Täze ýylyň öňüsyrasynda paýtagtyň we welaýatlaryň arasynda gatnaýan otlulara we uçarlara bilet gytçylygy güýçlendi. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, kassalarda biletler tapdyrmaýarka, üstüne para berlip, satyn alynýan biletleriň bahasy resmi nyrhdan ençeme esse ýokarlanypdyr.
Aşgabadyň we Balkan welaýatynyň uçar we demirýol kassalaryndaky ýagdaýdan habarly çeşmeleriň sözlerine görä, bu aralykda gatnaýan uçarlara biletleriň döwlet bahasy 140 manat, otly biletleriniň nyrhy platskart wagonlarda 30 manat, kupe - 60 manat, emma bu bahadan kassalarda bilet ýok, onlaýn görnüşinde hem satyn alyp bolmaýar.
Biletleri diňe tanyşlyk üsti bilen para berip, tapyp bolýar, uçar biletiniň bahasy 1700 manada, otly biletiniň bahasy 500 we 800 manat aralygynda durýar. Merkezi Bankyň kursy boýunça 40 dollarlyk uçar bileti 485,7 amerikan dollaryna barabar bolýar.
Degişli maglumat Otly we awtobus biletleriniň ýetmezçiligi ýitileşdi, taksileriň ýol kireý nyrhlary ýokarlandyÇeşmeleriň sözlerine görä, şeýlelikde şu günler paýtagt we welaýat merkezleri aralygynda ýola düşmekçi bolýan adamlarda iki sany mümkinçilik bar, ýagny para berip, tas 10 esse ýokary bahadan bilet satyn almak, ýa-da wagonlaryň geçelgelerinde durup, gitmek. Ýöne iňňän oňaýsyz şeýle şertlerde syýahat etmek üçin hem biletiň resmi nyrhyndan ençeme esse köp pul bermeli bolýar.
"Para berip bilet almak mümkin. Şeýle-de, otluda biletsiz, wagonlaryň geçelgelerinde hajathanasynda dik durup gaýtmak mümkin. Munuň üçin bolsa, bir adam üçin prowodnige 400 manat bermeli" diýip, balkanly çeşme 25-nji dekabrda gürrüň berdi.
Bilet gytçylygynyň arasynda paýtagtyň we Balkan welaýatynyň arasynda gatnaýan otlularyň ýolagçy gatnatmak mümkinçiligi artdyrylypdyr.
"20-nji dekabrdan goşmaça otly wagonlary köpeldildi, ýöne goýlan wagonlar adamlaryň talabyny ödemeýär. Her gün Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça azyndan 2 otly gatnawy ýola goýmaly, emma häzir diňe biri bar" diýip, çeşme aýtdy.
Transport ugry boýunça işleýän çeşmäniň sözlerine görä, Türkmenistanda dekabryň ortalaryndan başlap, içerki gatnawlara agram artýar, ilatyň transporta talaby adatdakysyndan ençeme esse köpelýär we demir ýol wokzallary hem-de howa menzilleri "ýolagçydan dolýar".
Çeşmäniň sözlerine görä, bu ýagdaý paýtagtyň welaýatlaryň ählisiniň administratiw merkezleri bilen arasyndaky transport gatnawyna degişli.
"Aşgabatdan Daşoguza 3 otly gatnaýar, emma azyndan 8 otlynyň gatnamagyna talap bar. Lebap welaýatyna diňe 2 otly gatnawyna goşmaça 4 sany ýolagçy wagony goşuldy. Bu bolsa, Aşgabat - Amyderýa ugry boýunça bar bolan talapdan 10 esse az. Şeýlelikde, adamlar 1100 kilometr aralygynda otly wagonlarynyň geçelgelerinde dik durup gitmeli bolýarlar we şeýle kösençlik üçin hem 500 manat para berýärler" diýip, çeşme aýtdy.
Paýtagtyň demirýol wokzallarynda şu günler bilet satyn almak üçin baran adamlaryň arasynda nägilelik artýar. Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy ýagdaýdan açyk närazylygyň köpelýändigini, nobatda duran adamlaryň käte öz gaharyny bir-birinden çykarýandygyny gürrüň berdi.
"Protestler, ýakalaşmalar bolýar. Bilet üstünde uly närazyçylyk. Demirýol müdirliginiň Magtymguly köçesiniň ugrundaky baş binasynyň öňünde müňläp adam toplanýar" diýip, habarçy 25-nji dekabrda aýtdy.
Azatlyk bilen anonimlik şertlerinde söhbetdeş bolan ýolagçylar paýtagtdan welaýatlara barmaga gyssagy düşende para bermekden başga çäresiniň ýokdugyny we otlulardaky agyr şertlerde razy bolýandygyny aýdýarlar.
"Otlularyň köpüsi abatlanmaga mätäç, wagonlaryň hajathanalarynda suw ýok, erbet ys gelýär. Ýatylýan düşekleriň, ýassyk daşlarynyň kiri, ýyrtygy bu golaýda ýuwulmandygyny, täzelenmändigini görkezýär" diýip, lebaply ýaşaýjy gürrüň berdi.
Degişli maglumat Maslahat edilýär, demirýol hyzmaty gowulaşmaýar - ÇeşmelerTäze ýyl baýramçylygynyň oňýany adamlar öz ýakynlarynyň ýanyna barmaga howlugýarka, dürli transport mümkinçiliklerini ulanýarlar. Otly we uçar biletleriniň gytçylygynyň arasynda uzak aralyga gatnaýan awtoulaglaryň nyrhy hem göterilipdir. Hususan-da, Aşgabatdan Lebap welaýatyna taksi tutup, gitmegiň bahasy bir adam üçin 2000 manatdan aşýar.
"Dekabryň aýagynda adamlar näçe manat bermeli bolsada, öýlerine aşmak üçin tölemäge kaýyl bolýarlar. Käbirler paýtagtda işläp bir aýda gazanan pullaryna deň çykdajy edýärler" diýip, lebaply ýaşaýjy gürrüň berdi.
Türkmenistanda otly we uçar biletleriniň gytçylygy ýyllarboýy saklanýar, baýramçylyklaryň öňýany we dynç alyş möwsüminde has-da güýçlenýär. Şu ýyl tomus aýlarynda içerki uçar reýsleriniň sanynyň köpelendigi habar berlipdi. Emma habarçylaryň sözlerine görä, bu bilet gytçylygyny gowşatmandyr.
Ýurtda bilet gytçylygynyň sebäpleri barada ilata resmi düşündiriş berilmeýär. Bu mesele hökümet maslahatlarynda we döwlet media serişdelerinde açyk gozgalmaýar.
Degişli maglumat Ilat ýurt içindäki 'gatnaw kynçylyklarynyň beterleşmeginden' gaty nägile bolýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.