ABŞ we Eýran ylalaşyga golaýlaýar, sebit ilerlemä garaşýar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

Üç aýdan gowrak dowam edip, Ýakyn Gündogary sarsdyran, energiýa bazarlarynyň işini bozan we sebit durnuklylygy baradaky aladalary ýokarlandyran çaknyşykdan soň, ABŞ we Eýran mümkin bolan parahatçylyk ylalaşygyna golaýlaşýan ýaly görünýär.

Pakistan araçylygyndaky intensiw diplomatik tagallalar arasynda, Waşingtondaky, Tährandaky we Yslamabatdaky resmiler 12-nji iýunda deslapky özara düşünişmek jarnamasy (ÖDJ) baradaky gepleşiklerde düýpli ilerleme edendiklerini öňe sürdüler.

Teklip edilýän ylalaşyk, şol sanda Hormuz bogazyny täzeden açmak, ABŞ-nyň Eýran portlaryna garşy girizen deňiz gabawyny bes etmek we Tähranyň ýadro ýaraglaryny öndürmezlik ýa-da edinmezligi baradaky borçnamasyny almak ýaly, derhal dartgynlylygy azaltmak çärelerine gönükdiriler.

Eger-de gol çekilse, ÖDJ giň meseleleri çözmäge gönükdirilen 60 günlük tehniki gepleşikler döwrüni açar.

Dartgynlylygy azaltmakdaky tapgyrlaýyn çemeleşme

Analitikleriň aýtmagyna görä, bu ilerleme Waşingtonyň gepleşik strategiýasyndaky üýtgeşmäni şöhlelendirýär, resmiler howpsuzlyk meselesinde abanan aladalar uzak möhletli çekeleşmeleriň arasyny açýarlar.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän "New Lines" strategiýa we syýasat institutynyň ýörite başlangyçlar babatdaky direktory Azim Ibrahim Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu dowamlylygyň gysga möhletli ylalaşygyň mümkinçiliklerini artdyrandygyny aýtdy.

“Bu ýerde wajyp bolup görünýän zat, Tramp administrasiýasynyň hakykatda gepleşikleri, her bir meseläni derhal çözmäge synanyşmagyň ýerine, aýratyn, has dolandyryp boljak ugurlara bölmegi” diýip, Ibrahim aýtdy.

“Iň ileri tutulmaly mesele, dünýä energiýa bazarlaryndaky basyşy tiz ýeňledip, giň ykdysady sarsgyn howpuny azaldyp, Hormuz bogazynyň täzeden açylmagyny üpjün etmek we gämi gatnawy azatlygyny dikeltmek bolup görünýär.”

Şol bir wagtda, Ibrahim has kyn meseleleriň çözgütsiz galýandygyny duýdurdy.

“Has kyn meseleler, hususan-da Eýranyň uran baýlaşdyrmak maksatnamasynyň geljegi, barlag mehanizmleri we uzak möhletli ýadro çäklendirmeleri soňky orunlara süýşürilýär” diýip, ol aýtdy.

“Söweşler tamamlanyp biler, ýöne uzak möhletli ylalaşygyň doly arhitekturasyny ara alyp maslahatlaşmak has köp wagt talap eder”.

Ýewropaly resmiler iki tarapy hem bu depgini artdyrmaga çagyrdylar.

Fransiýanyň daşary işler ministri Žan-Noel Barrot 12-nji iýunda Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefonda gürleşeninden soň, häzirki ýagdaýy durnuksyz diýip atlandyryp, iki tarapy hem diplomatiýadan ugur almaga çagyrdy.

Şertler we tassyklama baradaky soraglar

Ilerleme alamatlaryna garamazdan, möhüm syýasy we tehniki päsgelçilikler saklanyp galýar.

Eýranyň döwlet metbugaty teklip edilýän ylalaşygyň taslamasyny çap edeninden soň, nämälimlik ýokarlandy. Tekst, habar berilmegine görä, ABŞ-nyň dikeldiş kömegi hökmünde 300 milliard dollar bermeginiň soralandygy baradaky düzgünleri hem öz içine alýar.

Prezident Donald Tramp syzdyrylan teksti ret edip, sosial mediada çap edilen şertleriň "ylalaşylan şertler bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny" ýazdy.

Waşingtondaky kanun çykaryjylar islendik gutarnykly ylalaşygyň berk barlag çärelerini talap etjekdigini nygtadylar.

Makala gysgaldylyp çap edilýär.