"Awaza" myhmanlary ala tutmakda, dynç aljaklary 'strese salmakda' aýyplanýar

"Awaza" görnüşi. Bezeg suraty

Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli dynç alyş zolagy şu günler köp adamly we, myhmanhanalarda ýer ýetmezçiligi kähalatda myhmanlaryň ala tutulmagyna, wezipeli ýa täsirli raýatlaryň ozal gelip, dynç alyp ýören adamlary otaglaryndan çykartmagyna hem sebäp bolýar diýip, Azatlygyň Balkandaky habarçysy habar berýär. Synçylar bu hili ýagdaýlaryň "Awazada" ozalam bolandygyny belleýärler.

Mundan öň, iýulyň başynda habarçymyz deňiz kenarynda köpelen zäherli ýylanlar zerarly, dynç almaga gelen çagaly maşgalalaryň uly alada galýandygyny habar beripdi.

Azatlygyň çeşmeleri bu ýerdäki myhmanhana toplumlarynyň häzir hemmesiniň diýen ýaly myhmandan doludygyny, ykdysady kynçylyklara garamazdan, ýagdaýyny tapan türkmenistanlylaryň her ýylda bir, iki hepde dynç almak mümkinçiliginden peýdalanmaga çalyşýandyklaryny, bu ýagdaýyň ýurt ilatynyň saglygy üçin gowy täzelikdigini belleýärler.

Hyzmat medeniýetiniň gürrüňi edilmeli 'meselesi kän'

Emma muňa garamazdan, “Awazadaky” hyzmat medeniýetinde gürrüňi edilmeli meseleleriň hem az däldigi aýdylýar.

Anonimlik şertinde gürleşen raýat myhmanhanalarda dynç almaga gelýänleriň özlerinden edilýän ähli talaby ýerine ýetirýändigini we hyzmat hödürleýän taraplaryň hem öz borçlaryny ýerine ýetirmegini isleýändigini, munuň tebigy ýagdaýdygyny aýtdy.

Degişli maglumat

Dynç alyş zolagynda zäherli ýylan 'köpelýär', "Awaza" gelenler 'aladaly'


“Myhmanlaryň ýanynda şahsyýetlerini tassyklaýan resminamalarynyň bolmagy hökmany talap, myhmanhana tölegi, näçe gün boljagyňa baglylykda, öňünden tölenmeli. Ýagny, bir hepde üçin ýedi günüň tölegi tölenýär, on gün dynç almak isleseň, on gün üçin töleg tölenýär we şuňa meňzeş” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran raýat adamlaryň kenarda bir-birine öz başdan geçiren oňaýsyz ýagdaýlaryny, dynç almagyň ýerine ‘stres alandyklaryny’ gürrüň berýändiklerini hem sözüne goşdy.

Aýry-aýrylykda gürleşen myhmanlaryň sözlerine görä, ýurtda ýönekeý raýatlaryň kanuny talaplary, ol ýa-da beýleki meselede ‘haklarynyň iýilýändigi’ baradaky şikaýatlary köplenç, döwet edarasynyň peýdasyna, esassyz ret edilýär we ilatda arz etmekden netije çykmaz, barybir diňlemezler diýen umytsyz pikir güýçlenýär.

Bu aýdylýanlary “Hasyl” myhmanhanasynda dynç alan raýat hem tassyklary.

“On gün ýaşamak üçin, “Hasyl” myhmanhanasyna öňünden on günüň tölegini töläp, iki gün bolup, üçünji gün diýlende irden, sagat on töwereginde dynç almakdan mahrum edildim” diýip, raýat gapysynyň kakylandygyny, şondan soňky wakalary gürrüň berdi.

“Gapyny açsam, işikde myhmanhananyň administratory dur. Ol maňa salam berip, ‘Bagyşlaň, siz şu gün bolýan otagyňyzy boşatmaly boljak’ diýdi. Men geň-taň bolup, ‘Näme boldy? Näme üçin boşatmaly?’ diýip soradym. ‘Paýtagtdan ýokary wezipeli, goçak ýyldyzly pogonly [myhman] dynç almaga geldi we [ol] şu myhmanhanany saýlapdyr’ diýdi.”

'Sen erkek, başga myhmanhanada hem ýerleşip bilersiň'

Uzyn gepiň gysgasy, habarçymyzyň ýazmagyna görä, myhmanhana dolandyryjysy oňa myhmanhananyň ähli ýeriniň maşgalasy bilen gelen myhmanlardan doludygyny, wagtyndan öň çykmaly edilen myhmanyň bir otagda ýeke özüniň bolýandygyny, onuň erkek adamdygyny, başga myhmanhanada hem ýerleşip biljekdigini aýdýar.

“Men başda dawa edip, adalat talap etjek boldum. Ýöne bir salymdan polisiýa işgäri gelip, ‘Agam, beýdip kejeleşip durman, ýagdaýa düşünäýiň. Siz otagy boşatmaly boljagyna gowulyk bilen düşünäýiň’ diýdi.”

Bolýan myhmanhanasyndan wagtynda öň çykmaly edilen raýat galan günlerine tölän pulunyň gaýtarylyp berilmegini sorap, ‘geçirilen tölegleriň yzyna gaýdyp berilmeýändigi’ baradaky jogaby alýar.

Şondan soň, dynç alyş keýpi gaçan myhman goşlaryny alyp, öýüne gaýtmak kararyna gelipdir diýip, habarçymyz ýady.

“Awazada” myhmanlaryň bolýan myhmanhanalaryndan çykarylmagy, ýokary derejeli myhmanlar sebäpli döreýän oňaýsyzlyklar barada ilkinji gezek habar berilmeýär.

Şonuň bilen bir wagtda, milliardlarça dollar harçlanyp gurlan desgalara garamazdan, dynç alyş zolagynda ýurduň öz raýatlaryna hem ýeterlik ýer bolmaýar we bu ýagdaý parahorlugyň, bikanun işleriň artmagyna getirýär.

Ýer gytçylygy we para çözgüdi

Iýun aýynyň aýagynda habrçymyz “Awaza” myhmanhanalarynda başlanan ýer gytçylygy we adamlaryň meseläni para we tanyş üsti bilen çözmeli bolýandygyny habar berdi.

Degişli maglumat

Awazada emeldarlar dynç alýar, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi, bahalar ýokarlandy


"Dört müň manatdan başlaýan para "Standart" we 'Lux' otoglara ýerleşip bolýar. Bu 4 müň manat para otag üçin töleglerden aýratyn hasaplanýar" diýip, habarçymyz myhmanhana işgärlerine salgylanyp aýtdy.

Çeşmeleriň sözlerine görä, myhmanhana nyrhlary umuman tomsuň başyndan ýokarlanyp başlaýar.

"1-nji iýundan başlap myhmanhanalaryň döwlet bahasy gymmatlady. Iki adamlyk ýarym "Lux" otagy bir gijesine 220 manatdan 430 manada çenli gymmatlady" diýip, myhmanhana işgäri aýtdy.

Türkmenistanda metbugat azatlygynyň bolmazlygy we döwlet eýeçiligindäki neşirleriň işgärleriniň berk senzura astynda işlemekleri “Awazada” bolan myhmanlaryň dynç alyş zolagyndaky tejribelerini özleri bilen alyp gitmeklerine ýa-da garaşsyz neşirleriň habarçylaryna aýdyp, seslerini eşitdirjek bolmaklaryna getirýär.

Azatlyk “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky ýagdaýlar barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.