'ABŞ sebitde has möhüm oýunça öwrülip biler'. Öňki ilçi Daniel Rozenblum bilen söhbetdeşlik

ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio 18-nji oktýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri bilen duşuşyk üçin Samarkanda bardy. Bu sapar Waşingtonyň diplomatik hyzmatdaşlygyny dürli pudaklardaky amaly gatnaşyklara öwürmek üçin edýän tagallasy hökmünde kabul edilýär.

Näme üçin adam hukuklary meselesi ABŞ-nyň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygynyň gün tertibinden çykarylyp, onuň ornuny pragmatizm eýeledi — we bu ýörelge näçe wagt dowam eder? Russiýanyň berk ornaşan, Hytaýyň bolsa öz täsirini giňeldýän sebitinde Waşington nähili rol oýnar? ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň "C5+1" duşuşygy üçin Samarkanda saparynyň öňüsyrasynda Azatlyk Radiosy bu soraglary amerikan diplomaty, ABŞ-nyň Daşkentdäki we Astanadaky öňki ilçisi Daniel Rozenbluma berdi.

AÝ/AR: Siz bu sebiti gowy bilýärsiňiz we ABŞ-nyň bu ýerdäki diplomatik işlerine köp wagtlap gatnaşyp gelýärsiňiz. Döwlet sekretary Rubionyň we 200 sany amerikan işewür wekilinden ybarat resmi toparynyň gatnaşmagynda amala aşyryljak saparyň öňüsyrasynda, häzirki ýagdaýa nähili baha berýärsiňiz? Häzirki ýagdaý öňki synlanlaryňyzdan näme bilen tapawutlanýar?

Daniel Rozenblum — pensiýa çykan amerikan diplomaty. Ol 2014-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli Döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisiniň orunbasary wezipesinde işledi. Soňra, 2019-njy ýyldan 2022-nji ýyla çenli ABŞ-nyň Özbegistandaky, 2022-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli bolsa Gazagystandaky ilçisi wezipelerinde işledi. Ol ABŞ-nyň daşary syýasat ulgamynda jemi 28 ýyl zähmet çekdi; onuň işi esasan Merkezi Aziýa we post-soýet giňişligine gönükdirilipdi.

Daniel Rozenblum: Ilki bilen belläp geçeýin, bu adaty bolmadyk format; döwlet sekretarynyň sebite saparynyň şeýle uly möçberli işewürler topary bilen amala aşyrylmagy we şeýle ýagdaýyň öň bolmagy ýadyma düşenok. Elbetde, öňler hem köp sanly işewürlik saparlary bolupdy. 2019-njy ýylda Daşkende baranymdan bir aý soň, ABŞ-nyň Söwda ministrligi tarapyndan goldanýan we maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmek üçin kompaniýa wekillerini öz içine alýan, şeýle-de "tassyklanan söwda missiýasy" diýlip atlandyrylan topar gelipdi. Şeýle saparlar adaty ýagdaýdy. Gazagystanda işlän döwrümde hem şeýle missiýalar bolupdy. Emma olaryň döwlet sekretarynyň sapary bilen gönüden-göni baglanyşykly bolmagy ýadymda ýok — ýöne ýalňyşýan bolmagym hem mümkin. Her niçigem bolsa, bu adaty bolmadyk ýagdaý. Meniň pikirimçe, bu oňyn ösüş bolup, täze üstünliklere, meselem, şertnamalaryň baglaşylmagyna, maýa goýumlaryň çekilmegine we ş.m. ýol açyp biler.

ABŞ-nyň Gazagystandaky we Özbegistandaky öňki ilçisi Daniel Rozenblum.

Şuny bellemek gerek: Merkezi Aziýa maýa goýmak bilen baglanyşykly hakykatlar, döwlet sekretarynyň ilkinji gatnaşyklary ýola goýmaga kömek etmek üçin gatnaşýandygyna ýa-da gatnaşmaýandygyna garamazdan, üýtgewsiz galýar. Ýeňip geçilmeli päsgelçilikler henizem bar. Maýa goýum gurşawy, elbetde, ýurtlara görä tapawutlanýar — käbirleri beýlekilerine garanyňda işewürlige has açykdyr. Mundan başga-da, geografik taýdan uzaklyk, logistika, maliýeleşdiriş meseleleri we ygtybarly hyzmatdaş gözlemek ýaly kynçylyklar hemişe bar bolan meselelerdir. Bu faktorlaryň hemmesi saklanyp galýar.

Bu saparyň nähili netije berjekdigini görmek gyzykly bolar. Täze şertnamalaryň näçe sanysynyň baglaşylandygyny anyklamak üçin wagt gerek bolar. Eger birden uly ösüş — meselem, sebitde iş alyp barýan amerikan kompaniýalarynyň sanynyň häzirki dereje bilen deňeşdirilende on esse artmagy ýaly ýagdaý — ýüze çyksa, men geň galardym; bu mümkin däl ýaly görünýär. Şeýle-de bolsa, bu elementleri özara baglanyşdyrmak asla erbet zat däl, gaýtam, bu oňyn ädimdir.

AÝ/AR: "C5+1" formaty işewürlik we ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegine ýardam berýärmi ýa-da bu diňe syýasy, has takygy, diplomatik bir gurluşmy?

Daniel Rosenblum: Ykdysady ugur "C5+1" formatynyň başyndan bäri onuň bir bölegi bolup durýar. 2015-nji ýylda bu platformany işe girizenimizde, ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin üç sany komitet döretdik: biri howpsuzlyk we terrorçylyga garşy göreş meselelerine; ikinjisi daşky gurşaw we energetika meselelerine (sebäbi bular biri-biri bilen berk baglanyşykly); üçünjisi bolsa ykdysadyýet, söwda we maýa goýum meselelerine gönükdirildi. Şeýlelik bilen, bu gepleşikleriň başyndan bäri onuň bir bölegi bolup gelýär. Birnäçe ýyl ozal — Donald Trampyň administrasiýasyndan öň we Jo Baýdeniň administrasiýasy döwründe — "B5+1" mehanizmi döredildi (bu ýerdäki "B" harpy "business" — ýagny işewürlik manysyny aňladýar).

Bu, ABŞ-nyň we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň işewür toparlarynyň wekilleriniň söwda we maýa goýumdaky päsgelçilikleri, şeýle hem olary ýeňip geçmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşýan, özboluşly parallel gurluşdyr. Ol, ýalňyşmaýan bolsam, 2022-nji ýa-da 2023-nji ýylda başlandy we şondan bäri yzygiderli tejribe hökmünde dowam edýär.

Degişli maglumat

Rubio Merkezi Aziýa barýar, ABŞ maýa goýum ýatyrmagy we terrorçylyga garşy göreşi güýçlendirmegi meýilleşdirýär

Trampyň administrasiýasy bu formaty goldamagy we ösdürmegi dowam etdirdi. Şonuň üçin ol "C5+1" çarçuwasynyň aýrylmaz bir bölegidir. Meniň pikirimçe, hususy pudagyň wekilleriniň özara gönüden-göni aragatnaşyk saklap biljek goşmaça meýdançasynyň bolmagy oňyn ýagdaýdyr. Eger ähli maslahatlar diňe hökümet derejesinde geçirilse, onda hemmeleriň gazanmaga çalyşýan netijelerine ýetmek mümkin bolmaz.

Adam hukuklary meselesi näme üçin gün tertibinden çykaryldy we bu uzak möhletleýin bir ýörelgemi?

AÝ/AR: Belläp geçişiňiz ýaly, biz belki-de ilkinji gezek amerikan diplomatiýasy bilen işewürlik bähbitleriniň arasynda şeýle ýakyn utgaşmanyň şaýady bolýarys. Köp adam häzirki wagtda Trampyň administrasiýasy üçin işewürligiň esasy ileri tutulýan ugurdygyny öňe sürýärler. Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-nyň sebit bilen gatnaşyklaryndaky adaty ugurlar — adam hukuklary, demokratiýa, reformalar we açyk bazarlaryň ösdürilmegi ýaly meseleler ikinji plana geçýän ýaly görünýär. Işewürlik gatnaşyklaryna berilýän bu üns sebitiň ABŞ-a has ýakynlaşmagyna kömek edip bilermi, ýa-da munda nähilidir bir howplar ýa-da kynçylyklar barmy?

Daniel Rosenblum: Bu örän gowy sorag. Bu, geçmişde daşary syýasatymyzda we hyzmatdaşlygymyzda deňagramlylygy döretmek usulymyzdan düýpli tapawutlanýar. Görşüňiz ýaly, gatnaşyklarymyzda hemişe belli bir barlyşyk bardy: bir tarapdan ösüş meseleleri — şol sanda demokratiýa, bazar ykdysadyýeti reformalary, adam hukuklary we esasy azatlyklaryň goralmagy — beýleki tarapdan bolsa, howpsuzlyk bähbitlerimiz durýardy. Bu diňe ykdysadyýet bilen baglanyşykly däl; howpsuzlyk tarapy hemişe bardy — bu Owganystandaky uruş, terrorçylykly toparlara garşy göreş ýa-da transnasional jenaýatçylyga garşy göreş bolsun — bularyň hemmesi gatnaşyklarymyzyň bir bölegi boldy. Ykdysady bähbitler hem başga bir düzümi emele getirýärdi we biz hemişe şu üç elementiň arasynda deňagramlylygy saklamalydyk. Olaryň her birine deň derejede ähmiýet bermek mümkin däl; käwagt has möhüm milli bähbitler üçin belli bir ugurda barlyşyga gelmeli bolýar. Men bu sebit bilen işleşip başlan döwrümden bäri — ýagny 1990-njy ýyllaryň başynda bu ýurtlar garaşsyzlygyny gazananlaryndan bäri — Merkezi Aziýa boýunça syýasatymyz hut şeýle gurlupdy. Emma häzirki hökümet bu çemeleşmeden düýpli daşlaşdy. Meniň düşünşüme görä, demokratiýa we adam hukuklary meseleleri diňe bir ikinji plana geçmän, eýsem, gün tertibinden düýpden ýitip gitdi. Belki-de, meniň habarym bolmadyk, ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýän gepleşikler bardyr, ýöne bu meselelere üns berilýändigini görkezýän hiç hili alamat ýok.

Käbir adamlar — şol sanda Merkezi Aziýadaky käbir adamlar — munuň gatnaşyklara peýda getirýändigine, dialogy ýeňilleşdirýändigine we meselem, işewürlik ylalaşyklaryny ara alyp maslahatlaşanyňda, göni esasy meselelere geçmäge mümkinçilik berýändigine ynanýarlar. Elbetde, bu özara gatnaşyklary ýönekeýleşdirýär. Emma, eger bu düzüm aýrylsa, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýakyn gatnaşyklary uzak möhletleýin saklap boljagyna ynanmaýaryn. Men muny Merkezi Aziýa döwletleri adam hukuklary meselelerine üns bermeýärler ýa-da olary ara alyp maslahatlaşmaýarlar diýip aýtmaýaryn — aslynda, olar bu meselelere seredýän bolmagy mümkin. Hatda olar bu temanyň gün tertibinde ýokdugyna begenýän hem bolup bilerler. Elbetde, men ýalňyşýan bolmagym mümkin; men diňe öz seljermelerimi hödürleýärin. ABŞ-nyň daşary syýasatynyň bu elementiniň geljekde-de dowam etjekdigine ynanýaryn. Ol ýitip gitmez. Bu kanunçylykda berkidilendir, mysal üçin, adam hukuklarynyň ýagdaýy barada ýyllyk hasabatlary taýýarlamak talaplary we şonuň bilen baglanyşykly sanksiýa mehanizmleri arkaly amala aşyrylýar. Bu, biziň halkara gatnaşyklarymyzy ugrukdyrýan ulgamyň bir bölegidir; bir tarapdan, bu biziň däbimizdir. Hatda muny biziň DNK-myzyň — amerikan DNK-synyň bir bölegi diýip hem aýdyp bilerin. Beýleki ýurtlar köplenç muny duýgur kabul edip, biziň olara "akyl öwredýändigimizi" ýa-da "terbiýe berýändigimizi" pikir edýärler. Emma bu hökman "ahlak dersini bermek" hökmünde kabul edilmeli däldir — azyndan, men oňa şeýle garamaýaryn. Meniň pikirimçe, bu biziň millet hökmünde kimdigimiziň aýrylmaz bölegidir.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri bilen öňki söhbetdeşliklerimde, men hemişe demokratiýany gurmakda 250 ýyllyk tejribämiziň bardygyny — bu ýoluň hem kynçylyklar, hem-de ýalňyşlyklar bilen utgaşandygyny nygtaýardym. Biz şol tejribelerden sapak aldyk we indi başgalara demokratiýa barýan ýollarynda kömek etmek üçin, toplan tejribämizi paýlaşyp bileris. Her bir ýurduň islendik wagtda hakykatdanam demokratiýa tarap hereket edýändigi barada jedelleşip bolar, emma hakykat şudur: bu mesele biziň özara gepleşiklerimiziň bir bölegidir. Ol geçmişde-de şeýle bolupdy we geljekde-de şeýle bolup galjakdygyna ynanýaryn. Şonuň üçin, häzirki wagtda köp adamlaryň bu "çylşyrymlaşdyryjy faktoryň" ýoklugyndan hoşal görünýän döwri — öz özüňi aldamakdyr. Men bu meseläniň ýene-de gün tertibine dolanyp geljekdigine ynanýaryn. Şeýle-de, ýene bir bellik: ABŞ-nyň howpsuzlyk, biznes we ykdysadyýet ugurlaryndaky bähbitlerini öňe sürmek bilen bir hatarda, demokratiýa we adam hukuklary meselelerini hem ara alyp maslahatlaşmagyň doly mümkindigine ynanýaryn. Meniň pikirimçe, bu "ýa ol, ýa bu" diýen ýaly gapma-garşylyk ýa-da "biriniň utuşy beýlekiniň ýitgisi" bolan oýun däldir. Bu ýerde deňagramlylygy saklamak we bu meseläni gatnaşyklarymyzyň aýrylmaz bölegine öwürmek mümkindir.

"C5+1" sammitiniň geçirilen gününde, Ak Tamda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda guralan agşamlyk nahary. Waşington, 2025-nji ýylyň 6-njy noýabry.

AÝ/AR: Häzirki administrasiýanyň sebitdäki gyzyklanmasy, esasan, Merkezi Aziýanyň iň uly we köp ilatly iki ýurduna — Özbegistan bilen Gazagystana gönükdirilen ýaly görünýär. Mundan başga-da, prezident Tramp bilen Özbegistanyň we Gazagystanyň liderleriniň arasynda ýakyn şahsy gatnaşyklar bar, olaryň ikisi hem Tramp tarapyndan döredilen "Parahatçylyk geňeşi" atly başlangyjyň agzalarydyr. Prezident Tramp olara görnükli liderler hökmünde baha berdi. Şeýle şahsy gatnaşyklaryň işewürlik aragatnaşyklarynyň ösmegine ýardam berip biljekdigi ähtimal. Siziň pikiriňizçe, berk institusional goldaw bolmadyk ýagdaýynda durnukly çemeleşmäni amala aşyryp bolarmy? Sebitiň liderleri bilen gowy şahsy gatnaşyklaryň bolmagy, elbetde, oňyn ýagdaý bolsa-da, muny uzak möhletleýin saklap bolarmy?

Daniel Rosenblum: Açyk we ýönekeý aýtsam, munuň uzak möhletleýin durnukly bolup biljekdigine ynanmaýaryn. Men, elbetde, amerikan kompaniýalary bilen sebitdäki ýurtlaryň — Gazagystanyň, Özbegistanyň we beýlekileriň — arasynda täze ylalaşyklaryň baglaşylmagyna garşy däl. Tersine, men sebitde işlän döwrümde — takmynan 12 ýyllap, şol sanda 2014-nji ýyldan bäri işjeň suratda hut şu maksada ýetmek üçin köp tagalla etdim. Biz şeýle ylalaşyklary gazanmak üçin örän köp wagt we güýç sarp etdik.

Häzirki wagtda örän möhüm bolan bir mysaly getireýin: bu amerikan dag-magdan kompaniýasy "Cove Capital" baradadyr. Ol ýakynda Gazagystanyň hökümeti bilen wolfram känine degişli ylalaşyk baglaşyp, habarlarda orun aldy, bu ylalaşyk barada geçen ýylyň noýabr aýynda, prezident Tokaýewiň sapary wagtynda yglan edilipdi. Has irräk, meniň ilçilik wezipesinde işlän döwrümde, biz "Cove Capital" kompaniýasyna Gazagystanyň bazaryna girmäge kömek etdik. Kompaniýa möhüm mineral serişdeleri gözlemek bilen meşgullanmak isledi, munuň üçin bolsa degişli edaradan Senagat ministrliginden ygtyýarnama talap edilýärdi. Biziň goldawymyzyň netijesinde, ilki başda ret edilendigine garamazdan, "Cove Capital" kompaniýasyna zerur ygtyýarnamalar berildi. Bu bolsa kompaniýa bazarda öz işine başlamaga mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, men ol ýerde işleýän wagtym, kompaniýa wolfram känine degişli taslamany öwrenip başlady. Olar bu taslama uly gyzyklanma bildirdiler we biz bu babatda hem kömek etdik. Men ol ýerden gidip, administrasiýa çalşylandan soň, bu gepleşikler anyk ylalaşyga öwrüldi. Elbetde, belläp geçişim ýaly, bularyň hemmesi Trampyň administrasiýasy häkimiýete gelmezden ep-esli wagt öň bolup geçdi. Yglan edilen ylalaşyk ep-esli möçberde bolup, meniň pikirimçe, takmynan 1,6 milliard dollary öz içine alýar. ABŞ-nyň ykdysady bähbitleri nukdaýnazaryndan, bu gaty gowy ýagdaý. Şeýle hem bu, Hytaýy goşmak bilen, sebitdäki hyzmatdaşlaryna aşa garaşly bolup galmakdan howatyrlanýan Gazagystan üçin hem bähbitlidir. Gazagystan hytaý maýa goýumlarynyň gelmegini goldasa-da, Hytaýyň öz dag-magdan pudagyna doly gözegçilik etmegini islemeýär. Şonuň üçin Gazagystan amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagyny isleýär, bu özara bähbitli ylalaşykdyr.

Emma birnäçe aý mundan ozal prezident Trampyň iki ogluna Erige we Donald Kiçä degişli kompaniýanyň bu taslamada gytaklaýyn, ýöne uly paýynyň bardygy barada maglumatlar peýda boldy, muny köp adam metbugatda okandyr. Aslynda, bu "Cove Capital" kompaniýasynyň Gazagystanda bilelikdäki kärhanasynyň bir bölegi bolan holding kompaniýasyna goýlan passiw maýa goýumdyr. Ylalaşygyň jikme-jikliklerine üns bilen seredilse, hiç hili kanunsuz hereketiň bolmandygy ähtimal. Şeýle-de bolsa, bu ýerde bähbitleriň çaknyşygynyň aýdyň alamatlary bar. Meniň pikirimçe, bu ýagdaý Gazagystan hökümetini, esasanam 2029-njy ýylda täze administrasiýanyň işe başlajakdygy göz öňünde tutulanda, aladalandyrmalydyr. Mundan başga-da, birnäçe hepdeden geçiriljek aralyk saýlawlardan soň Kongresiň düzümi üýtgeýän bolmagy mümkin — demokratlaryň köplügi gazanmagy ähtimal, bu bolsa korrupsiýa bilen baglanyşykly derňewleriň başlanmagyna getirip biler. Bu ylalaşygyň jikme-jik barlanmagy gaty ähtimal. Hatda hiç hili hukuk ýa-da ahlak bozulmalary bolmasa-da, bu ýagdaýyň özi jemgyýetçilikde ýaramaz keşbi döredýär; Gazagystan islese-de, islemese-de, bu ýagdaý hökman ýurduň özüne täsir eder. Uzak möhletleýin geljekde, bu hem Gazagystan, hem-de onuň ABŞ bilen gatnaşyklary üçin oňyn netije bermez. Bularyň hemmesi, prezidentiň, onuň maşgalasynyň we ýakyn töweregindäkileriň esasy orny eýeleýän, ýagny gatnaşyklaryň aşa şahsy häsiýete eýe bolan çemeleşmesine degişli töwekgelçilikleri görkezýär. Biz bu töwekgelçilikleriň hut gözümiziň öňünde ýüze çykýandygyny görüp bilýäris.

Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky sebit we ABŞ-nyň orny

AÝ/AR: Giňişleýin geopolitiki ýagdaýa we Russiýanyň rolyna geçsek... Russiýanyň sebitdäki täsiriniň nä derejede gowşandygyny anyk aýtmak kyn, ýöne onuň ozalkysy ýaly uly ähmiýete eýe däldigine ynanmaga esaslar bar. ABŞ Russiýanyň täsiriniň gowşamagy netijesinde emele gelen boşluklary dolduryp, howpsuzlyk, energetika we logistika — şol sanda "Orta geçelge" we beýleki ulag ugurlary ýaly ugurlarda öz işjeňligini artdyryp bilermi? Ýa-da sebitiň gaty uzakda ýerleşýändigi, şeýle hem köp sanly syýasy, medeni we dil päsgelçilikleri sebäpli, ABŞ-nyň bu ýerde uzak möhletleýin bolmagy mümkin dälmi?

Daniel Rosenblum: Bu, meniň wezipe ýolumda köp gezek oýlanan meselelerimden biridir. Men köp wagtdan bäri Merkezi Aziýa bilen gyzyklanýaryn we bu sebit üçin köp tagalla etdim. Men hökümet derejesinde-de, köpçüligiň öňünde-de, ABŞ-nyň bu sebite has köp üns bermegini we bu ýerde has işjeň hereket etmegini hemişe goldap geldim. Bir tarapdan, bu mesele meniň üçin şahsy ähmiýete hem eýe. Russiýanyň häzirki wagtda başga kynçylyklar bilen meşgullanýandygy we Ukrainada başlan urşy sebäpli serişdeleriniň ep-esli azalyp, çäklendirilendigi aýdyňdyr.

Şeýle-de bolsa, sebitdäki 30-35 ýyllyk tejribäme daýanyp, ABŞ-nyň bu ýerde möhüm, hatda esasy oýunçylardan birine öwrülmek ähtimallygyna baha berlende köp zada garaşman, muňa real garamagy maslahat bererdim. Ýyllaryň dowamynda meniň öz garaýşym hem has realistik boldy. ABŞ-nyň sebitdäki işjeňligini çäklendirýän, siziň agzan ähli faktorlaryňyz hakykatdanam bar.

Degişli maglumat

Merkezi Aziýa üçin Jekson-Wenik düzedişini ýatyrmak ençeme ýyl bäri ara alnyp maslahatlaşylsa-da, näme üçin ol henizem güýjünde?

Aslynda, sebit gaty uzakda ýerleşýär. Biz amerikan maýa goýumlarynyň, söwda ylalaşyklarynyň we şoňa meňzeş zatlaryň artdyrylmagy barada gürleşdik, şeýle mümkinçilikler bar bolsa-da, olar uzak aralyk sebäpli tebigy taýdan çäklidir. Bu ýerde logistika we üpjünçilik zynjyrlary örän çylşyrymlydyr. Amerikan kompaniýalarynyň başga-da köp mümkinçilikleri bar — olar ýa öz ýurtlaryna has ýakyn ýerlerde, ýa-da has ösen bazarlarda bolup biler. Şonuň üçin, bu sebit ünsi, maliýe serişdelerini we ş.m. gazanmak üçin bäsleşmeli bolýar. ABŞ-nyň daşary syýasaty barada aýdylanda, Trampyň administrasiýasy sebite öňküden has köp üns berýär we ýokary derejeli duşuşyklaryň sany hem artdy. Şeýle-de bolsa, gatnaşyklaryň şeýle ýokary derejesiniň uzak möhletleýin dowam etdirilip bilinjekdigine ynanmaýaryn. Munuň mümkin bolmagyny isleýärin, men ýalňyşýan bolmagym mümkin, ýöne mende şübheler bar; ahyrynda, sebit ABŞ üçin ikinji derejeli ähmiýete eýe bolmagynda galar.

Şonuň üçin, ABŞ-nyň artykmaçlyga eýe bolan ugurlara, ýagny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň biziň gatnaşmagymyzy hakykatdanam goldaýan we gymmatly hasaplaýan ugurlaryna ünsi jemlemegi teklip edýärin. Şeýle ugurlar, elbetde, bar. Biz şol ugurlara ünsi çekip, özümizi alternatiwa, ýagny Merkezi Aziýa ýurtlaryna uly goňşularyna bolan garaşlylygyny azaltmaga, has garaşsyz hereket etmäge we hakyky özygtyýarly döwletlere öwrülmäge kömek edip biljek goşmaça bir mümkinçilik hökmünde görkezmelidiris. Biz munda howpsuzlyk, ykdysadyýet ýa-da halkara gatnaşyklary babatda — öz goşandymyzy goşup bileris. ABŞ-nyň hödürläp biljek köp zady bar we ol häzirki wagtdakydan has möhüm oýunça öwrülip biler. Şeýle-de bolsa, meniň pikirimçe, biz bu ýerde hiç haçan esasy oýunçy bolmarys. Hakykaty göz öňünde tutup muňa baha bermedir.

AÝ/AR: Bu ýerde şeýle sorag ýüze çykýar: bu sebitiň doly derejede Hytaýa — onuň maýasyna we ähli ykdysady pudaklardaky täsirine berlendigini aňladýarmy? Mundan başga-da, sebitdäki ýurtlar soňky döwürde Hytaýyň harby tehnikalaryny has ýygy-ýygydan satyn alyp başladylar. Netijede, öň esasan Russiýa bil baglan howpsuzlyk ulgamy indi Hytaýa tarap gönükdirilýär. Biz Hytaýyň ähli ugurlarda bardygyny görýäris. Bu "oýnuň utulandygynyň" we sebitiň doly derejede Pekiniň gözegçiligine geçmeginiň manysyny berýärmi?

Daniel Rosenblum: Ýok, men oýnuň utulandygyna ynanmaýaryn — eger muny umuman "oýun" diýip atlandyryp bolýan bolsa. Elbetde, köplenç ýagdaý şeýle suratlandyrylýar we belli bir derejede bu dogry, sebäbi köp adamlar, şol sanda sebitiň özündäki adamlar hem ýagdaýa hut şeýle garaýarlar. Ýöne ýagdaý hökman şeýle bolmaly däl. Realistik çemeleşme we ortaça garaşmalar baradaky pikirime gaýdyp gelsek: men sebitde işlän döwrümde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň goňşulary bilen gowy, dostlukly we netijeli gatnaşyklara mätäçdigini hemişe öňe sürýärdim. Olar Orsýete, Hytaýa ýa-da hatda Eýrana duşmançylykly garalmagyna asla ýol berip bilmeýärler. Olaryň Eýran bilen hem konstruktiw gatnaşyklara mätäç bolmagynyň özüne çekiji sebäpleri bar. Birleşen Ştatlar muny kabul etmeli.

Emma bu, biziň iki ugurly çemeleşmäni ulanyp bilmejekdigimizi aňlatmaýar. Birinjiden, belläp geçişim ýaly, biz özümizi beýleki ähli taraplardan has amatly hyzmatdaş hökmünde görkezip biljek aýratyn ugurlary kesgitläp bileris. Tehnologiýa şeýle ugurlaryň biridir. Gazagystanda bolamda, ol ýerdäki hökümet biziň bilen IT, emeli intellekt we beýleki öňdebaryjy pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýärdi. Olar ABŞ-nyň bu ugurlarda öňdebaryjy orunda durýandygyna we köp wagtlap (belki-de hemişelik, kim bilýär?) şeýle bolup galjakdygyna düşünýärdiler. Ýalňyşýan bolmagym mümkin, ýöne mende şeýle pikir döredi. Şonuň üçin olar biziň gatnaşmagymyzy islediler. Mundan başga-da, bu olara deňagramlylygy saklamaga we Hytaýa aşa garaşly bolmazlyk üçin howpsuzlyk çäresi (strategiýasy) hökmünde hyzmat edýär. Başgaça aýdylanda, Hytaý öz täsirini giňeldýän bolsa-da, biziň möhüm rol oýnamagy dowam edip biljek ugurlarymyz bar.

Başga bir mysal bolsa iňlis dilidir. Gazagystanda, Özbegistanda we tutuş sebitde iňlis dilini öwrenmäge bolan çuňňur we hakyky isleg bar. Hytaý dili hem kem-kemden orun tapýar — munuň subutnamasy hökmünde talyplaryň Hytaý uniwersitetlerinde okamaklary üçin berilýän stipendiýalaryň sanynyň artýandygyny görkezmek bolar — ýöne bu, iňlis diline bolan gyzyklanma bilen deňeşdirilende, ummanda bir damja ýalydyr. ABŞ hökümeti bolsa, sebitde iňlis dilini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmaga öz goşandyny goşdy. Iňlis dilini bilmek biziň üçin bäsdeşlik artykmaçlygydyr we biz muny dürli ýollar bilen peýdalanyp bileris.

Degişli maglumat

'ABŞ-nyň sebitden gitmek niýeti ýok'. Rubio näme üçin Merkezi Aziýa barýar?

Hytaý bilen gatnaşyklarymyz barada aýdylanda, belläp geçmeli ýene bir zat, Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlarymyz bilen gepleşikler geçirip, olary Hytaýa aşa garaşly bolmagyň töwekgelçilikleri barada duýdurmak mümkinçiligidir. Meniň ol ýerde işlän döwrümde-de, belli bir derejede, biz eýýäm şeýle işleri edýärdik. Elbetde, biz olary Hytaý bilen söwdany bes etmäge ýa-da gowy gatnaşyklardan ýüz öwürmäge çagyrmaýarys — bu hakykatdan daşdaky pikir bolardy; şeýle gatnaşyklaryň ösmeginiň dowam etdiriljeginiň hakykatyny kabul etmeli bolýarys. Biz diňe Hytaýyň IT tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy babatda seresap bolmagy maslahat berýäris: Hytaý maglumatlary ýygnaýar, gözegçilik amala aşyrýar we uzak möhletli howp döredip biljek başga-da dürli işleri alyp barýar. Öz howpsuzlygyňyza, şol sanda kiberhowpsuzlyga üns bermelisiňiz.

Şeýle hem, karz garaşlylygy meselesi bar: birnäçe ýurtda döwletleriň Hytaýa bolan bergileriniň aşa köpelmegi bilen bagly howply ýagdaý emele geldi. Bu bolsa olary Pekiniň basyşyna garşy ejiz ýagdaýa salýar. Bu ugurda biz hem şeýle töwekgelçiliklere ünsi çekmek arkaly öz goşandymyzy goşup bileris. Meniň pikirimçe, bu çäreler Amerikanyň Birleşen Ştatlary üçin doly amala aşyryp boljak zatlardyr. Şeýle-de bolsa, Hytaý öz işjeňligini dowam etdirer we sebitdäki gatnaşyklaryny giňelder — bu biziň kabul etmeli hakykatymyzdyr.

'Biz özümize hakyky maksatlary goýmaly'

AÝ/AR: Ýatlamalaryňyzda siz esasy maksadyň “hiç hili ‘pluslar’ ýa-da ‘minuslar’ bolmadyk, has güýçli ‘C5’ formaty” bolmaly diýip, ýazypdyňyz. Emma hakykatda, bu “pluslaryň” sany diňe artdy. Şeýle formatlaryň sanynyň artmagyny göz öňünde tutup, häzirki wagtda sebitdäki ýagdaýa nähili baha berýärsiňiz?

Daniel Rosenblum: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň bu “C5+” formatlaryna sarp edýän wagty we ünsi meni haýran galdyrýar, hatda geň galdyrýar diýsem bolar, olaryň muňa nähili ýetişýändikleri bolsa düşnüksiz. Munuň hötdesinden nähili gelýändiklerini bilmeýärin. Men sebitden gaýdan wagtym, takmynan 13 sany dürli “C5+” formaty bardy. Ilki Ýaponiýa we Günorta Koreýa başlady, soňra ABŞ goşuldy. Elbetde, Russiýa, Hytaý we Ýewropa Bileleşigi hem öz şeýle formatlaryny döretdiler. Emma häzirki wagtda Italiýa we Germaniýa ýaly aýry-aýry ýewropa ýurtlarynyň hem öz formatlary bar, Hindistanyň hem şeýle formaty bar öýdýärin. Bu sanawy dowam etdirip otursaň, soňy görünmez. Häzirki wagtda “C5+” formatlarynyň sany ýyldaky aýlaryň sanyndan hem köp — diýmek, her aýda bir duşuşyk geçirilende-de, olaryň ählisini bir ýylyň dowamynda geçirip bolmazdy. Gysgaça aýtsak, bularyň ählisini dolandyrmaly bolýan Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrliklerine hiç kim göriplik etmezdi.

Men öň belläp geçişim ýaly, hiç hili "plus" ýa-da "minus" goşundylary bolmadyk, diňe "C5" görnüşindäki formatyň özi ösýär, giňelýär we kem-kemden has-da bitewi bir gurluşa öwrülýär diýip, ynanýaryn.

Daşardan synlaýanlar üçin muny görmek kyn bolup biler, sebäbi sebitdäki ýurtlar entek "C5" gurluşyny institusional derejede resmileşdirmek ugrunda ädim ätmediler. Olarda henizem sekretariat, hemişelik dolandyryş organy ýa-da energiýa ýa-da suw serişdeleri ýaly ugurlara ýöriteleşdirilen ministrlik derejesindäki edaralar ýaly kömekçi gurluşlaryň giň ulgamy ýok. Şeýle gurluşlaryň hiç biri döredilmedi. Şol nukdaýnazardan, "C5"-de häzirki wagtda beýleki käbir sebit birleşmelerinde duş gelýän institusional resmileşdiriş derejesi ýok. Mysal üçin, Demirgazyk Geňeşini ýa-da Günorta-Gündogar Aziýadaky ASEAN guramasyny alyp göreliň. ASEAN köp wagtdan bäri hereket edýän we has berk institusional binýada eýe bolan guramadyr.
Şol derejä ýetmek geljek üçin, ýagny amatly pursat gelende amala aşyryljak maksatdyr. Häzirlikçe bolsa, olar her ýyl ýokary derejeli duşuşyklary we ministrlik derejesindäki duşuşyklary geçirýärler, şeýle-de özara ylalaşyklara gol çekýärler. Olar ozalkysyndan has utgaşykly hereket edýärler — hakykatdanam, men bu sebit bilen işläp başlan döwrüm bilen deňeşdirilende, häzirki işleri has netijeli.

Sebitdäki özara söwda barada aýtsak, ýakynda bu bäş ýurduň arasyndaky söwda möçberleriniň artýandygyny görkezýän statistiki maglumatlara gabat geldim. Bu oňyn alamatdyr. Umyt beriji signallar bar we men wagtyň geçmegi bilen munuň hakykatdanam ähmiýetli bir zada öwrüljekdigine ynanýaryn.

Şeýle-de bolsa, olar köplenç daşarky güýçleriň gatnaşmagyndaky dürli "plus" formatlaryna ünsüni sowýarlar. Bu hakykatdanam päsgelçilik döredýär. Meniň pikirimçe, belli bir wagtda Merkezi Aziýa ýurtlary öz çemeleşmelerine täzeden seretmeli we şeýle formatlaryň sanyny azaltmalydyrlar.

AÝ/AR: Siz professional durmuşyňyzyň onýyllyklaryny bu sebitde demokratiýany ösdürmäge bagyşladyňyz, emma hakykat şundan ybarat: ýerli syýasy ulgamlar barha köp maşgala biznesine meňzeýär. Her ýerde häkimiýetiň "türkmen nusgasyndaky" — ýagny, kakasyndan ogluna ýa-da gyzyna geçirilmegi ýaly ýagdaýlary görýäris. Garaşsyzlyk gazanylandan bäri edilen ähli tagallalaryň — günbatar ýurtlarynyň, esasanam ABŞ-nyň maýa goýan tagallalarynyň — şowsuzlyga uçrandygyny aýdyp bolarmy? Ýa-da bu başyndan bäri diňe amala aşyryp bolmajak arzuw, ýagny diňe bir islegden ybarat bolan hyýalmyka?

Daniel Rozenblum: Meniň üçin bu hakykatdanam düýpli, durmuşy ähmiýeti bolan sorag, sebäbi men bu işe takmynan 35 ýyl bäri gatnaşyp gelýärin. Bilmedim. Belki-de, bu adaty ynsan reaksiýasydyr — men muny şowsuzlyk diýip atlandyrmak islemeýärin. Men muny näme üçin şowsuzlyk hasaplamaly däldigini özüme düşündirmegiň ýollaryny gözlemegi dowam etdirerin we bolup geçen wakalaryň giň geriminde aýry-aýry üstünlikleri gözlemegi dowam ederin.

Başlangyç döwürde garaşylýan zatlaryň düýbünden hakykatdan daşdadygyny boýun almak gerek. Şol wagtlar bir hili aşa ruhlanma, joşgun bardy. 1990-njy ýyllaryň başlaryndaky "taryhyň soňy" düşünjesi we şoňa meňzeş pikirler, dünýäde liberal demokratiýanyň hökman ýeňiş gazanjakdygyna bolan ynam her kimiň ýadyndadyr. Elbetde, bu düýbünden hakykatdan daşdy, şeýle pikirler bizi ýalňyş ýola äkidip, munuň iň soňky netije boljakdygyna ynanmagymyza sebäp bolan bolmagy mümkin.

Men şol bir wagtyň özünde şuna berk ynanýaryn: raýat jemgyýeti guramalaryny we garaşsyz metbugaty goldamaga, esasy azatlyklary gorap saklamaga, şeýle hem adamlary öz hökümetleriniň bikanun ýa-da özbaşdak hereketlerinden goramaga gönükdirilen ähli tagallalar dogry we esaslydy. Ahyrynda doly üstünlik gazandyk diýip bolmasa-da, bu tagallalar, hakykatdanam, amala aşyrmaga mynasypdy, sebäbi olar adamlara başga şertlerde elýeterli bolmadyk hereketleri amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Belki-de, bu hatda käbir adamlaryň janyny hem halas edendir. Şonuň üçin, bu meseleleriň şonça ýyllap üns merkezinde galandygyna ökünmeýärin, ýöne, elbetde, biz mundan sapak çykarmalydyrys. Biz özümize hakyky maksatlary goýmagy öwrenmeli — daşarky syýasat arkaly anyk nämeleri gazanyp boljakdygyna düşünmeli.