Russiýa Merkezi Aziýadan gyzlary dronlary ýygnamak üçin işe çekýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Orsýet gyzlar üçin ýörite programma arkaly "Alabuga" şäherindäki dron öndürýän desgada gyrgyz zenanlaryny işe alyp başlady. Şeýle mahabatlar Gyrgyzystandaky bilim edaralaryna ýetdi, ýöne käbirleri soňra aýryldy. Azatlygyň habarçysy dalaşgär hökmünde guramaçylar bilen habarlaşdy we programma barada has giňişleýin maglumat almaga synanyşdy.