Abu-Dabide Ukraina-Russiýa gepleşikleri başlandy, Moskwa täze zarbalara başlady

Kiýewde howanyň temperaturasy noldan aşak bolanda Russiýanyň Ukrainanyň raýat infrastrukturasyna eden hüjümlerinden soň elektrik we ýyladyş ulgamlarynyň kesilmegi sebäpli ýaşaýjylar azyk paýlanýan haýyr-sahawat hyzmatlaryndan peýdalanmaly bolýarlar.

ABŞ-nyň ýardamy bilen geçirilýän Ukrainanyň we Russiýanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleri, Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň ähli künjegindäki nyşanalara ýene-de hüjüm edenlerinden birnäçe sagat soň, Birleşen Arap Emirliklerinde başlandy.

Moskwanyň we Kiýewiň, şeýle hem ABŞ-nyň wekilleriniň gatnaşmagyndaky göni gepleşikler 23-nji we 24-nji ýanwarda Abu-Dabide gaýtadan başlanypdy. Kremliň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan doly derejeli çozuşyndan bäri ukrain we rus gepleşikçileriniň arasyndaky duşuşyklar seýrek boldy.

Ukrainanyň baş gepleşikçisi Rüstem Umerow gepleşikleriň başlandygyny 4-nji fewralda X-de tassyklady we Ukrainadan, Russiýadan we ABŞ-dan gelen gepleşikçi wekilleriň duşuşygynyň üçtaraplaýyn formatda başlanandygyny aýtdy.

"Indiki iş belli bir ugurlar boýunça aýry-aýry toparlarda geçiriler, soňra bolsa pozisiýalaryň bilelikdäki sinhronizasiýasy planlaşdyrylýar" diýip, Umerow sözüniň üstüne goşdy.

Mundan öňki metbugat maglumatlarynda Ak Tamyň ady agzalmadyk resmisine salgylanyp, Ukrainanyň we Russiýanyň arasyndaky gepleşiklerde ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoffyň ABŞ-nyň adyndan çykyş etjekdigi aýdyldy.

Şu aýyň ahyrynda urşuň dört ýyllygy golaýlaşýarka, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Russiýanyň gepleşiklerdäki pozisiýasynyň üýtgewsiz galýandygyny we munuň "aýdyňdygyny we Kiýew hem-de amerikan gepleşikçileri tarapyndan muňa doly düşünilýändigini" 4-nji fewralda irden žurnalistlere aýtdy.

Degişli maglumat Ukrainanyň ýaranlary Rus urşy gutarsa 'berk' howpsuzlyk kepilliklerini wada berýärler

Gepleşikler Russiýanyň Ukrainanyň paýtagtyna we ýurduň beýleki sebitlerine uly raketa we dron hüjümlerinden birnäçe sagat soň geçirildi, bu bolsa ukrain resmileriniň nygtamagyna görä, Ikinji Jahan urşundan bäri Ýewropanyň iň ganly çaknyşygy bolan bu konfliktde Kremliň diplomatiýany wagt utmak üçin ulanmak we hüjümleri güýçlendirmek üçin ulanýan taktikasy.

Gepleşik wagtynda hüjüm edilýär

Ukrainanyň howa güýçleriniň 4-nji fewralda beren maglumatyna görä, rus güýçleri bir gijede Ukraina garşy 100-den gowrak dron uçurdy.

Sebit häkimiýetleriniň maglumatyna görä, Dnepropetrowsk sebitinde dron hüjümi netijesinde iki adam öldi we ýene ikisi ýaralandy.

Dnepropetrowsk sebitine edilen hüjümde "68 ýaşly aýal we 38 ýaşly erkek öldi" diýip, sebit administrasiýanyň başlygy Mykola Lukaşuk Telegramda ýazdy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Odesa Residents Dance To Warm Up As DJ Plays During Air Raid Warnings

Günorta Odessa sebitinde gijeki rus hüjüminde azyndan bäş adamyň ýaralanandygyny regional häkimiýetler habar berdiler we jaýlara, çagalar baglaryna hem-de mekdebe zyýan ýetendigini hem sözüne goşdular.

AÝ/AR-nyň Ukrain gullugynyň habary esasynda.