Arzyny eşitdirmek üçin welaýatlardan paýtagta, prezident köşgüne gelýänler köpelýär

Aşgabatdaky bir edaranyň öňünde üýşüp duran zenanlar (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda ýerli häkimiýetleriň öz arz-şikaýatlaryny kanagatlandyrmaýandygyny aýdyp, raýatlaryň köpçülikleýin häsiýetde welaýatlardan Aşgabada, prezident köşgüniň öňüne gelmegi bilen bagly wakalar göz-görtele köpeldi.

Munuň bilen bir wagtda, prezident köşgüniň töwereginde raýat we polisiýa eşigindäki howpsuzlyk işgärleriniň sany hem artdy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 13-nji fewralda paýtagtdan maglumat berdi.

“Şu ýylyň başyndan bäri welaýat ýaşaýjylarynyň öz arzyny prezidente aýtmak üçin awtobuslarda köpçülikleýin, 10-15 adam bolup, käte mundan hem köpräk topar bolup, prezident köşgüne tarap gelmegi bilen bagly ýagdaýlar juda köpeldi” diýip, bu wakalara şaýat bolýan paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýöne bu raýatlar prezident köşgüniň golaýyna ýöräp başlanda, olar howpsuzlyk işgärleri tarapyndan saklanýar.

Degişli maglumat Balkanda raýatlaryň açyk şikaýat wideolary köpelýär, MHM-niň olara basyşy güýçlenýär

Welaýat ýaşaýjylary olara öz meseleleri bilen bagly ýerli häkimiýetleriň çykaran karary ýa-da çözgüdi bilen ylalaşmaýandyklaryny, olaryň ]z arzlaryny kanagatlandyrmaýandygyny aýdyp, bulary prezidente eşitdirmäge we ondan kömek soramaga gelendiklerini aýdýarlar.

“Ýöne ‘dokuň açdan habar ýok’ diýlişi ýaly, howpsuzlyk işgärleri olary köşgüň golaýyna hem ýakynlaşdyrmaýarlar we olar bilen gödek gürleşip, olara ‘öz ýerli hökümetiňize ýüz tutuň’ diýip, jogap berýärler we adamlara öz arzyny aýtmaga rugsat bermeýärler. Ýaşaýjylar ‘olar biziň arzymyzy diňleýän bolsa, ýüzlerçe kilometr ýol söküp, gymmatly wagtymyzy ýitirip, paýtagta gelmezdik’ diýýärler. Ýöne güýç gulluklary adamlaryň öňünde diri diwar bolup durýarlar we olary geçirmeýärler” diýip, waka şaýat bolan paýtagtly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

"Bu ýagdaýlar hökümeti biynjalyk edýär"

Şu günler welaýatlardan gelen raýatlaryň prezident köşgüniň golaýyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, öňki serkerdeler öýüniň, oba hojalyk toplumynyň garamagyndaky “Serpaý” dükanynyň golaýynda garaşyp durandygyny ýa-da gezmeläp ýörendigini görse bolýar.

“Olar ir sagatlardan giçlik sagat 4-5-e çenli, sowuk howada, bu ýerlerde durýarlar. Mümkinçilik bolsa oturýarlar. Olaryň käbirleri agşam tanyş-bilişlerinde, käbirleri bolsa, myhmanhanada galýandyklaryny belläp, ertir ýene gelip, öz arzlaryny we talaplaryny eşitdirmäge synanyşjakdyklaryny aýdýarlar” diýip, paýtagtly ýaşaýjy belledi.

Bu raýatlaryň käbirleri bilen söhbetdeş bolan paýtagtlylaryň sözlerine görä, Aşgabatdaky häkimiýetler olaryň arzyny diňlemeýärler. Muňa derek olar köşgüň töweregindäki howpsuzlyk işgärleriniň sanyny artdyrýarlar.

“Soňky bir aýdan gowrak wagtyň dowamynda köşgüň töweregindäki raýat we polisiýa eşigindäki howpsuzlyk işgärleriniň sany göz-görtele artdy. Olar her birnäçe ädimde durup, köşgüň diri adamlardan ybarat gorag halkasyny güýçlendirdiler” diýip, bu ýagdaýlara her gün şaýat bolýan paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Paýtagtyň kanun goraýjy edaralaryndaky bir çeşmämiz bu ýagdaýlaryň häkimiýetleri alada goýýandygyny aýdýar. Ol muňa welaýat ýaşaýjylarynyň köşge gelmegi bilen bir hatarda, olaryň köpçülikleýin üýşmekleriniň paýtagt ýaşaýjylarynyň hem ünsüni çekip başlamagynyň sebäp bolýandygyny belleýär.

Degişli maglumat Sungat işgärlerinden we bloggerlerden türkmen aktiwistlerine garşy maglumat paýlaşmak talap edilýär

“Üýşüp durýan welaýat ýaşaýjylarynyň gapdalyndan pyýada geçýän adamlar hem olardan näme üçin durandyklaryny soramagy bilen bagly ýagdaýlar köp bolýar. Bu bolsa, hökümeti biynjalyk edýär” diýip, çeşmämiz aýtdy.

"Duýgudaşlyk bildirmek"

Bu maglumaty habarçymyz hem tassyklap, pyýada geçip barýan paýtagtlylaryň arasynda welaýat ýaşaýjylaryndan üýşüp durmaklarynyň sebäbini soramagy we olaryň meselelerini diňlemegi bilen bagly ýagdaýlara köp duş gelse bolýandygyny aýdýar.

“Welaýat ýaşaýjylarynyň arasynda öz sebitinde içjek agyz suwlaryny hemişe satyn almaly bolýandyklaryny, hökmany gulluk borjuny berjaý edýän oglunyň golunyň gullukdaş esgerleri tarapyndan döwlendigini, mellek ýeriniň elinden alnandygyny, ýurtdaky ýiti işsizlik zerarly, oglunyň ýa-da gyzynyň ähli resminamalarynyň düzüwdigine garamazdan, uçara goýberilmeýändigini we beýleki meseleleri aýdýanlar bar. Olar paýtagt ýaşaýjylaryna ýerli häkimiýetleriň bu meseleleri çözüp bermeýändigini gürrüň berýärler. Paýtagtlylaryň arasynda olara duýguşdalyk bildirýänler hem köp” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda bu ýagdaýlar barada degişli häkimiýetlerden teswir almak başartmaýar. Bu ýagdaýlar barada ýurduň metbugat serişdelerinde hem gürrüň gozgalmaýar.

Azatlygyň paýtagtyň Polisiýa müdirliginiň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine jaň edip, bu ýagdaýlar barada teswir almak boýunça eden synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Degişli maglumat Ilatyň hökümetçi mollalara we ýaşululara gaýtawul bermegi ‘artýar’, käte bu wakalar ‘urup-ýençmä’ baryp ýetýär

Açyk şikaýatlar, nägilelikler

Paýtagtdaky bu wakalar, Türkmenistanda, hususan-da, Balkan welaýatynda raýatlaryň sosial ulgamlar arkaly ýerli kazyýetleriň üstünden açyk şikaýat etmegi bilen bagly nägilelik wideolarynyň göz-görtele köpelen mahalyna gabat geldi.

Sosial ulgamlarda, hususan-da, TikTok-da paýlaşylan onlarça wideonyň köpüsinde raýatlar "ýerli häkimiýetleriň, şol sanda kanun-goraýjy we sud edaralarynyň eden-etdiliklerine Aşgabatdaky häkimiýetleriň ünsüni çekmek isleýändiklerini" aýdýarlar.

Bu wideolaryň köpelmeginiň fonunda, Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) we polisiýanyň ýerli bölümleri tarapyndan wideolary paýlaşýan raýatlara garşy basyşlar hem artdy. Habarçylarymyz bu raýatlardan, gorkuzmalar, haýbatlar we töhmetler arkaly, wideolary aýyrmagyň talap edilýändigini aýtdylar.

Türkmenistanda häkimiýetleriň ilat bilen wagyz-nesihat ýygnaklaryny geçirip, arz-şikaýatlary bes etmek barada ýakynda eden talaplaryna garamazdan, raýatlaryň aç-açan nägilelik bildirmegi bilen bagly wakalar köpelýär.

Şu aýyň başynda Türkmenbaşy şäheriniň onlarça ýaşaýjysy şäher häkimligine baryp, täze golf-klubynyň gurulmagyna garşy nägilelik protestini bildirdi.

Şu hepdäniň başynda bolsa, habarçylarymyz ýurtda ilatyň hökümetçi mollalara we il ýaşulularyna aç-açan gaýtawul bermegi bilen bagly wakalaryň ozal görlüp-eşidilmedik derejede artandygyny, käte bularyň ‘urup-ýençmä’ baryp ýetýändigini habar berdiler.

Ýerli synçylaryň birnäçesi bu tendensiýany “çykgynsyz ýagdaýdaky adamlaryň sabyr käsesiniň dolmagy” diýip häsiýetlendirýär we muňa ýurtda aýlyklaryň, pensiýalaryň we beýleki döwlet kömek pullarynyň möçberini 10 göterim artdyrmak tejribesiniň bes edilmeginiň hem goşant goşandygyny aýdýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.