BAE: Eýran bilen ynamy dikeltmek üçin onlarça ýyl gerek bolup biler

BAE-niň prezidentiniň diplomatik geňeşçisi Anwar Gargaş 7-nji sentýabrda Abu-Dabide geçirilen Hili forumynda çykyş edýär.

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) prezidentiniň ýokary derejeli geňeşçisi öz ýurdy bilen Eýranyň arasyndaky ynamy dikeltmek üçin ýyllaryň, hatda onýyllyklaryň gerek bolup biljekdigini duýdurdy.

Anwar Gargaş 7-nji sentýabrda Abu-Dabide geçirilen we sebit syýasatçylaryny, hökümet işgärlerini, alymlary we işewür liderleri bir ýere jemleýän üçünji ýyllyk Hili halkara forumynda çykyş etdi.

“Eýran bilen alyp barýan dialogymyz uly maksatly bolmaly... we Pars aýlagynyň öňünde durýan has uly strategik meseleleri, ýagny howpsuzlyk, gatyşmazlyk, gämi gatnawynyň azatlygy, ykdysady hyzmatdaşlyk we ahyrsoňy ynamy dikeltmek meselelerini çözmeli” diýip, Gargaş aýtdy.

"Ynam biziň çykmaly bolýan dagymyzdyr we oňa çykmaga mynasyp zat bar" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Degişli maglumat

Eýranyň harbylary Kuweýtdäki we BAE-däki nyşanalara hüjüm edendigini aýdýar

BAE 28-nji fewralda ABŞ-Eýran çaknyşygy başlany bäri Eýranyň dronlary we raketalary tarapyndan yzygiderli nyşana alynýan Pars aýlagy ýurtlarynyň biridir.

Şeýle-de, Gargaş maslahata gatnaşyjylara Hormuz bogazynda dowam edýän bökdençlikleriň fonunda BAE-niň alternatiw eksport ýollaryny döretmek boýunça edýän tagallalary barada maglumat berdi.

"Energiýa eksportymyz, söwda we ykdysady işlerimiz hem girewde saklanmaz" diýip, ol belledi.

Bu aralykda, Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (AEHA) baş direktory Rafael Grossi Tähran tarapyndan maglumat we elýeterliligiň ýetmezçilik edýändigi sebäpli, agentligiň Eýranyň yglan eden ýadro materiallarynyň we desgalarynyň statusyny tassyklap bilmeýändigini gaýtalady.

Eýran geçen ýylyň iýun aýynda ABŞ we Ysraýyl tarapyndan ýadro desgalaryna hüjüm edilen ýerlerine AEHA-niň girişini togtadypdy.

7-nji sentýabrda Wenada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Atom energiýasy boýunça edarasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň mejlisiniň açylyş dabarasynda çykyş eden Grossi bu ýagdaýy "ýadro ýaraglarynyň ýaýramagy bilen baglanyşykly uly alada döredýän mesele" hökmünde häsiýetlendirdi we bu mesele "mümkin boldugyça tiz wagtda" çözülmeli diýdi.

Grossi Eýrany AEHA bilen konstruktiw gatnaşyklara, şeýle-de ýadro programmasy boýunça diplomatiýa we gepleşiklere gaýdyp gelmäge çagyrdy.

"Men Tährany Agentligiň Eýrandaky gorag çäreleriniň doly we netijeli durmuşa geçirilmegini hem-de öz borçlaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek üçin Agentlik bilen konstruktiw hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýaryn" diýip, Grossi aýtdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.