"Arkadag” futbol klubunyň "Al-Nassr" komandasy bilen 11-nji fewralda Aşgabatda geçiren oýny saud arabystanly futbolçylaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Bu Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň (AFK II) Çempionlar Ligasynyň 1/8 finalynyň birinji oýny bolup, komandalar ikinji oýun üçin 18-nji fewralda Riýadda duşuşarlar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmen tomaşaçylary diňe bir oýnuň özlerinde galdyran täsirleri däl, eýsem türkmen häkimiýetleriniň bu sport wakasyna degişli guramaçylyk çäreleri bilen bagly başdan geçiren tejribeleri barada gürrüň beridiler.
Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçirilen oýun myhmanlaryň peýdasyna 0-1 hasabynda tamamlandy.
Oýnuň ýeke-täk goluny 19-njy minutda, Abdullah Al Hamdan Anjelonyň gol üçin beren pökgüsini urup, hasaby açdy diýip, "Turkmenportal" neşiri ýazdy we “Arkadagyň” oýnuň birinji ýarymda hakyky howp döredip bilmändigini, ikinji ýarymda türkmen toparynyň has işjeň bolup, hasaby deňleşdirmäge synanyşandygyny, ýöne ýagdaýy üýtgedip bilmändigini belledi.
Degişli maglumat 'Arkadag' utmaly. Futbol 'janköýerleri' üçin taýýarlyk çäreleri geçirilýär11-nji fewralda geçirilen bu oýna tomaşa eden märekäniň aglaba köpçüligini, aşgabatly çeşmeleriň sözlerine görä, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň studentleri we býujet edaralarynyň işgärleri emele getiripdir. Türkmen studentleriniň soňky günlerde çekilen mejbury çäreleri diňe bir stadion bilen çäklenmän, olar daşary ýurtly futbolçylary köpçülik bolup, garşy almak üçin aeroporta guramaçylykly eltilipdir.
"Saud Arabystanynyň 'Al-Nassr' futbol toparyny garşy almak üçin 10-njy fewralda Sport we syýahatçylyk institutynyň talyplaryny ir sagat 5-de Aşgabadyň howa menziline awtobusly getirip, hatara düzdüler" diýip, çärä gatnaşan çeşme gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, ýaşlar myhmansöýerligi we sport bilen meşgullanýandygyny, gyzyklanýandygyny görkezmelidi.
Saud Arabystanly futbolçylary garşylamak üçin aeroportda bolan ýaşlar sowukda üç sagatlap garaşmaly bolandygyny gürrüň berdiler.
"Al-Nassr" futbol topary ir sagat 8-de Aşgabadyň howa menziline gondy. Talyplar 5-de getirildi, üç sagatlap sowuk howda garaşyp, duruzyldy. Ýuka sport eşikde üç sagatlap garaşmaly bolan talyplaryň arasynda sowuklanlar, dümewlänler bar" diýip, aşgabatly student aýtdy.
Ulag dyknyşygy döredi
Bu geçirilen futbol çäresi Olimpik stadionynyň golaýynda ýaşaýan ýaşaýjylar üçin, şeýle-de Ahal welaýatynyň paýtagta golaý etraplaryndan getirilen býujet işgärleri üçin has-da kyn boldy diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.
Onuň sözlerine görä, Ahal welaýatynyň etraplarynda ýaşaýan we paýtagtyň býujet edara-kärhanalarynda işlemäge rugsat berlen işgärleriň ençemesi stadionda geçirilen futbol oýnuna tomaşa etmäge mejbur edilipdir. Olaryň arasynda 11-nji fewralda oýnuň geçen güni gije sagat 2-de ýa-da 3-de öýlerinden şahsy ulagly gaýdan raýatlar ýörite duralgalar bolmansoň, awtoulaglaryny golaýdaky ýaşaýyň jaýlaryň howlularynda galdyrmaly bolupdyr.
"Olar Parahat-1, 2, 3 etrapçalaryň ýaşaýyş toplumlarynyň howlularynda ýer tapan ýerlerinde goýup, pyýada stadiona baryp, şol ýerde oturyp oýun başlanýança garaşmaly edildi" diýip, habarçymyz aýtdy.
"Arkadag" bilen "Al-Nasr" futbol oýnunyň geçirilýän güni Olimpiýa stadionynyň golaýyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň howlularynda awtoulag dykylyşy döredi. Aşgabat, 2026-njy ýylyň 11-nji fewraly.
Jaýlaryň howlularynda tertipsiz taşlanan nätanyş we welaýat belgili ulaglaryň ýüzlerçesi ýaşaýjylaryň gahar-gazabyna sebäp bolupdyr.
"Oýun tamamlanandan soň hem jaýlarynyň ýaşaýjylary hususy ulaglaryny petige direlen ýerlerden çykaryp bilmediler. Käbir ulaglaryň eýeleri nätanyş ulaglaryň eýeleri gelenden soň paýyş sözleri aýdyp, ýakalaşanlar hem boldy" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Şäher häkimiýetleri bir gün öň Olimpik stadionynyň golaýyndaky ýaşaýyş jaýlaryň ilatyna awtoulaglaryny ulanmazlygy berk tabşyrypdy.
Tiz kömek geçip bilmedi
Köçelerdäki we howlulardaky dyknyşyk tiz kömek ulaglarynyň geçmegine hem päsgel berip, adamlaryň saglygyna howp saldy.
Degişli maglumat Aşgabatda 'Arkadag'-'Al-Nassr' futbol öýny geçer, Ronaldo Türkmenistana barmady"Aýratyn hem şol gün ýarawsyz bolup, tiz lukmançylyk kömegine mätäç näsaglar kösendi. Lukmançylyk ýörite ulaglaryň golaý gelip bilmezligi sebäpli, ulagy ýarym hatda bir kilometr daşlykda galdyrmaly bolan lukmanlar zerur gerekli derman we enjam gutularyny süýräp, hassanyň öýüne çenli pyýada ýöräp barmaly boldular" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
"Muňa hem lukmanlar, hem-de hassalar gaharlandy" diýip, ol belledi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri "Arkadag" - "Al-Nassr" futbol oýnunyň Aşgabatda geçirilmegine bir aý öňünden güýçli taýýarlyk görüp başladylar. "Janköýerleri" taýýarlamak üçin stadionda yzygiderli maşk geçirmekden, tomaşaçylaryň köp bolmagy üçin býujet işgärlerini bilet satyn almaga mejbur etmekden başga-da, şäheriň merkezindäki etrap ýaşaýjylarynyň hereket azatlygyny çäklendirmek ýaly çäreler hem geçirilipdi.
Şeýle-de, türkmenistanlylar "Arkadag" komandasynyň emblemasy bolan futbolkalary satyn almaga mejbur edildi. Studentlerden we býujet işgärlerinden bu geýim üçin 120 manatdan ýygnandy, ýurduň resmi kursy boýunça bu 34,2 amerikan dollaryna barabar.
Degişli maglumat Aşgabatda 'Al-Nassr' bilen öýnajak 'Arkadagyň' janköýerlerini taýýarlamak üçin maşklar dowam edýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.