ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio 17–22-nji oktýabr aralygynda Özbegistana we Hindistana sapar eder. Samarkantda ol Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň daşary işler ministrleri bilen duşuşar we öz ýany bilen 200-den gowrak amerikan telekeçisinden ybarat toparyny alyp barar. Bu barada Döwlet departamentiniň beýanatynda aýdylýar.
Rubio ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurduny — Türkmenistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany we Özbegistany — birleşdirýän "C5+1" formatyndaky daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar. Taraplar strategik hyzmatdaşlygy we ykdysady ösüşiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti bu sapary taryhy ähmiýetli waka hökmünde häsiýetlendirip, onuň ABŞ bilen sebit ýurtlarynyň arasynda söwda hyzmatdaşlygynyň täze döwrüni açjakdygyny mälim etdi.
Degişli maglumat
Merkezi Aziýanyň ABŞ bilen ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmegi nazarlaýan wagty, Bişkekde B5+1 forumy geçirilýär"Döwlet sekretary Rubio Özbegistanda geçiriljek "C5+1" formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşyga gatnaşar we bu diplomatik platformanyň çägindäki strategiki hyzmatdaşlygyň ABŞ hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary üçin has parahat we gülläp ösýän geljegi nädip kemala getirýändigini nygtar" diýlip beýanatda aýdylýar.
Rubio şeýle hem bäş ýurduň hersiniň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer. Samarkant gepleşiklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Waşingtonyň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlyk etmekde esasy gyzyklanma bildirýän ugurlarynyň arasynda seýrek duş gelýän metallara elýeterliligi gazanmak we Russiýanyň hem-de Hytaýyň sebitdäki täsirini çäklendirmek meseleleri bar. Şol maksada ýetmek üçin Rubio Samarkanda ABŞ-nyň 200 kärhanasynyň wekillerini alyp barýar.
Sebit ýurtlary üçin ABŞ bilen hyzmatdaşlyk goňşy döwletleriň täsirini deňagramlaşdyrmaga we günbatar tehnologiýalaryna elýeterliligi giňeltmäge mümkinçilik berýär.
Sentýabr aýynyň ahyrynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Merkezi Aziýa boýunça resminiň orunbasary Mark Kameron hem amerikan kompaniýalaryny sebite maýa goýmaga çagyrypdy. Onuň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýa sanly infrastruktura we emeli aň tehnologiýalary üçin möhüm merkeze öwrülip biler.
ABŞ-ny we Merkezi Aziýanyň bäş döwletini özünde jemleýän "C5+1" formaty 2015-nji ýylda işe girizildi. Ilkinji duşuşyk daşary işler ministrleri derejesinde geçirilip, oňa şol wagtky ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri gatnaşypdy. Bu format Waşington bilen sebit arasyndaky ýokary derejeli gatnaşyklar üçin esasy platforma öwrüldi.
Geçen ýylyň noýabrynda "C5+1" duşuşygy Waşingtonda boldy. Ol ilkinji gezek has ýokary derejede geçirilip, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşdy. Bu duşuşyk sebit bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklarda "täze döwrüň" başlanandygyny alamatlandyrdy.
Degişli maglumat
Türkmenistan we ABŞ energiýa hem-de howpsuzlyk meselelerini maslahat etdilerSamarkantdan soň ABŞ-nyň döwlet sekretary Mumbaýa we Jamnagara barar. Ol ýerde hindi resmileri we telekeçileri bilen energiýa hyzmatdaşlygyny hem-de strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşar.
Bu saparyň ABŞ bilen Hindistanyň arasyndaky söwda gepleşikleriniň kynlaşan döwrüne gabat gelýändigi bellenýär. Şeýle hem Hindistan Russiýanyň nebitini satyn alýan ýurtlara ABŞ tarapyndan 100 göterim gümrük paçlarynyň girizilmegine mümkinçilik berýän kanunçylykdan alada bildirýär.
'C5+1': Format nähili başlady we ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklar nähili ösdi
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.