Aşgabat welaýat ýaşaýjylaryny ‘kowup’, dilegçileri wagtlaýyn tussag edip, it-pişikleri 'ýok edip', halkara foruma taýýarlanýar

Aşgabatda ýapylan köçäniň başynda duran polisiýa işgäri (Arhiw suraty)

Paýtagt Aşgabatda soňky bir hepde bäri welaýatdan baran ýaşaýjylar öz ýaşaýan sebitlerine ugradylýar, dilegçiler we arakhorlar wagtlaýyn tussag edilýär, it-pişikler zäherlenip, ýok edilýär, köçeler we gijeki klublar ýapylýar.

Bularyň ählisi Russiýanyň we Eýranyň prezidentleriniň gatnaşmagynda geçiriljekdigi aýdylýan halkara foruma görülýän taýýarlyklaryň çäginde amal edilýär. Ýerli synçylaryň ençemesi muny “soňky 10 ýylda görlüp-eşidilmedik howpsuzlyk çäreleri we çäklendirmeleri” atlandyrýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji dekabrda paýtagtdan maglumat berdi.

“Şäherde giň gerimli abadanlaşdyryş, abatlaýyş işleri geçirilip gutardy diýsek hem bolar. Köçeler hem abatlandy. Köçelerde raýat we polisiýa eşigindäki howpsuzlyk işgärleriniň sany juda köpeldi. Şeýle-de, resmiler geçen hepdäniň başyndan bäri paýtagtda giň gerimli, berk çäklendirmeleri girizýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Degişli maglumat Bitaraplyk gününe gabat Aşgabatda köçe hereketine çäklendirme girizilýär

Çäklendirmeleriň çäginde ilata şu hepdäniň ahyryna çenli, ýagny Bitaraplyk baýramy geçýänçä toý-sadakalary bermek, şol sanda çadyrlary guramak gadagan edildi.

“Ilatyň, hususan-da, ýaşlaryň barýan gijeki klublary, diskotekalar hem bir hepde bäri ýapyk” diýip, paýtagtly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Şu we beýleki çäklendirmeler 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma görülýän taýýarlyklaryň çäginde amal edilýär.

Dilegçiler, arakhorlar 'ýygnalýar'

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna”, Bitaraplygyň halkara gününe hem-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan foruma beýleki ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylary bilen bir hatarda, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň we Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkianyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada resmi metbugat bilen bir hatarda, agzalan ýurtlaryň media serişdeleri habar berýär.

“Bu forum we bu sapar Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň otuz ýyllygyna bagyşlanýar we türkmen dostlarymyz prezidentimiziň gatnaşmagyny haýyş etdiler we biz bu saparyň [amala aşjakdygyny] kabul etdik” diýip, Putiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow 3-nji dekabrda “Interfax” neşirine beren maglumatynda aýtdy.

Şeýle-de, türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň geçen aýyň ahyrynda Gazagystana sapary döwründe gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň hem bu foruma gatnaşjakdygyny tassyklandygyny, 25-nji noýabrda türkmen metbugaty habar berdi.

Mundan başga-da, paýtagtda dilegçilik edýän adamlar, şol sanda çagalar, spirtli içgilere garaşlydygy barada ýörite hasapda duran raýatlar we köçelerdäki “arakhorlar” wagtlaýyn tussag edilip, “Arzuw” ýaşaýyş toplumyndaky tussaghanada saklanýar.

It-pişikler ýok edilýär

“Jemagat hojalygy müdirliginiň, şeýle-de häkimligiň işgärleri it-pişikleri zäherläp ýa-da urup-ýenjip öldürmek çärelerini hem güýçlendirdiler” diýip, paýtagtly ýaşaýjylaryň ençemesi anonimlik şertinde aýtdy.

Şeýle-de, resmiler paýtagtdaky ilçihanalara baryp, nobata duran tas ähli adamlary dargadýarlar. Welaýatlardan bu ýere gelen raýatlar bolsa, polisiýa bölümlerine alnyp gidilýär.

Degişli maglumat Aşgabatda içerki migrantlar ýene tussag edilýär, jerime salynýar we paýtagtdan kowulýar

“Bu ýagdaýlara gazak, özbek, rus we türk ilçihanalarynyň töwereginde synlasa bolýar. Saklanan welaýat ýaşaýjylaryny göni wokzala äkidip ýa-da awtobuslara mündürip, welaýatlaryna kowýarlar” diýip, paýtagtly ýaşaýjy belledi.

Mundan başga-da, şäheriň Garaşsyzlyk şaýoly, Bitarap Türkmenistan şaýoly we Türkmenbaşy şaýoly ýapyldy. Bu köçelere diňe ulag däl, hatda pyýada raýatlar hem goýberilmeýär.

“Gaty arassa bolup durmalydygy aýdylýar. Olarda yzygiderli arassaçylyk işleriniň geçirilýändigini görse bolýar. Bu köçelere welosipedli geçmek hem bolmaýar. Umuman hemmeler üçin ýapyk” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýatlatsak, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy bilen bagly çäreler sebäpli, Aşgabatda köçe hereketine wagtlaýyn çäklendirmeler giriziljekdigini türkmen metbugaty habar beripdi.

"Ilatyň öýden çykman oturmagy üçin oýlanyp tapylan karar"

“Bu çözgüt paýtagtyň köçelerindäki ulag hereketiniň dowamlylygyny we onuň ýokary dykyzlygyny nazara almak bilen kabul edildi” diýip, resmi habarda aýdylýar.

Ýöne habarda wagtlaýyn çäklendirmeleriň 8–12 dekabr aralygynda Garaşsyzlyk şaýolundaky, Bitarap Türkmenistan şaýolundaky we Türkmenbaşy şaýolundaky awtoulag hereketine degişli boljakdygy aýdylypdy.

Degişli maglumat Býujetçileriň çäre mejburlygy batlanýar, ýurt Hasyl we Bitaraplyk günlerine taýýarlanýar

Türkmenistanlylaryň ençemesi anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda bu çäklendirmeleri “adamçylyga sygmajak” çäreler atlandyrýar.

“11-nji we 13-nji dekabr günleriniň dynç günleri yglan edilmeginiň maksady hem halkyň dynç almagy däl-de, foruma geljek myhmanlar sebäpli, paýtaglylaryň öýlerinden çykman oturmaklary üçin oýlap tapylan karar” diýip, paýtagtly ýaşaýjy aýtdy.

Bellesek, Türkmenistanda 11–13-nji dekabr iş güni däl diýlip yglan edildi. Türkmen prezidenti bu baradaky permana 5-nji dekabrda gol goýdy. Ol munuň ýurduň ilatynyň Bitaraplyk baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, kabul edilendigini aýtdy.

Bu aralykda, habarçymyz paýtagtyň käbir söwda nokatlarynda, şol sanda “Gülistan” we “Teke” bazarlarynda etiň we gök-bakja önümleriniň emeli bolçulygynyň döredilendigini hem habar berýär.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada paýtagtyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda adatça baýramçylyklarda, ýokary derejeli resmileriň saparlary ýa-da döwlet baştutanynyň ulag kerweniniň geçmegi bilen bagly howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär, köçeler ýapylýar, ulaglar we raýatlar üçin hereket çäklendirmeleri we beýleki gadagançylyklar girizilýär. Bu çäreler onýyllyklaryň dowamynda gaýtalanyp gelýär.

Ýöne ýerli synçylaryň ençemesi paýtagtda indi bir hepde bäri dowam edýän bu ýagdaýlary “soňky 10 ýylda görlüp-eşidilmedik howpsuzlyk çäreleri we çäklendirmeleri” atlandyrýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.