Ahal welaýatynyň birnäçe etrabynda nas söwdasyna garşy reýd geçirildi. Kanun goraýjylar bu temmäki önüminiň söwdasyna gatnaşýanlary anyklaýar we nasyny ellerinden alýar. Azatlygyň birnäçe ýerli çeşmesi bu çäräniň geçişi we onuň sebitde bikanun nas söwdasyna ýetiren täsirleri barada habar berdiler.
Nas söwdasyna garşy häzirki çäreler sebitiň birnäçe ýerinde, şol sanda Tejen etrabynda, Altyn-Asyr we Babadaýhan etraplarynda geçirilipdir.
Reýdleriň dowamynda kanun goraýjylar nas söwdasyny edýän adamlary saklaýarlar we olaryň ellerinden nasyny alýarlar.
"Bu sapar menden 6 müň manat para alyp, özümi goýberdiler, emma 50 kile nasymy elimden alyp ony yzyna gaýtarmadylar" diýip, nas söwdasy bilen tutulanlaryň biri, para berip, jezadan gutulandygy habarçymyza gürrüň berdi. Resmi kurs boýunça 6 müň manat 1714,28 amerikan dollaryna barabar.
Ähli temmäki önümleriniň söwdasyny doly döwlet gözegçiliginde saklaýan ýurtda nasy saklamak, öndürmek we ulanmak gadagandyr.
Degişli maglumat
Nas söwdasyna garşy 'barlyşyksyz göreş' batlanýar, naskeşler we nas söwdagärleri nyşana alynýarÝurduň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksiniň 80-nji maddasynda "nasyň satmak maksady bilen uly bolmadyk möçberde taýýarlanylmagy, edinilmegi, saklanylmagy, daşalmagy ýa-da iberilmegi we satylmagy binýatlyk mukdaryň bäşisinden ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär" diýilýär.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen çeşmeler söwdagärleriň ellerinden alnan nasyň bir böleginiň ýörite meýdanlara eltilip ýok edilýändigini, emma ýene bir bölegini satyjylar yzyna gaýdyp almagy başarýandygyny gürrüň berdiler.
'Nasy para berip, yzyna aldym'
Ahally çeşmeleriň sözlerine görä, käbir söwdagärler polisiýa işgärlerine pul berip, nasyň gömülýän ýerlerini anyklaýarlar we şol ýere baryp, nasyny alyp gaýdýarlar. Bu hem pula durýar.
"Agyr tehnika bilen gazylan çukurlara atýarlar" diýip, çeşmeleriň biri "iki müň manat para berseň, nasyňy arkaýyn alyp gidiber diýdiler" diýip, elinden alnan nasdan iki esse köp nas alyp gaýdandygyny gürrüň berdi.
Türkmenistanda nas satýan adamlary anyklamak we olary tussag etmek boýunça çäreler wagtal-wagtal geçirilýär. Nas atýan adamlar hem polisiýa alnyp barylýar.
Nasyň söwdasy we ulanylmagy kanun taýdan gadagan edilýän bolsa-da, ol ýurtda geçýän haryt bolmagynda galýar, hyrydary köp boldugyça onuň önümçiligi hem-de söwdasy ýaýbaňlanýar.
"Häzir erkek adamlaryň aglaba köpüsi nas atýar. Adamlar öňki nas satýan hojalyga baranlarynda 'nas ýok, şu güni irden polisiýa işgärleri nasymy elimden aldylar' diýlende, 'başga nirede nas satýan bar' diýip gözläp başlaýar" diýip, ahally ýaşaýjy gürrüň berdi.
Nas söwdagäri öz müşderileriniň arasynda kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň hem kändigini gürrüň berdi: "Häzir köp adam nas atýar, hatda hukuk goraýjy işgärleriň ençemesi menden nas satyn alýar".
"Geçen hepde Aşgabada Halk Maslahatyna barýan il ýaşululary hem nas satyn alyp gidýär" diýip, nas söwdasyny edýän ýene bir ahally ýaşaýjy gürrüň berdi.
Nasyň söwdasyna garşy soňky çäreleriň geçirilişinden habarly çeşmeleriň sözlerine görä, oňa Ahal welaýatynyň polisiýa bölüminiň neşä garşy göreş bölüminiň we jenaýat agtaryş bölüminiň işgärleri gatnaşypdyr. Azatlyk Radiosy bu bölümleriň sebit wekillerinden we Içeri işler ministrliginden resmi teswir alyp bilmedi.
Degişli maglumat
Temmäki önümleriniň ygtyýarnamasyz söwdasyna garşy göreş batlanýarResmi habarlarda temmäki önümleriniň, şol sanda suw çilimleriniň ýurda bikanun getirilmegine garşy çäre geçirilýändigi barada käte habar berilýär.
Türkmenistanda temmäki önümleriniň söwdasy 2016-njy ýylyň martyndan başlap ýurtda ýiti çäklendirildi we bu babatda ähli ygtyýarlyklar ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berildi. Şondan soň çilim gytçylygy ýüze çykyp başlady, hususy söwda nokatlarynda çilimiň we nasyň söwdasy gizlin görnüşde dowam etdi.
Şeýle-de, şonda Türkmenistan ýurdy temmäki önümlerinden doly azat etmek boýunça döwlet maksatnamasyny yglan etdi. Şol maksadynyň 2025-nji ýyla çenli doly durmuşa geçiriljegi kesgitlenipdi.
2025-nji ýylda dünýäde çilim çekmekden azat bolan ilkinji ýurt Şwesiýa boldy. Bu ýerde temmäki önümlerini ulanýanlar ilatyň 5%-den az bolup, ýurduň Alkogol we neşe serişdeleri baradaky maglumat geňeşiniň (CAN) çap eden sanlarynda 1980-nji ýyllaryň başynda şwedleriň 30% -den gowragynyň çilim çekendigi aýdyldy. Bu ýurduň tejribesine görä, ýokary salgytlar we çilimiň bahasynyň ýokarlanmagy, şeýle-de, çilim çekmegiň howplary barada yzygiderli geçirilýän jemgyýetçilik düşündiriş kampaniýalary temmäkiniň meşhurlygyny azaldypdyr.
Degişli maglumat
'Gizlin işleýän' nas bazarynda içerki göreş güýçlenýär - çeşmelerGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.