"Her minutda partlama": Bahmutdaky söweşler

Ukrain esgerleri "Bahmut Ukrainany söýýär" diýen ýazgynyň ýanyndan geçip barýarlar, 18-nji dekabr.

Häzirki wagtda hem Russiýa, hem Ukraina Donbasdaky Bahmut ugundaky söweşe adamlary we enjamlary sürýärler. Bu şäheriň harby ähmiýete onçakly uly bolmasa-da, gazaply söweşleriň geçýän ýerine öwrüldi.

Ukrain tanky şäheriň eteginde.

Basyp alyjy rus goşunlary iýul aýynda Bahmutyň etegine baryp ýetdiler. Soňra ruslaryň birnäçe yza çekilmeginden soň, urşuň depgini Ukrainanyň peýdasyna boldy.

Bahmutda weýran edilen ymarat.

Bu suratlar ukrain fotožurnalisti Andreý Dubçak tarapyndan, 18-nji dekabrda "Donbas Frontliner" taslamasy üçin çekildi. Donetskiden takmynan 65 kilometr uzaklykda ýerleşýän Bahmutyň eteginde, şol wagtda söweşler dowam edýärdi.

 

Ukrainanyň harbylary Bahmutdaky ýerasty bunkerde söweş aralygynda dynç alýarlar.

Uruşdan öň şäherde 70 müňe golaý adam ýaşapdyr, häzir bary-ýogy 10 müňe golaýy adam galypdyr.

Ýerli ýaşaýjylar nahar bişirmäge hem jaýy ýylatmaga odun taýýarlamak üçin, agaçlary çapýarlar.

Sosial ulgamlarda fotosuratçy Andreý Dubçak Bahmutyň merkezinde "her minutda" partlama bolýandygyny ýazýar.
 

Bahmutdaky aýnalary döwlen bina.

Ukrainanyň harbylarynyň aýtmagyna görä, rus komandirleri ýaramaz tälim alan esgerlere Ukrainanyň pozisiýalaryna tarap ilerlemegi buýurýarlar. Adam güýji ukrainleriň ýerleşýän ýerlerini kesgitlemek üçin ulanylýar. Soňra arka tarapdan hüjüm edilýär.

Goşun weýran edilen Bahmut kafesiniň alnyndan geçip barýar.

Dubçakyň aýtmagyna görä, Bahmutyň merkeziniň dyngysyz ok tutulmagy "hakykatdan-da akyla sygmaýan derejede, örän aýylganç", sebäbi "Russiýa hiç hili maksatsyz atýar".

Adam odun üçin bir şahany alyp barýar. Onuň arkasyndaky diwardaky ýazgyda: "Ukraina şöhrat!"

Dubçak ýaşaýjylaryň şäherde dürli sebäplere görä galýandygyny aýdýar. Adamlar öz emlägini goramaga çalyşýarlar we nätanyş ýere girmekden gorkýarlar. Dubçakyň sözlerine görä, Kremliň propagandasy bilen wada edilen "rus dünýäsiniň" gelmegine garaşýanlar hem bar.

Ýer asty bunkerdäki ukrain esgeri.

Ukrain harbylary Günbatar ýaraglarynyň gelmegi hem toplanan söweş tejribeleri netijesinde, söweşiň başlanan 2022-nji ýylyň ilkinji hepdelerinden, biraz ýeňilleşendigini Dubçaka gürrüň beripdirler.

Her nähili-de bolsa, Dubçak: "Bahmut – bu bela" diýýär.

Ukrain fotožurnalisti Andreý Dubçak Orsýetiň çozuşlarynyň häzirki gyzgyn ýerleriniň biri bolan Bahmut şäherinden, surat sergisini taýýarlady.