Bahmudyň ýok edilmegi. Täze satellit suratlary ýanyp küle öwrülen harabaçylyklary görkezýär

Bahmut, 2022-nji ýylyň 8-nji maýynda surata alnan umumy şekil.

Hut şol ölçegdäki surat bir ýyldan soň, 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda düşürildi.

16-njy maýda rus goşuny Bahmutdaky ukrain pozisiýalaryna 55 hüjüm gurady. Bu barada Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň gündelik maglumatynda aýdylýar.

Bahmut şäherindäki 12-nji mekdep we onuň töweregindäki köp kwartiraly jaýlar, 2022-nji ýylyň 8-nji maýynda.

Şol kwartallar 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda.

16-njy maýda Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary Anna Malýar Ukrainanyň goşunlary Bahmudyň etegindäki rus güýçlerini takmynan 20 kwadrat kilometre golaý yza çekilmäge mejbur edendigini aýtdy. Ýöne ruslara şäheriň merkezinde öňe ilerlemek başardypdyr.

"Duşman belli bir derejede Bahmudyň merkezine aralaşdy we şäheri artilleriýa bilen doly weýran edýär" diýip, Malýar sosial ulgamlarda habar berdi.

Bahmutdaky binalar, 2022-nji ýylyň 8-nji maýy.

Ýanýan jaý we weýran edilen binalar, 2023-nji ýylyň 15-nji maýy.

"Bahmudyň goragy dowam edýär. Soňky günler ol ýerde rus goşunlaryna garşylyk görkezip, Ukraina öňe gidip biljekdigini görkezdi. Bahmut ugrundaky göreşde biziň goşunymyzyň öňe ilerlemegi şäheri goramak ugrundaky ilkinji üstünlikli amala aşyran hüjüm operasiýamyz" diýip, 15-nji maýda general-polkownik Oleksandr Syrskyý aýtdy.

Bahmut şäherindäki teatr we söwda dükanlary, 2022-nji ýylyň 8-nji maýy.

Teatryň ornunda galan weýrançylyk. Satellit suraty 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda düşürildi.

 

Orta mekdep we köp kwartiraly jaýlar, 2022-nji ýylyň 8-nji maýy.

Ýumrulan mekdep we ýanan jaýlar, 2022-nji ýylyň 8-nji maýy.

"Şäherde bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, söwda merkezleriniň we beýleki infrastrukturalaryň ählisi ýanyp kül bolan harabaçylyga öwrülen. Bir ýyl mundan öň daş-töweregini baglar hem seýilgähler gurşaýan mähellelerde, indi ýaşyl zolak ýok, şäher kül depelerine we zir-zibil tümmeklerine örtülipdir” diýip, bu suratlary satellitler arkaly alan Maxar Technologies kompaniýasynyň beýanatynda aýdylýar.

Uniwersitet binalary we radio diňi, 2022-nji ýylyň 8-nji maýy.

Hut şol meýdan bir ýyldan soň, ýagny 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda.

Soňky aýlarda şäher ugrunda barýan gazaply söweşler iki tarapa hem agyr heläkçilik getirdi. Harby hünärmenler şäheriň Russiýa üçin strategik gymmatynyň bolup biljekdigine şübhelenseler-de, söweş dowam edýär.