Amazon, eBay onlaýn söwdasy açyldy diýilse-de, täze hyzmat ilaty dollaryň gara bazar nyrhyna direýär

Mobil telefonlaryna seredýän ýaşaýjylar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy we hökümete tarapdar neşirler ýurt ýaşaýjylarynyň daşary ýurt internet dükanlaryndan haryt sargyt edip biljekdigini giňden habar berýän mahaly, türkmenistanlylaryň ençemesi bu hyzmatyň iş ýüzünde birnäçe kynçylyga direýändigini aýdýar.

Hyzmatyň bu görnüşinde türkmen bank kartlarynyň köpüsi arkaly töleg geçirip bolmazlygy, tölegleriň dollaryň Merkezi bank kursy boýunça däl-de, gara bazar nyrhy boýunça hasaplanmagy bu kynçylyklaryň diňe käbirleridir. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 16-njy iýunda maglumat berdi.

Ýurduň ýarym-resmi neşirleriniň maglumatyna görä, “Türkmenpoçta” kompaniýasy “TMDrops” logistika gullugy bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly, ýurt ýaşaýjylary üçin halkara onlaýn söwda mümkinçilikleriniň giňeldilýändigini mälim etdi.

“Täze çözgütler «Amazon», «eBay» we «Zara» ýaly meşhur daşary ýurt internet-dükanlaryndan harytlary sargyt etmäge we olary Türkmenistana getirtmäge şert döredýär... Halkara daşamalary we eltip bermek işlerini «Türkmenpoçta» öz üstüne alýar, «TMDrops» bolsa sargytlaryň yzarlanmagyny we logistika goldawyny üpjün edýär” diýip, “Turkmenportal” neşiri 16-njy maýda habar berdi.

Degişli maglumat

Bankomatlardaky nagt ýetmezçiliginiň fonunda dermanhanalaryň ençemesinde nagt däl tölegler kabul edilmeýär

Şol bir wagtda, aşgabatly we lebaply ýaşaýjylaryň ençemesi bu usul arkaly özleriniň aýlyk zähmet haklary, pensiýalary we döwlet kömek pullary geçirilýän bank kartlary bilen söwda edip bilmeýändigini aýdýar.

Diňe Visa we Mastercard...

“Diňe ýurduň Daşary ykdysadyýet bankyna ýüzlenip, Visa we Master kartlaryny alan adamlar söwda edip bilýärler. Ol kartlar Visa we Mastercard töleg sistemasyna birikdirilen debit kartlar. Bu kartlar hem dürli býurokratik bökdençlikler sebäpli hemmelere berilmeýär, bu hemmelere mälim zat” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Bu maglumaty Aşgabatdaky “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankyndaky bir çeşmämiz hem tassyklap, raýatlaryň aýlyk zähmet haklary geçirilýän bank kartlarynyň halkara töleg ulgamyna birikdirilmändigini aýdýar.

“Şonuň üçin olary halkara töleglerde ulanmak mümkin däl. Adamlar diňe Visa we Mastercard töleg sistemasyna birikdirilen debit kartlar arkaly halkara söwda hyzmatyndan peýdalanyp bilýärler” diýip, çeşmämiz belledi.

“TMDrops-yň” resmi web sahypasynda görkezilýän nyrhlara görä, ABŞ-dan getirilýän ýüküň her kilogramy üçin 18 dollar, Italiýadan we Gresiýadan getirilýän ýüküň her kilogramy üçin bolsa 16 dollar töleg alynýar.

Hyzmatdan peýdalanyp gören ýaşaýjylaryň birnäçesi ahyrky çykdajynyň göz öňünde tutulandan has ýokary bolup bilýändigini, sebäbi ýüküň agramy hasaplananda onuň göwrüminiň, ölçeginiň hem göz öňünde tutulýandygyny we görkezijileriň iň ulusynyň esas hökmünde alynýandygyny aýdýar.

Degişli maglumat

Türkmenler daşary ýurt onlaýn dükanlaryna töleg geçirmekde kynçylyklara sezewar bolýar

"Tölegler dollaryň gara bazar kursunda hasaplanýar"

“Üstesine-de, VISA we Mastercard bank kartlaryndaky manat serişdesi bilen töleg geçireniňde tölegleriň ählisi dollaryň Merkezi bank kursy boýunça däl-de, gara bazaryň kursy boýunça hasaplanyp alynýar. Şeýlelik-de, harydyň bahasy tas ýerli bazarlardaky nyrhlar bilen deň bolýar. Bu hyzmat diňe döwlet kursy boýunça dollar satyn alyp, VISA we Mastercard bank kartlaryna ýükläp bilýänler üçin amatly bolaýmasa, adaty aýlyk bilen ýaşaýan adam üçin bolsa onuň diňe ady bar” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Indi 10 ýyl çemesi wagt bäri Türkmenistanyň Merkezi banky bir amerikan dollarynyň bahasyny 3,5 manat möçberinde saklaýar. Emma ýurduň gara bazarynda dollaryň bahasy resmi hümmetden tas alty esse ýokary bolup, 20 manat töwereginde bahalanýar.

Ýerli synçylaryň birnäçesi döwlet tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmeýän gara bazar hümmetiniň döwlet eýeçiligindäki “Türkmenpoçtanyň” hyzmatdaşlyk etmegindäki hyzmatda ulanylmagy hem gapma-garşylyk döredýändigini aýdýar.

Degişli maglumat

Türkmenabatda walýutanyň gara bazaryna garşy reýd geçirilýär

"Döwlet raýatlara resmi kurs boýunça dollar satmaýar. Emma döwlet edarasy bilen hyzmatdaşlyk edýän hyzmatyň bahalary dollar bilen bellenýär. Manat bilen töleg edilende bolsa, dollaryň Merkezi bank kursy däl-de, gara bazar kursy ulanylýar” diýip, aşgabatly synçy aýtdy.

"Hususy logistika hyzmatynyň peýdasyna..."

Üstesine-de, synçylar döwlet eýeçiligindäki “Türkmenpoçtanyň” ähli ýurt boýunça döredilen infrastrukturasynyň, poçta bölümleriniň, işgärleriniň we gümrük edaralary bilen işleşmek mümkinçiliginiň "bir hususy logistika hyzmatynyň" peýdasyna ulanylmagynyň hem sorag döredýändigini aýdýar.

"TMDrops-yň nähili saýlanandygy, hyzmat üçin açyk bäsleşigiň geçirilip-geçirilmändigi, şertnamanyň näçe möhlet üçin baglaşylandygy we girdejiniň taraplaryň arasynda nähili paýlanýandygy barada maglumat berilmeýär. Bu kompaniýanyň hakyky eýeleri, onuň Türkmenistandaky hukuk derejesi, döwlet edaralary bilen baglaşan şertnamalary we maliýe hasabatlary köpçülige açyk däl" diýip, ýene bir synçy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy bilen telefon arkaly habarlaşyp, resmi teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda gara bazarda walýuta çalşygyny amala aşyrýan raýatlar wagtal-wagtal tussag edilýär ýa-da olara jerime salynýar. Häkimiýetler walýutanyň gara bazar nyrhyny resmi taýdan ykrar etmeýär.

Ýurduň maliýe pudagyndaky sanly ulgamyň kämilleşdirilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.