlerine görä, adamlar ozallar Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow ýaly, türkmen döwletiniň düýbüniň tutulmagy üçin uly işleri eden adamlaryň stalinçilik repressiýalaryň gurbany bolandygy, Nyýazow döwründe bu adamlaryň heýkelleriniň ýykylyp aýrylandygy barada hem gürrüň ederdiler.

Adamlar ozal Hatyra gününde türkmen topraklarynyň rus patyşasynyň goşunlary tarapyndan basylyp alnandygy, köp adamyň öldürilendigi... barada gürrüň ederdiler”


“Kitaplarda, žurnallarda, mediada türkmen topraklarynyň goralyşy, pida bolan adamlaryň anyk sany, hakykat aýdylsa, bezelmän, diňe hakykat gürlenilse dogry bolardy. Mekdep okuwçylaryndan 12-nji ýanwarda näme boldy, bu gün nähili gün diýip soradym, olaryň onusyndan sekizisi bu soraga jogap berip bilmedi” diýip, Azatlygyň başga bir söhbetdeşi hem öz pikirini aýtdy.

Ýatlatsak, Türkmenistanda patyşa Russiýasynyň Merkezi Aziýa sebitine gurnan basybalyjylykly ýörişleriniň çäginde Gökdepe galasynyň synyp, onuň müňlerçe goragçysynyň, şol sanda gala partladylandan soň galanyň içinde galan we guma tarap gaçan asuda adamlaryň wagşylarça öldürilen gününden bäri 145 ýyl geçdi.

Emma bu taryhy gün, ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow döwründe ýurt boýunça resmi ýagdaýda bellenmeli edilen Hatyra güni 2014-nji ýylda, şol wagtky prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan, sebäbi düşündirilmezden ýatyrylyp, pajyganyň bolan gününde däl-de, 1948-nji ýylda bolan Aşgabat ýer titremesinde ýogalanlaryň Matam gününe goşulyp, 6-njy oktýabrda bellenilýär.

Awstriýada ýaşaýan türkmen ýaşulusy, ozalky diplomat Nurtmuhammet Hanamowyň pikirine görä, Hatyra gününiň 12-nji ýanwardan 6-njy oktýabra geçirilmegini köp adam goldamady, ýöne olar 'gorkusyndan dymmaly boldy'.

Şeýle-de, Hanamow ýurtda döredilen ‘çuň gorky atmosfeerasynyň’ adamlary giň ýaýran korrupsiýanyň, işsizligiň öňünde nalajedeýin bir hala salandygyny öňe sürdi we rus propandisti Wladimir Soloýewiň aýdan sözleri bilen baglylykda dörän aladalaryň janynyň bardygyny belledi.

Degişli maglumat Gökdepe pajygasyna 141 ýyl boldy, Aşgabat erkinlik ugrundaky söweşi ýatlamaýar

Onuň pikiriçe, türkmen döwletiniň ýolbaşçylarynyň öz jogapkärçiliklerini unudan meňzeýär we ne halkyň, iş, durmuş şerti bilen gyzyklanýar, ne-de Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuna goşulýan türkmen ýaşlaryna hossar çykýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.