Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'ABŞ-nyň sebitden gitmek niýeti ýok'. Rubio näme üçin Merkezi Aziýa barýar?

ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio, 2025-nji ýylyň noýabrynda Waşingtonda Ak Tamda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri bilen geçirilen «C5+1» sammitinde.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio, 2025-nji ýylyň noýabrynda Waşingtonda Ak Tamda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri bilen geçirilen «C5+1» sammitinde.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Merkezi Aziýa sapar edýär. Bu sebitde Waşingtonyň Hytaý bilen bäsleşigi güýçlenýär, şol bir wagtyň özünde-de, sebit döwletleri Russiýa bolan garaşlylygyny azaltmaga çalyşýarlar. ABŞ bu ýerde nähili bähbitleri göz öňünde tutýar, Merkezi Aziýa ýurtlary näme gazanmaga umyt edýärler we bu sapar olaryň arasyndaky gatnaşyklarda täze bir tapgyryň başlangyjy bolup bilermi?

Döwlet sekretary Marko Rubio 17-nji oktýabrdan 22-nji oktýabra çenli Özbegistana sapar eder. Ol özüniň ýolbaşçylygyndaky resmi topary bilen barar; bu wekiliýetiň düzüminde amerikan işewürler jemgyýetçiliginden 200-den gowrak wekil bar.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 13-nji oktýabrda Rubionyň Samarkantda geçiriljek "C5+1" formatynda ministrler derejesindäki duşuşyga gatnaşjakdygyny habar berdi. Bu format ABŞ-ny we Merkezi Aziýanyň bäş döwletini öz içine alýar. Şeýle hem, Rubio bu ýurtlaryň ýokary derejeli resmileri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirer.

Bu sapar, Waşingtonyň Merkezi Aziýadaky möhüm mineral serişdelere, energetika çeşmelerine we ulag ýollaryna bolan gyzyklanmasynyň artýan döwrüne gabat gelýär.

Şol bir wagtyň özünde, sebitdäki ýurtlar däp bolan täsir merkezlerine bolan garaşlylygyny azaltmak üçin daşary syýasat we ykdysady hyzmatdaşlarynyň gerimini giňeltmäge çalyşýarlar.

"Atlantika geňeşiniň" uly ylmy işgäri we "Halkara salgyt we maýa goýum merkezi" guramasynyň "Energetika, ösüş we howpsuzlyk" maksatnamasynyň dolandyryjy direktory Ariel Koen AÝ/AR beren interwýusynda şeýle diýdi: "Trampyň administrasiýasy öz bähbitlerine — ýagny ABŞ-nyň bähbitlerine — we Hytaý bilen global derejedäki bäsleşige aýratyn üns berýär".

"Geografik ýerleşişi, ýaş ilaty, ösüp barýan bazarlary we baý tebigy serişdeleri — şol sanda energetika serişdeleri - nebit, gaz we uran - çig mal we strategik taýdan möhüm minerallar Merkezi Aziýany ABŞ üçin örän ähmiýetli edýär" diýip, ol belledi.

"Hudson institutynyň" uly ylmy işgäri Ken Moriýasu häzirki ýagdaýy ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda öň görülmedik möçberde ýokary derejeli hyzmatdaşlygyň başlangyjy hökmünde häsiýetlendirýär.

"Bu sapar şol ugurda ilkinji ädim bolar" diýip, Moriýasu AÝ/AR-na beren interwýusynda aýtdy.

Waşington üçin täze mümkinçilikler

Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşy Moskwanyň ünsüni başga ýere sowdy we onuň ep-esli serişdeleriniň sarp edilmegine getirdi. Bu bolsa beýleki ýurtlara Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklaryny güýçlendirmek üçin täze mümkinçilikleri döretdi.

Hytaý öz gezeginde söwda, infrastruktura maýa goýumlary we "Bir guşak, bir ýol" başlangyjy arkaly Ýewraziýanyň bu böleginde öz ornuny giňeldýär.

"Hytaýyň esasy ykdysady hyzmatdaşdygy we Russiýanyň henizem köp sanly howpsuzlyk bilen baglanyşykly gatnaşyklaryny saklaýandygy aýdyň, ýöne Birleşen Ştatlaryň hem bu sebitden çykmak niýeti ýok" diýip, Koen belleýär.

Moriýasunyň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri bu gatnaşyklarda deňagramlylygy saklamaga çalyşýarlar.

"Olar Russiýanyň agalygynyň ýönekeýje Hytaýyň agalygy bilen çalşylmagyny islemeýärler" diýip, ol sebitdäki döwletleriň Waşington we Ýewropadaky hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklaryny näme üçin has işjeň ösdürýändiklerini düşündirýär.

Bilermen, ABŞ-nyň hem Merkezi Aziýa ýurtlaryny Russiýa ýa-da Hytaý bilen hyzmatdaşlygy bes etmäge mejbur etmeýändigini belleýär. Waşingtonyň maksady — Ýewraziýanyň bu strategiki taýdan möhüm böleginde öz täsirini we gatnaşygyny saklap galmakdyr.

"Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bu ýurtlaryň Russiýany ýa-da Hytaýy tankytlamagy, tarapy üýtgetmegi ýa-da Günbataryň ýaranlaryna öwrülmegi gerek däl" diýip, Moriýasu aýtdy. "Meselem, Gazagystanyň ýa-da Özbegistanyň NATO agza bolmagy olara zerur däl."

Munuň ýerine, ykdysady we diplomatik gatnaşyklary berkitmek Waşingtona üpjünçilik zynjyrlarynyň ygtybarlylygyny üpjün etmäge, amerikan biznesi üçin mümkinçilikleri giňeltmäge we sebitde haýsydyr bir güýjüň aşa täsir gazanmagynyň öňüni almaga kömek edip biler.

Söwda, möhüm mineral serişdeler we ulag aragatnaşyklary

200-den gowrak işewür wekilden ybarat toparyň sebite gelmegi, Trampyň administrasiýasynyň ykdysady diplomatiýa uly ähmiýet berýändigini görkezýär.

Waşington hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň dürli pudaklarda täze maýa goýumlaryna we täjirçilik ylalaşyklaryna getirmegine garaşýar.

"Amerikanyň Birleşen Ştatlary köp ugurlarda — şol sanda energetika, daşky gurşawy goraýyş tehnologiýalary, saglygy goraýyş, bilim, ýokary tehnologiýalar, IT, şeýle hem seýrek ýer elementleri we strategiki taýdan möhüm materiallar babatda — hem bazar, hem-de maýa goýumçy hökmünde çykyş edýär" diýip, Koen belleýär. "Şonuň üçin sebitdäki ýurtlar — esasanam iň uly ykdysadyýetlere eýe bolan Özbegistan we Gazagystan — amerikan biznesiniň gatnaşygyny artdyrmaga we ABŞ bilen hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýärler".

Möhüm serişdeler ABŞ-nyň bähbitlerinde uly orun tutsa-da, Merkezi Aziýanyň strategiki ähmiýeti onuň ýerleşişi, ýagny Hytaýyň, Russiýanyň, Günorta Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda ýerleşmegi bilen hem kesgitlenýär.

Sebiti Russiýanyň daşyndan aýlanyp geçip, dünýä bazarlary bilen birleşdirýän ulag ugurlary barha uly ähmiýete eýe bolýar.

Moriýasu, Merkezi Aziýany Hazar deňzi we Günorta Kawkaz arkaly Ýewropa bilen birleşdirýän "Orta geçelgä" ünsi çekýär. Onuň pikiriçe, amerikan kompaniýalarynyň bu ugur boýunça gatnaşygyny giňeltmek, ABŞ-nyň sebitdäki uzak möhletli ykdysady bähbitlerini berkitmäge kömek edip biler.

Ol saparyň üstünliginiň esasy ölçeginiň, diplomatik gatnaşyklaryň anyk maýa goýum borçnamalaryna we durnukly işewür hyzmatdaşlyga öwrülip-öwrülmezligine, ýa-da diňe ýokary derejeli duşuşyklar bilen çäklenip-çäklenmezligine baglydygyny belleýär.

Özbegistanyň pozisiýasy

Özbegistan üçin duşuşygyň Samarkantda geçirilmegi, Waşington bilen gatnaşyklary berkitmäge, şol bir wagtyň özünde bolsa ýurduň sebitdäki möhüm diplomatik merkez hökmündäki derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär.

Prezident Şawkat Mirziýoýew ABŞ bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi birnäçe gezek goldady. Habarlara görä, Waşington hem Mirziýoýewi, hem-de Gazagystanyň prezidenti Kasym-žomart Tokaýewi şu ýylyň dekabrynda Maýamide geçirilmegi meýilleşdirilýän G20 sammitine çagyrypdyr.

Gatnaşyklaryň şeýle işjeňleşmegi, Trampyň Merkezi Aziýa sapar edip biljekdigi baradaky çaklamalary hem orta atdy. Eger şeýle sapar amala aşsa, bu ABŞ-nyň iş başyndaky prezidentiniň sebite eden ilkinji taryhy sapary bolar. Häzirki wagta çenli bu meýilnamalar resmi taýdan tassyklanmady.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, wise-prezident J.D. Wans we döwlet sekretary Marko Rubio 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Waşingtonda Ak Tamda Merkezi Aziýanyň «C5+1» ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde agşamlyk naharyna gatnaşýarlar.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, wise-prezident J.D. Wans we döwlet sekretary Marko Rubio 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Waşingtonda Ak Tamda Merkezi Aziýanyň «C5+1» ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde agşamlyk naharyna gatnaşýarlar.

Moriýasu, Rubionyň saparyndan soň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň G20 sammitine gatnaşmagynyň, hatda geljek ýylyň başynda ABŞ-nyň prezidentiniň hem sapar etmeginiň mümkindigini belleýär. Şeýle hem, ekspert ABŞ-nyň wise-prezidenti J.D. Wans bilen Gazagystanyň wise-prezidenti Erlan Kariniň arasynda hemişelik aragatnaşyk kanalyny döretmek barada gepleşik geçirilýändigini agzap geçdi.

"Islendik döwletara gatnaşyk, belli bir derejede, liderleriň — esasanam prezident Tramp bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ilkinji nobatda Özbegistan we Gazagystan ýaly döwletleriň ýolbaşçylarynyň arasyndaky şahsy gatnaşyklara esaslanýar. Emma ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar diňe şundan ybarat däldir" diýip Koen belleýär. - Şonuň üçin hem ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň diňe prezident köşklerindäki özara hereketler bilen çäklenmän, eýsem uniwersitetlere, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine we işewürler jemgyýetçiligine hem ýaýramagy örän möhümdir."

Azerbaýjan bu formata goşulyp bilermi?

Amerikanyň Daşary syýasat geňeşiniň uly ylmy işgäri we Merkezi Aziýa-Kawkaz institutynyň maksatnama direktory Laura Linderman, Rubionyň "C5+1" duşuşygyna gatnaşmagynyň öz-özünden möhüm bir tapgyrdygyny aýdýar.

Onuň pikiriçe, formatyň giňeldilmegi hyzmatdaşlyga goşmaça itergi bererdi.

"Eger ABŞ Azerbaýjany hem goşmak arkaly bu formaty 'C6+1'-e çenli giňeldip bilse, bu başlangyç has uly üstünlik hasaplanardy" diýip, Linderman aýdýar.

Şu nukdaýnazardan, ol Merkezi Aziýa bilen Günorta Kawkazyň arasyndaky ykdysady, geografik we ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilmegine, aýratynam Hazar deňziniň üsti bilen geçýän ulag ýollarynyň ähmiýetiniň artmagyna ünsi çekýär.

Şeýle-de bolsa, Waşington heniz Azerbaýjany bu formata goşmak barada hiç hili meýilnama yglan etmedi. Mundan başga-da, Linderman sebit ýurtlarynyň öz daşary syýasatlarynda ileri tutulýan ugurlaryna aýdyň düşünýändiklerini we häzirki ýagdaýa ABŞ bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin bir mümkinçilik hökmünde garaýandyklaryny belleýär.

Emma Ariel Koen, diplomatik gatnaşyklaryň artmagynyň uzak möhletli hyzmatdaşlyga öwrülmegi üçin, hyzmatdaşlygyň diňe ýokary derejeli gepleşikler bilen çäklenmän, has giň gerime eýe bolmalydygyny nygtaýar.

"Islendik strategik gatnaşyk ýüzlerçe we müňlerçe adam, şol sanda diplomatlar, intellektuallar, telekeçiler we alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşýan talyplar tarapyndan goldanylýar we ösdürilýär" diýip ol aýdýar.

Özbegistandan soň Rubio Hindistana sapar eder we ol ýerde Mumbaý hem-de Jamnagar şäherlerine baryp görer. Bu onuň bu ýyl şol ýurda amala aşyrýan ikinji resmi sapary bolar.

Bu maglumat şunuň bölegidir
​
XS
SM
MD
LG