‘Akdaş’ türmesindäki bendileriň hossarlary tussaglardan habar alyp bolmaýandygyny aýdýar

Türkmenistandaky boş türme koridory (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Balkan welaýatynyň Akdaş şäherçesinde ýerleşýän “Akdaş” türmesindäki bendileriň hossarlary iýun aýyndan bäri öz tussag dogan-garyndaşlary bilen habarlaşyp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Türme resmileri bendileriň hossarlaryna dilden berýän maglumatynda “tussaglaryň arasynda gepatit we inçekeseliň köpelendigini, şol sebäpli türmede karantin yglan edilendigini” mälim edýärler.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy agzalýan türmedäki hossary bilen duşuşmaga ýa-da telefon arkaly gürleşmäge synanyşýan balkanly, maryly, lebaply we ahally ýaşaýjylaryň 10-a golaýy bilen söhbetdeş boldy.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde maglumat beren ýaşaýjylaryň ählisi türmedäki hossarlary bilen aragatnaşygyň iýun aýynda, tussaglaryň bir bölegi “Akdaş” türmesiniň täze binasyna göçürilenden soň kesilendigini aýdýar.

“Adamym bilen 2025-nji ýylyň başyndan bäri hepdede iki gezek telefon arkaly gepleşip bilýärdik. Ol maý aýynyň ahyrynda, soňky gezek gezek gürleşenimizde iýun aýynda özüniň täze bina geçirilýändigini aýtdy. Şondan bäri, ýagny tas 4 aý bäri ne jaň edýär, ne-de ýazan hatlarymyza jogap berýär” diýip, maryly zenan anonimlik şertinde aýtdy.

Degişli maglumat

Baýramalynyň türmesinde tussaglar adamkärçiliksiz daraşmalardan şikaýat edýär

Bendi hossarlary bilen habarlaşyp bilmeýän türkmenistanlylar indi üç aý gowrak wagt bäri türmedäki hossarlaryna ne derman, ne-de azyk geçirmäge rugsat berilýändigini hem aýdýarlar.

"Günde türmäniň derwezesinden yzyma gaýtarýarlar"

“Adamym bäş ýyl bäri türme tussaglygynda saklanýar we bular ýaly ýagdaý mundan ozal hiç bolmandy. Ahyr-soňy Akdaş şäherçesine geldim. Indi bir hepde bäri türmedäki adamym bilen duşuşmak hukugyndan peýdalanmaga synanyşýaryn, ýöne günde türmäniň derwezesinden yzyma gaýtarýarlar” diýip, Ahalyň Ak bugdaý etrabyndan gelen zenan anonimlik şertinde aýtdy.

Indi bir hepde çemesi wagt bäri türmedäki hossarlaryny görmäge synanyşýan türkmenistanlylar şu günler türmäniň derwezesine her gün özleri ýaly onlarça adamyň barýandygyny hem belleýärler.

“Türme resmileri hossarlaryny görmäge gelenleriň ählisine ‘tussaglaryň arasynda gepatit we inçekeseliň köpelendigini, şol sebäpli türmede karantin yglan edilendigini; aýdýarlar. Şeýle-de, olar ‘oktýabr aýynyň ortalarynda gaýtadan habar alyp görüň’ diýýärler. Ne hossarlarymyzy uzakdan görmäge rugsat berýärler, ne getiren derman we azyk önümlerimizi kabul edip alýarlar, ne-de bendileriň dirimi ýa ölendigi hakda habar berýärler” diýip, türmedäki hossaryny görmäge gelen lebaply bir zenan anonimlik şertinde aýtdy.

Türme resmileri bendileriň hossarlaryna tussaglar bilen duşuşmak tertibine üýtgetmeleriň girizilendigini, ozal her üç aýda duşuşmaga rugsat berlen bolsa, mundan beýläk munuň her alty aýda bir gezege geçirilendigini hem aýdypdyrlar.

“Biz türme resmileri bendi garyndaşlarymyz hakda maglumat bermäge borçly. Ýogsa-da aýdanlaryňyz hakda resminama beriň diýsek-de etmediler, hiç hili resmi hat bermediler” diýip, maryly zenan aýtdy.

Söhbetdeşlerimiz bu ýagdaýlaryň örän alada döredýändigini, hususan-da, “tomus aýlaryndaky wakalardan soň, öz howsalalarynyň artýandygyny” belleýärler.

"Ýörite hukuk goraýjylar olar gömülýänçä depesinde durdular"

“Şu ýyl tomusda ‘Akdaş’ türmesindäki onlarça bendiniň jesedi öýlerine bardy. Resmileriň olaryň ‘yssy howada kislorod ýetmän ölendigini’ aýtdylar. Ýöne geň galdyrýan ýeri, olaryň ählisiniň jesetleri bir wagtyň dowamynda we demir gaplanan tabytlarda getirildi. Olar hossarlaryna görkezilmän, ýagny hossarlarynyň tabytlary açmagyna rugsat berilmän gömüldiler. Ýörite hukuk goraýjylar olar gömülýänçä depesinde durdular. Şol wakadan soň ‘Akdaşdaky’ bendiler bilen ne hat, ne-de telefon arkaly habarlaşyp bolýar, ne-de bendileri görüp bolýar” diýip, ahally zenan aýtdy.

Şeýle-de, ol adamsy bilen geçiren soňky telefon söhbetdeşliklerinde onuň türmedäki şertlerden şikaýat edendigini, “arassaçylygyň gözgynydygyny, iýmitiň ýokdugyny we inçekeseliň juda köpdügini” aýdandygyny hem sözüne goşdy.

Degişli maglumat

'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada “Akdaş” türmesi, şeýle-de degişli sebit häkimiýetleri, şol sanda welaýat Polisiýa müdirligi bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmen häkimiýetleri we metbugaty hem, adatça bolşy ýaly, Türkmenbaşy şäherinden takmynan 15 kilometr çemesi gündogarda ýerleşýän “Akdaş” türmesiniň täze binasy we türmedäki şertler barada maglumat bermeýärler.

Emma soňky ýyllarda halkara hasabatlar Türkmenistanyň çägindäki käbir türmeleriň territoriýasynyň giňeldilendigini görkezdi.

Daşky gurşaw we adam hukuklary boýunça “Crude Accountability” guramasynyň 2023-nji ýylda seljeren emeli hemra suratlary “Akdaş” türmesiniň hem-de Aşgabatdan 50 kilometr töweregi demirgazykda, Garagum çölünde ýerleşýän “Owadandepe” türmesiniň çäkleriniň giňeldilendigini görkezdi.

"Takmynan her 175 adamdan bir adam türmeden saklanýar"

Soňky ýyllarda türkmen resmileri türme şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edilýändigini birnäçe gezek aýtdylar.

Muňa garamazdan, öňki bendiler we tussaglaryň hossarlary türkmen türmelerindäki agyr şertler, ýaramaz azyk üpjünçiligi, arassaçylygyň juda pesdigi we beýleki ýagdaýlar barada habar berip gelýärler. Şeýle-de, olar bendileriň arz-şikaýatlaryny hiç kime we hiç ýere aýdyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça halkara hasabatlarda hem, türkmen türmelerinde dowam edýän gynamalara, tussaglara adamkärçiliksiz çemeleşilmegine, agyr we adam ömrüne howp salýan türme şertlerine hem-de syýasy tussaglaryň ýagdaýyna aladalar beýan edilýär.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurduň türme ilaty boýunça anyk sanlary jemgyýetçilige äşgär etmeýär. “World Prison Brief” neşiriniň 2022-nji ýylda täzelän sanlaryna görä, Türkmenistanda her 100 müň adamdan 576 adam tussaglykda saklanýar. Bu bolsa, takmynan, her 175 adamdan bir adamyň türmeden saklanýandygy görkezýär.

Degişli maglumat

ABŞ-nyň täze hasabaty Türkmenistanda adam hukuklarynyň meselelerini gozgaýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.