Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky aýlyk ýagdaýy netijesinde ulalýan zähmet migrasiýasy sebäpli boşaýan iş orunlaryny doldurmagyň, barha ýitileşýän işgär, hünärmen meselesini çözmegiň täze bir usulyny, ýene bir mejburlygy oýlap tapdy diýip, çeşmeler habar berýär. Ozal Türkmenistan esasan pagtaçylykdaky, hökümet dabaralaryndaky mejbury zähmet üçin tankyt edilýärdi.
Azatlygyň habarçylary mundan öň býujet edaralarynyň işgärleriniň, berilýän aýlyklar az bolansoň, işlerini taşlap, barha kän daşary ýurtlara gitmäge ýykgyn edýändiklerini, ýurtdaky agyr işsizlik, aýlyk ýagdaýlary bilen bagly, aýalyndan aýrylyşan we ejeleri bilen galan çagalaryna aliment töläp bilmeýän erkekleriň sanynyň barha köpelýändigini habar beripdiler.
Aliment töläp bilmeýänler 'mejbury işgär' bolýar
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmen bu maglumaty tassyklap, täze tapylan mejburlygyň 'bir daşda iki guşy urmagy maksat edinýändigini' öňe sürdi.
“Aliment tölemäge ýagdaýy, ukyby ýok kakalar býujet edaralarynda gün-günden köpelýän iş orunlaryny doldurmaga, işini taşlap, daşary ýurtlara giden adamlaryň ýerinde işlemäge mejbur edilýär.”
Degişli maglumat
Lebabyň häkimiýetleri aliment bergisi bolan raýatlary gan tabşyrmaga mejbur edýärOnuň tassyklamagyna görä, prokurorlaryň edýän şikaýatlaryndan soň, bu wagtlaýyn tapylan çäre bolup, aliment töläp bilmeýän erkekler ýol gurluşyk, jemagatçylyk hojalygy, gaz üpjünçiligi edaralarynda, mekdeplerde we hassahanalarda, beýleki döwlet edaralarynda bagban, düz işçi diýen ýaly ‘gara işlere’, mejbury ýagdaýda ýerleşdirilýär.
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen erkekler mejbury işe ýerleşdirilen adamlara berilýän aýlyk hakynyň 1500 manat töwereginde bolýandygyny aýtdylar.
Hepdäniň her üçünji we bäşinji günlerinde onlarça zenan Balkanabat şäher prokuraturasyna ýüz tutýar, olar aýrylyşan ýanýoldaşlarynyň çagalary üçin bermeli kömek pullaryny, aliment töleglerini tölemeýändigini aýdýarlar. Azatlyk bu ýagdaý barada ozal hem habar beripdi.
Resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan maglumatlara görä, Türkmenistanda soňky onýyllyklarda aýrylyşýan ar-aýallaryň sany aşa köpelip, işsiz, gazançsyz erkekleriň müňlerçesiniň aliment töleglerini töläp bilmeýändikleri aýdylýar.
Hepdäniň üçünji, bäşinji günleri prokuratura binasynyň öňünde, hamala, bazar açylana meňzeýär diýip, habarçymyz ýazýar.
Prokuratura işgäri 'aiment gaçgaklarynyň' gaty köpelendigini aýdýar
Onuň şäher prokuraturasynda işleýän hünärmene salgylanyp ýazmagyna görä, soňky 1 ýylda aliment tölemekden gaçýan raýatlar ‘öňkülerine garanda hem aşa köpeldi’.
“Maşgala guran adamlaryň arasynda aýrylyşýan kän, olary diňläninde, ýoldaşlarynyň ikinji aýal alyp, 3 çagasyny, 4 çagasyn taşlap gidenini aýdýanlary hem bar. Käbiri ýoldaşynyň başga aýal tarapyndan doga edilip, şol sebäpli aýrylyşandygyny öňe sürýär...” diýip, hünärmen aýtdy.
Onuň hasaplamalaryna görä, bir ýylda durmuş guranlaryň 35%-ine golaýy aýrylyşýar we, ýagdaý şu bolşuna gitse, geljek üç ýyl içinde aýrylyşýanlar üçin, olaryň aliment, ýer-jaý, okuw meselelerini çözer ýaly, ýörite bir ministrlik döredilse-de bolman durmaz.
Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar barha köp maşgalanyň bozulmagyna, çagalaryň ýetim galmagyna we çylşyrymlaşýan demografiýa meselelerine sebäp bolýar, emma häkimiýetler bu ýagdaýlara resmi düşündiriş bermeýär.
Azatlygyň habarçysy maşgalalaryň köp bozulmagynyň mümkin bolan sebäpleri bilen gyzyklanyp, birnäçe ýaşaýjy bilen söhbetdeş boldy.
Degişli maglumat
Türkmenistanda ykdysady kynçylyklar sebäpli ýaş maşgalalar ‘aýrylyşýar’Aýry-aýrylykda pikirini aýdan raýatlaryň çakyna görä, maşgalalaryň köp bozulmagyna esasan erkek adamlaryň pulsuzlygy, ýurtdaky işsizlik, aýlyklaryň az bolmagy sebäp bolýar.
Maşgalalaryň kän bozulmagynyň ýene bir sebäbi bolsa, söhbetdeşlerimiziň aýtmaklaryna görä, maşgala biwepalygy bilen bagly.
“Ikilik edýän, başga erkek bilen tutulýan zenanlar maşgalanyň bozulmagyna sebäp bolýar” diýip, bir erkek aýtdy.
Onuň sözlerine görä, hojalyga ärinden biraz köp girdeji getirýän aýallaryň käbiri adamsyny äsgermän, başga erkek bilen aragatnaşyk gurýar.
Synçylar maşgalalaryň bozulmagynda, aýlygy az ýa-da gowy gazançly bolmagyna garamazdan, erkekleriň hem günäsiniň az bolmaýandygyny aýdýarlar.
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen bir zenan esasy mesele jemgyýetdäki ahlak ýagdaýy diýip pikir edýär.
“Bir tarapdan seretseň, ykdysady mesele bolup görünse-de, aslynda adamalarda ahlak, dini sowatlylyk medenýeti gitdigiçe peselýär we şu hem maşgalalaryň köp bozulmagyna sebäp bolýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi öňz pikirini aýtdy.
Ýurtdaky maglumat ýapyklygy, doly bahaly sosial barlag, žurnalistik derňew geçirmek, resmi düşündiriş almak şertleriniň düýpden bolmazlygy, ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, maşgalalaryň köp bozulmagynyň sebäpleri barada anyk netijeleri çykarmaga mümkinçilik bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.