Balkanyň edara-kärhanalarynda ähli işgärlerden aýlyk zähmet haklary geçirilýän bank hasaplaryna degişli plastik bank kartlaryny täzelemek talap edilýär. Ýerli resmiler munuň sebäbini bank kartlarynyň “häzirki talaby ödemeýändigi” bilen düşündirýärler.
Býujet işgärleri bolsa, täze talaby “häkimiýetleriň nobatdaky pul almak çäresi” atlandyrýarlar. Bu aralykda, söwda nokatlaryndan hem töleg terminallaryny täzelemek talap edilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.
“Balkanyň ähli býujet işgärleri, şol sanda bilim, saglyk we polisiýa edaralarynyň işgärleri dekabr aýynyň 10-na çenli täze plastik kartlar üçin resminamalary dolduryp tabşyrmaly. Bu barada edara-kärhanalaryň tas ählisine ýokardan tabşyryk geldi” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly býujet işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Degişli maglumat Aşgabadyň bankomatlarynda nagt ýetmezçiligi ýitileşýärTabşyryk geçen hepdäniň ahyrynda edara-kärhanalara gelip gowuşdy.
Munuň netijesinde, edara-kärhanalaryň köp resmisi wagt çäklendirilmesi goýlan bu tabşyrygy tizden-tiz berjaý etmek üçin, hepdäniň dynç günüdigine garamazdan, ýekşenbe güni, ýagny 7-nji dekabrda hem işe çykdylar.
“Işgärlerden resminamalary tizden-tiz dolduryp tabşyrmak, şeýle-de 150 manat möçberindäki tölegi geçirmek talap edildi” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly ýene bir býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
"Ýakynlatmak arkaly töleg geçirmek ukyby ýok"
Edara-kärhanalaryň resmileri munuň sebäbini bank kartlarynyň “häzirki talaby ödemeýändigi, olarda kontaktsyz töleg etmek, ýagny terminala ýakynlatmak arkaly töleg geçirmek ukybynyň ýokdugy” bilen düşündirýärler.
“Täze alynýan plastik kartlarda hiç hili kod ýazmazdan ýa-da karty satyja bermezden, diňe olary terminala ýakynlatmak arkaly 1000 manada çenli töleg geçirip bilersiňiz. Kartlar resminamalary tabşyranyňyzdan soň, 10 gün içinde taýýar bolar” diýip, býujet işgäri edara ýolbaşçysynyň aýdan sözlerini sitirledi.
Şol bir wagtda, býujet işgärleriniň köpüsi bank kartlarynyň entek ulanyş möhletiniň bardygyny we bu talabyň özleri üçin goşmaça çykdajydygyny aýdyp, täze talaby “häkimiýetleriň nobatdaky pul almak çäresi” atlandyrýar.
Bu aralykda, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerindäki söwda merkezlerinden we nokatlaryndan, şol sanda dükanlardan töleg terminallaryny täzlemek, ýagny olaryň “kontaktsyz töleg geçirmek” görnüşini satyn almak talap edilýär.
“Bu töleg terminallary bolsa, diňe Türkmenistanyň “Aýdyň Gijeler” kärhanasynda öndürilen bolmaly. Ýagny telekeçilerden diňe şu kärhananyň töleg terminallaryny satyn almak talap edilýär. Üstesine-de, olar bu terminallary diňe ýerli salgyt gullugynyň wekilinden satyn almaga mejbur edilýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly telekeçi anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Balkanly telekeçileriň ençemesiniň sözlerine görä, munuň üçin söwda merkezleriniň we dükanlaryň eýelerine 10 gün wagt möhleti berildi.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda salgyt gullugyndan, maliýe bölüminden we ady agzalan kärhanadan telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
"Siz ýalňyş banknot berdiňiz"
Balkandaky bu tagallalar ýurtda dolanyşyga girizilen manadyň täze nusgalaryny welaýatyň töleg terminallarynyň köpüsiniň “kabul etmeýän” mahalyna gabat geldi.
Degişli maglumat Türkmenistanda manadyň täze nusgalary dolanyşyga girizilýär“TmCell-iň töleg terminallary, şeýle-de demir ýol menzillerinde we aeroportlarda uçar we otly biletleri satylýan töleg terminallary täze 1, 5, 10 we 200 manatlyk banknotlary kabul etmeýärler. Bu banknotlary salanyňda, ekran ýüzünde ‘siz ýalňyş banknot berdiňiz’ diýen ýazgy çykýar we banknotyňyzy yzyna çykarýar. Muny bäş gezek gaýtalasaň-da, hiç birinde pul kabul edilmeýär” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ýaşaýjy bu ýagdaýyň adamlarda uly kösençliklere we nägileliklere sebäp bolýandygyny hem aýtdy.
Sebitiň maliýe edaralarynyň birindäki çeşmämiz munuň bar bolan töleg terminallarynda täze polimer banknotlary saýgarmak ukybynyň ýokdugy bilen düşündirýär.
“Häzir welaýatyň töleg terminallarynyň diňe 35%-i täze banknotlary tanaýar. Bu enjamlar onlarça müň amerikan dollaryna satyn alnyp, täzelikde ýerleşdirildi” diýip, çeşmämiz belledi.
Türkmenistanyň Merkezi banky 1-nji dekabrdan, ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlap, modifisirlenen 1, 5, 10 manatlyk polimer banknotlary, şeýle-de ilkinji gezek 200 manatlyk polimer banknoty dolanyşyga girizdi.
Türkmen häkimiýetleri ýurduň bank ulgamynyň kämilleşdirilýändigini we oňa sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny tekrarlap gelýärler. Olar munuň ýurduň “maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizliginiň artmagyna” getirýändigini belleýärler.
Muňa garamazdan, ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanda ilat bankomatlarda nagt ýetmezçiligi, bankomatlaryň we töleg terminallarynyň kadaly işlemezligi bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.