ABŞ-Eýran dartgynlylygy ýokarlanýar, Tähran duşmançylyk we täze repressiýa ritorikasyny güýçlendirýär

Tähranda hökümete garşy protestler mahalynda ýangyn: Internetiň diýen ýaly doly ýapylmagy bilen, Eýrandan maglumat almak kyn bolmagynda galýar.

ABŞ-Eýran arasyndaky dartgynlylyk ýokary derejede galýar, Tähranyň berk hökümdarlary duşmançylykly ritorikasyny täzeläp, hökümete garşy protestçilere garşy "iň agyr jezalary", şol sanda ölüm jezasyny bermek bilen haýbat atýarlar.

Eýranyň hökümdarlarynyň arasynda öň ortaça pikirli diýlip, köp adam tarapyndan hasaplanan Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian 18-nji ýanwarda ýurduň ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýä hüjüm edilmeginiň "doly derejeli uruş" döretjekdigini duýdurdy.

"Ýurdumyzyň beýik liderine hüjüm etmek Eýran halky bilen doly möçberli uruşa deňdir" diýip, Pezeşkian sosial mediada ýazan habarynda aýtdy.

Degişli maglumat Eýrandaky protestlerde 3 müňden 5 müňe çenli adam öldi

17-nji ýanwarda eden çykyşynda Hameneýi Pezeşkiýanyň soňky demonstrasiýalary basyp ýatyrmakdaky roluny öwdi, şol bir wagtyň özünde protestler mahalynda "birnäçe müň" adamyň öldürilendigini boýun aldy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýran režimini hökümete garşy protestçilere rehimsiz basyş üçin berk tankytlaýan Günbatar liderleriniň arasynda öňe çykdy.

Eýran üçin 'Täze liderlik'

Tramp 17-nji ýanwarda "Politico" žurnalynda çap edilen beýanatynda Hameneýiniň "ýurduň doly dargamagyna we öň görülmedik derejede zorluk ulanylmagyna" günäkärdigini aýtdy we Eýranda "täze liderligi" gözlemek wagtynyň gelendigini aýtdy.

Teokratik hökümete garşy çykyşlar 28-nji dekabrda tutaşdy, demonstrasiýaçylar Eýranyň kynçylyk çekýän ykdysadyýetinden nägile bolup, köçelere çykdylar, soňra bu çykyşlar has giň protestlere öwrüldi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Amid Brutal Repression In Iran, Exiles Abroad Call For Regime Change

Tramp ilki bilen Eýranyň howpsuzlyk güýçleri protestçileri öldürse, Birleşen Ştatlaryň çäre görmek üçin "herekete taýýardygyny" duýdurdy. Soňra ol Eýranyň protestçileri asyp öldürmek plany baradaky habarlar sebäpli "gaty berk çäre" görjekdigi bilen haýbat atdy.

Soňra Tramp Eýranyň 800 adama jezany ýatyrandan soň hüjümi saklaýandygyny aýtdy, emma Tähran bu sany tassyklamady we asyp öldürmek jezasynyň hemişelik ýatyrylandygyny aýtmady.

Degişli maglumat Tramp Eýran ölüm jezalaryny togtatdy diýýär, ýöne harby hereketleriň mümkindigini inkär etmeýär

ABŞ-da ýerleşýän HRANA hukuk guramasy 18-nji ýanwara çenli 3685 protestçiniň ölümini tassyklady, şol bir wagtyň özünde goşmaça 8949 adamyň ölümi henizem gözden geçirilýär. 24 müňden gowrak adam tussag edildi.

Dürli aktiwist toparlary ölenleriň sanyny has ýokary hasaplaýarlar, ýöne internetiň kesilmegi maglumaty barlamak işini kynlaşdyrdy.

'Iň agyr' jeza

Şol bir wagtyň özünde, Eýranyň kazyýet gullugynyň metbugat wekili Asgar Jahangir jezalaryň henizem amala aşyrylyp bilinjekdigini aýtdy.

"Birnäçe hereket mohareb hökmünde kesgitlenildi, bu yslam jezalarynyň iň agyrlarynyň biridir" diýip, ol 18-nji ýanwarda geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

Mohareb, ýagny Hudaýa garşy uruş alyp barmak üçin Eýranyň kanunlaryna görä, ölüm jezasyny göz öňünde tutýar.

Reuters agentliginiň habary esasynda.