ABŞ-nyň prezidenti türkmen liderini Nowruz baýramy bilen gutlady

ABŞ-nyň we Türkmenistanyň baýdaklary. Bezeg suraty

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi diýip, türkmen metbugaty 30-njy martda habar berdi.

“Nowruz baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn” diýip, Donald Tramp türkmen kärdeşine iberen gutlag hatynda aýtdy.

“Nowruz baýramy, amerikan topragynda bolşy ýaly, bütin dünýäde hem parahatçylygyň dabaralanmagyny alamatlandyrýar” diýip, amerikan lideri 2026-njy ýylyň köp sanly asylly işlere baý bolmagyny dileg edýändigini hem sözüne goşdy.

Degişli maglumat

Türkmenistan, ABŞ ýene hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy