Balkanda hristian dinini kabul eden türkmenistanlylara garşy reýd geçirildi, onlarça adam tussag edildi

Polisiýa işgärleri we raýat (Illýustrasiýa suraty)

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri şu ýyl hristianlaryň mukaddes Pasha baýramynyň bellenýän günlerinde Balkanabat şäherindäki esasy hristian ybadathanasynyň töwereginde reýd geçirdiler. Reýdleriň dowamynda soňky ýyllarda hristian dinini kabul eden türkmenistanlylaryň, şol sanda türkmenleriň we beýleki etniki azlyklaryň wekilleriniň onlarçasy tussag edilip, kemsitmelere, basyşlara, haýbatlara we hatda fiziki zorluga sezewar edildi.

Mundan başga-da, häkimiýetler hristian dinini wagyz edýänlere we Ýegowa şaýatlary dini akymynyň wekillerine garşy yzarlamalary güýçlendirip, reýdleri hem geçirýärler. Bu ýagdaýlar barada ýerli polisiýadaky çeşmämiz we waka şaýat bolan türkmenistanlylaryň ençemesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

“Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli edarasynyň we polisiýanyň raýat hem-de resmi eşikdäki işgärleri hristianlaryň Pasha baýramynyň bellenýän günlerinde, ýagny 5-nji we 12-nji aprelde Balkanabatdaky welaýatyň ýeke-täk hristian ybadathanasynyň daşynda reýd geçirdiler” diýip, ýagdaýlara şaýat bolan balkanabatly ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Degişli maglumat

FH: Türkmenistan dünýäde iň azat däl ýurtlaryň biri bolmagynda galýar

Bellesek, şu ýyl prawoslaw hristianlar Pasha baýramyny 12-nji aprelde we beýleki hristianlar 5-nji aprelde bellediler.

Ýagdaýlardan habarly we waka şaýat bolan birnäçe balkanabatlynyň aýtmagyna görä, reýdleriň çäginde musulmanlaryň agdyklyk edýän milletleriniň wekillerine degişli bolan we soňky ýyllarda hristian dinini kabul eden türkmenistanlylaryň, şol sanda türkmenleriň, etniki gazaklaryň, tatarlaryň, azerileriň, kürtleriň, parslaryň we beýleki azlyklaryň wekilleriniň onlarçasy tussag edildi.

"Häkimiýetler metjitleriň ymamlaryny hem çekýärler"

“Tussag edilenleriň sany 50 töweregi bolup, olar polisiýanyň we MHM-niň döwlet we hususy ulaglarynda alnyp gidildi. Bu raýatlaryň şahsyýetleri MHM tarapyndan öňünden öwrenilene meňzeýär. Sebäbi olar öňünden bilýän ýaly, soňky ýyllarda hristian dinini kabul eden türkmenistanlylar ybadathana golaýlan mahaly, onuň haýatyndan içeri goýbermän, sorag etmek üçin polisiýa bölümine alyp gitdiler” diýip, wakalara şaýat bolan balkanabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýerli polisiýa bölümindäki ygtybarly çeşmämiz hem bu maglumatlary tassyklap, polisiýa bölümine eltilen türkmenistanlylaryň kemsitmelere, basyşlara, haýbatlara we hatda fiziki zorluga sezewar edilendigini aýtdy.

“Bu raýatlara ‘Size kim ýa-da kimler hristian dinine geçmäge çagyrdy? Size pul teklip etdilermi? Näme üçin yslam dinini terk etdiňiz?’ diýen ýaly başga-da ençeme soraglar berildi. Olaryň el telefonlary ýekän-ýekän barlandy. Ýanlary bilen alyp baran reňklenen ýumurtgalary zibile oklandy. Ýanynda Injil kitaby bolan raýatlar aýratyn otagda sorag edildi. Olara täzeden yslam dinini kabul etdirmek üçin dürli gynamalar, şol sanda fiziki zorluk, basyşlar we haýbatlar edildi” diýip, polisiýadaky çeşmämiz aýtdy.

Çeşmämiz häkimiýetleriň bu çärelere metjitleriň ymamlaryny hem çekýändigini belleýär. Onuň sözlerine görä, metjitleriň ymamlary soňky ýyllarda hristian dinini kabul eden türkmenistanlylar bilen wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýärler.

“Ymamlar olara musulman dinine gaýdyp gelmäge we toba etmäge çagyrdylar, ýogsa o dünýäde jähennemde baky ýanjakdygyny duýdurdylar” diýip, polisiýadaky çeşmämiz bu adamlaryň soňky ykbalynyň belli däldigini hem aýtdy.

Hristian dinini wagyz edýänlere we Ýegowa şaýatlarynyň wekillerine...

Mundan başga-da, häkimiýetler hristian dinini wagyz edýänlere we Ýegowa şaýatlary dini akymynyň wekillerine garşy yzarlamalary hem güýçlendirip, reýdleri geçirýärler.

Degişli maglumat

Balkanda sakgal goýberýänlere, hijab dakynýanlara garşy basyşlar güýçlendirildi

“Bu reýdleriň dowamynda tussag edilenler hem bar. Olaryň anyk sany belli däl. Ýöne olar ilki Balkanabatdaky sizoda saklanýar, soňra-da kazy olara nähili jeza berse şoňa görä Baýramalynyň türmesine ugradylýar” diýip, polisiýadaky çeşmämiz aýtdy.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada agzalýan sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden we din işleri boýunça bölüminden teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda hristian dinini ýa-da beýleki dini akymlary kabul edýän türkmen raýatlarynyň sany barada takyk maglumatlar elýeterli däl. Şol sebäpli bu tendensiýanyň gerimini anyklamak hem başartmaýar.

Ýöne habarçylarymyz we ýagdaýlary ýakyndan synlaýan ýerli synçylaryň birnäçesi “ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we mekdeplerde din barada berilýän bilimiň çäkliliginiň käbir raýatlary, şol sanda ýaşlary beýleki dinlere ýykgyn etmäge itermegi bilen wakalara köp duş gelse bolýandygyny” aýdýarlar.

Düýbi Norwegiýada ýerleşýän dini habarlary çap edýän “Forum 18” neşiriniň redaktory Feliks Körli (Felix Corley) 15-nji aprelde Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu waka barada häzirlikçe gönüden-göni eşitmändiklerini aýtdy.

Şol bir wagtda, ol reýdleriň türkmen hökümetiniň, polisiýanyň we howpsuzlyk güýçleriniň arasynda musulman däl dinlere goşulýan türkmenistanlylar barada aladalaryň bardygyny görkezýändigini belledi.

"Hökümet islendik dini jemgyýetdäki adamlary gözegçilikde saklaýar"

“Prawoslaw ýa protestant hristian bolsun ýa-da Ýegowa şaýatlary bolsun tapawudy ýok, [häkimiýetler] musulman däl dinlere goşulýan türkmenlere hemişe şübhe bilen garaýarlar. Ýöne musulman jemgyýetine goşulýanlar, olaryň hökümetiň gözegçiliginde saklanýandygy barada hem aladalar bar. Şonuň üçin režim musulman, hristian ýa-da beýleki dini akymlara goşulýan islendik dini jemgyýetdäki adamlary gözegçilikde saklaýar” diýip, Körli aýtdy.

Şeýle-de, ol häkimiýetleriň ähli dini çäreleri, köp adamyň ýygnanýan ýerlerini berk gözegçilikde saklaýandygyny, sebäbi adamlaryň režime garşy jemlenmeginden howatyrlanýandygyny hem belledi.

Degişli maglumat

Aşgabat başga dine uýýan adamlary 'gysmagyny güýçlendirýär'

“Pasha baýramy - ýylyň esasy hristian baýramy režimde şeýle howsala döredip bilermi, bilmeýärin. Emma [Türkmenistanda] adamlaryň ýygnanýan ýerlerine polisiýa, gizlin gulluklar gözegçilik edýär. Hökümet din bilen baglanyşykly ähli hereketlere ýakyndan gözegçilik edýär. Gizlin gulluklar diniň režimiň berk gözegçiliginde galmagyny üpjün etmekde örän möhüm rol oýnaýarlar” diýip, ol belledi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 41-nji maddasynda her bir adamyň özüniň dine garaýşyny özbaşdak kesgitleýändigi, onuň ýeke özi ýa-da beýleki adamlar bilen bilelikde islän dinine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga haklydygy nygtalýar.

Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýyllarboýy dürli din wekillerine, şol sanda musulmanlara görkezilýän dürli gysyşlar we ýanamalar barada habar berýärler.

Geçen aýyň ortalarynda Balkanyň häkimiýetleri Remezan aýynyň soňky günlerinde sakgal goýberýän raýatlara we hijab dakynýan aýal-gyzlara garşy basyşlaryny güýçlendirdiler. Bu raýatlar saklanyp, soraga çekildi we sakgalyny syrmaga, hijabyny çykarmaga mejbur edildi.

Halkara hasabatlarda Türkmenistanyň hökümeti raýatlaryň esasy azatlyklaryny, şol sanda din-wyždan azatlygyny çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýär.

Türkmenistanda raýatlaryň dini azatlyklarynyň bozulmagy dowam edýär diýlip, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Dini azatlyklar komissiýasynyň (USCIRF) geçen ýylyň 26-njy awgustynda ýaýradan ýyllyk hasabatynda Türkmenistany "aýratyn alada döredýän" ýurt hökmünde kesgitlemek teklip edildi.

Degişli maglumat

Türkmenistanda Ýegowa şaýatlaryna garşy basyşlar güýçlenýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.