Awazada emeldarlar dynç alýar, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi, bahalar ýokarlandy

Awaza syýahatçylyk zolagy, Türkmenistan

Şu günler Awazada we Türkmenbaşyda pugtalandyrylan howpsuzlyk çäreleri göze ilýär. Azatlygyň ýerli habarçysy we çeşmeleri munuň prezidentiň maşgala agzalarynyň, şol sanda kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde geçirýän dynç alyşy bilen baglydygyny aýdýarlar.

"Iýunyň üçünji ongünlüginde uly Berdimuhamedow Awazada dynç alyşyny geçirýär. Berk howpsuzlyk gözegçiligi berjaý edilýär" diýip, habarçymyz 25-nji iýunda habar berdi. Onuň sözlerine görä, şu sebäpden Awazada "raýat eşikli elleri rasiýaly adamlar her 30 metrden diýen ýaly durýarlar".

Howpsuzlyk çäreleri bir hepdä golaý wagt bäri dowam edýär diýip, balkanly çeşmeler gürrüň berýär. Bu ýagdaý Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy iýunda belleýän doglan gününe gabat geldi.

Deňiz kenaryndaky dynç alyş zolagynda dynç alýanlaryň köp bolan möwsüminiň arasynda güýçlendirilen gözegçilik çäreleri bilen bir wagtda myhmanhanalarda bahalar ýokarlanyp, käbir hyzmatlar çäklendirilipdir.

Degişli maglumat

Türkmenbaşyda bir hepdeden köp wagt bäri agyz suwy kesildi, ýaşaýjylara suw 'paýok' görnüşde berilýär

"Howpsuzlyk çäreleriniň arasynda myhmanhanalarda adamlara arenda berilýän elektro skuterlerde we kwadrosikllerde köçä çykmaga rugsat bermeýärler" diýip, ýerli çeşme aýtdy.

Awazada prezidentiň, onuň kakasynyň we beýleki agzalarynyň, şeýle-de döwlet emeldarlarynyň dynç almagy her ýyl ýerli ýaşaýjylar üçin dürli oňaýsyzlyklary döredýär, gadagançylyklaryň sany artýar.

Geçen ýyllarda tutuş sebitde, şol sanda Türkmenbaşyda köçeler ýapylypdy, ilatdan agşam köçä çykmazlyk, käbir ýerlerde howlularda ot ýakmazlyk talap edilipdi, sebitde gazanç edýän içerki migrantlar kowlupdy, hijaply zenanlar we sakgally erkekler polisiýanyň üns merkezine düşüpdi.

Soňky hepdelerde Türkmenbaşydaky çeşmeler ýaşaýyş jaýlarda suw üpjünçiliginiň kesilendigini we agyz suwunyň adam başyna çäkli mukdarda paýlanýandygyny, şol bir wagtda-da suw daşaýan köpsanly ulaglaryň şäherden suwy günde Awaza daşaýandygyny habar beripdi.

Myhmanhana otaglary gyt we gymmat

Şu günler Awazanyň myhmanhanalarynda bahalaryň ýokarlanmagyndan başga-da, ýer tapmak has-da kynlaşypdyr. Habarçymyz ýer tapmak tas mümkin däl diýip, para we tanyş üsti bilen gözlemeli bolýandygyny aýtdy.

"Dört müň manatdan başlaýan para öwezine "Standart" we 'Lux' otoglara ýerleşip bolýar. Bu 4 müň manat para otag üçin töleglerden aýratyn hasaplanýar" diýip, habarçymyz myhmanhana işgärlerine salgylanyp, habar berdi.

Dört müň manat resmi kursdan 1143 amerikan dollaryna golaý.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen çeşmeleriň sözlerine görä, Awazadaky myhmanhanalaryň nyrhlary umuman tomsuň başyndan ýokarlanypdyr.

"1-nji iýundan başlap myhmanhanalaryň döwlet bahasy gymmatlady. Iki adamlyk ýarym "Lux" otagy bir gijesine 220 manatdan 430 manada çenli gymmatlady" diýip, myhmanhana işgäri aýtdy.

Onuň agzan bahalaryna görä, bir adamlyk standart otagy bir gijesine öň 180 manada duran bolsa, indi onuň bahasy 295 manada ýetipdir. Şeýle-de, üç sany ýatymlyk ýeri bolan ýokary oňaýlykly otag 800 manatdan 1550 manada çenli, "Delux" otagy 3000 manatdan 5500 manada çenli gymmatlapdyr.

Awazada dynç alan türkmenistanlylaryň biri myhmanhanalarda naharlanmagy "aşa gymmat" diýip suratlandyrdy. Ol iki adamlyk adaty naharyň 1200 manat tölemeli bolandygyny gürrüň berdi. "Naharlanmak aşa gymmat. Ortaça iki adamlyk agşamlyk naharyna iki balyk, bir salat, iki çaý we iki süýjülik desert aldyk bahasy 1200 manat boldy".

Çeşmäniň agzan bahasy resmi kurs boýunça 343 amerikan dollaryna golaý bolýar. Ýurtda ortaça aýlyk 2000 manada, ýagny resmi kursdan 571 amerikan dollaryna barabar.

Degişli maglumat

Awazada dynç alýan raýatlar sebitden çykarylyp, emeldarlaryň gelmegine taýýarlyk görülýär

Awaza ýurduň milli syýahatçylyk zolagy bolup, bu ýerde onlarça kaşaň myhmanhana ýerleşýär.

Tomus dynç alyş möwsüminde bu ýerde dynç almak köp türkmenistanlylara elýeterli däl, emma ýylyň beýleki wagty, ylaýta-da gyşda bu ýerde dynç alýanlaryň sany býujet işgärleriniň hasabyna artdyrylýar. Döwlet edara-kärhanalarynda işleýän türkmenistanlylar iş ýerlerinde ýerleşdirilýän ýollanmalary satyn almaga mejbur edilipdi.

'Deňizli sebitde ýaşap, deňzi görmedik maşgalalar kän'

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şerinde gepleşen türkmenistanly, öz tejribesine salgylanyp, Awaza syhaýatçylyk zolagynda dynç almagyň ilat köpçüligine elýeterli däldigini aýtdy.

Ol hakyky ýagdaýyň sosial ulgamlarda käbir raýatlaryň ýerleşdirýän wideolaryndan düýpgöter tapawutlanýandygyny belledi: "TikTok-daky blogçylara iki günlük reklama üçin otag we ýahta berip, adamlary Awaza çagyrýarlar. Medenýet hepdeligi diýip hem şu günler Awazada meşhur türkmen artistleri yzygiderli Awazany reklama edýärler, ýöne Awaza ýönekeý türkmen maşgalasy üçin elýeter däl".

Awazada şu ýyl dynç alan türkmenistanlylaryň sözlerine görä, iň arzan myhmanhanalarda bir günüň tölegi çetki obalardaky maşgalalaryň bir aýlyk býujetinden aşýar.

"Il garyplykda ýaşaýar. Hatda Balkan welaýatynda ýaşap, deňze baryp görmedik maşgalalar diýseň kän, beýleki welaýatlar hakda gep-söz hem ýok" diýip, balkanly ýaşaýjy aýtdy.

Degişli maglumat

Emeldarlaryň ‘Awaza’ dynç almaga gelmegi bilen, sebitde VPN-e garşy göreş güýçlendirildi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.