Balkan welaýatyndaky çeşmeler her ýyl tomsuň yssy günlerinde Türkmenbaşy şäherine gelip, Hazar deňzinde gark bolup ölýänleriň sanynyň on adamdan hem aşýandygyny habar berýärler. Şu aralykda habarçymyz “Awaza” milli dynç alyş zolagyna dynç almaga gelen çagalaryň biriniň 28-nji iýulda heläk bolandygyny, beýlekisiniň tapylmaýandygyny habar berdi.
Türkmenistandaky maglumat ýapyklygy, resmileriň garaşsyz neşirlere hiç bir düşündiriş bermezligi we ýerli metbugatyň berk senzura şertlerinde işlemegi Hazar deňzinde bolýan heläkçilikli ýagdaýlary garaşsyz ýagdaýda tassyklatmaga mümkinçilik bermeýär.
Tomus aýlarynda, howanyň aşa gyzan günlerinde bolýan betbagtçylyklaryň esasy pidalary gowy ýüzüp bilmeýän çagalar we ýetginjekler bolýar diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Deňizde howply ýagdaýlar 'köpelýär'
Onuň sözlerine görä, deňiz kenarynda dynç almaga gelýän ýaşlaryň arasynda gowy ýüzüp bilmeýänleri hem az däl we olaryň arasynda deňziň mylaýym, jana ýakymly suwuna girip, ozaly tejribesizlik, galyberse howpsuzlyk şertleriniň üpjün edilmezligi netijesinde, wagtynda kömek ýetişmän, gark bolýanlar hem bar.
Degişli maglumat
Dynç alyş zolagynda zäherli ýylan 'köpelýär', "Awaza" gelenler 'aladaly'Türkmenistanda berk döwlet gözegçiliginde saklanylýan merkezi habar serişdeleri, şol sanda sebit metbugaty ýurtda adam saglygyna, ömrüne howp salyp biljek ýagdaýlar barada wagtly-wagtynda, möwsümleýin we ýeterlik maglumat bermeýär diýip, synçylar aýdýarlar.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen bilermen dynç almaga gelýän adamlaryň köpüsiniň deňziň kenara ýakyn suwlarynda suwuň halka gurap aýlanmak, özboluşly bir girdap döretmek hadysasynyň bolýandygyy bilmeýär diýdi.
“Bu ýagdaýdan bihabar adamlar suwda döreýän hadysanyň jümmüşine düşen myhmany, suw aýlawyna düşen badyna aşak, deňiz kenarynyň çuň bolmazlygyna garamazdan, suwuň düýbüne çekip, bäş, on metr beýleden ýokary ýerinden çykarýarlar. Şol pursat adam ölümine sebäp bolýar” diýip, hünärmen aýtdy.
Onuň ekologiýa hadysalaryny öwrenýän alymlara salgylanyp aýtmagyna görä, suwuň halka gurap pyrlanmak, aýlaw döretmek hadysasy, daşky gurşaw ýagdaýlarynyň, howanyň üýtgemegi bilen, has-da köpelýär.
“Howanyň aşa gyzmagy, suwuň sowuk akymy bilen ýyly akymynyň çalyşmagy esasynda, suwda aýlandy halkasy, ugruna düşen zatlary güýçli özüne çekýän girdap döreýär” diýip, hünärmen sözüni dowam etdirdi.
"Arzuw" myhmanhanasynyň deňinde suwa düşen iki çaganyň ykbaly
Eger suwa düşýän, kenar suwlarynda ýüzýän islendik çaga, ýetginjek, ýa uly adam, seresaplylygy elden berse, suwda döreýän aýlaw halkasy ony, ýakyna baran halatynda, özüne we suwuň düýbüne çekýär diýip, hünärmen aýtdy. Onuň sözlerine görä, 28-nji iýulda “Awaza” dynç alyş zolagynda bolan waka hem şeýle hadysanyň netijesi bolup biler.
Aýdylmagyna görä, iki sany ýetginjek oglan, biri 12, beýlekisi 16 ýaşynda şol gün “Arzuw” myhmanhanasynyň deňinde deňze girip, suwa düşüp, çykar wagtynda yzyna çykmaýar.
Suwa düşmäge giden oglanlar geler wagtynda gelmänsoň, ýetginjekleriň hossarlary howsala düşüp, deňziň kenaryna gözlege çykýarlar. ‘Iki sany oglan görmediňizmi?’ diýip, olar öňlerinden çykan adamlardan sorag, ideg edýärler ahyrynda Raýat halas ediş gullugyna ýüz tutýarlar.
“On iki ýaşly oglanyň jesedi “Serdar” myhmanhananyň deňinden tapyldy. Emma ikinji ýetginjekden, on alty ýaşly oglandan häzirki wagtda hiç bir habar ýok. Ne diri, ne öli barada häzirlikçe maglumat ýok” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşme aýtdy.
Degişli maglumat
"Awaza" myhmanlary ala tutmakda, dynç aljaklary 'strese salmakda' aýyplanýarŞu aralykda sosial mediada Hazar deňziniň türkmen kenarlarynda möwjeýän güýçli tolkunlary görkezýän wideolar peýda boldy, olaryň birinde bir türkmeniň “Ömrümde birinji gezek Awaza geldim, suwa düşeýin diýdim, bulam tolkun atyp dur, ýaman gynanyp otyryn” diýýän agyly sözlerini eşitmek mümkin.
Türkmen kanunlarynyň metbugatda senzurany gadagan edýändigine garamazdan, häkimiýetler hakykatda ýurt raýatlarynyň durmuş, ýaşaýyş şertlerine täsir edýän tebigy hadysalar, keselçilikler, betbagtçylykly ýagdaýlar, şol sanda köçe, ýol hadysalary we olaryň mümkin bolan sebäpleri barada habar berilmegine hem ýol bermeýärler.
Azatlyk bolan waka barada anyk maglumat bermek, geljekde bolmagy mümkin agyr ýagdaýlaryň öňüni almaga ýardam etmek tagallalaryny dowam etdirip, türkmen häkimiýetlerinden resmi düşündiriş almaga çalyşýar, emma mundan kän netije çykmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.