Balkandaky habarçymyz we çeşmeler sebitiň maýyplara gözegçilik edýän saglyk we ykdysady toparynyň ýene adamlary topar barlagyndan geçirýändigini habar berýär. Bu barlag maýyplygy bolan we döwlet kömegini alýan adamlara bildirilýän şübheler, gümän edilýän korrupsiýa bilen-de, döwlet serişdelerini tygşytlamak boýunça ýokardan berilýän görkezmeler bilen-de bagly bolup biler diýip, ýerli çeşme aýtdy.
Ýerli çeşmeler, maýyplyk kömegini alýan raýatlaryň hossarlary häkimiýetleriň etraplaryň ählisinde topar barlagyny geçirýändigini, hökmany ýagdaýda geçirilýän barlagyň esasy sebäbiniň maýyplaryň şübhe astyna alynmagy bilen baglydygyny aýtdylar.
Azatlyk bu diýilýän şübhäni we onuň mümkin bolan sebäplerini resmi ýagdaýda aýdyňlaşdyryp we tassykladyp bilmeýär.
Saglygy gowulaşan raýatlar 'kömek pulundan kesiler'
“1-nji we 2-nji awgust dynç günlerine düşensoň, maýyplara berilýän kömek pullarynyň wagtlaýyn doňdurylandygy 3-nji awgustda belli boldy. Sebäbi şol gün maşgala lukmanlary maýyplaryň saglyk topar komissiýasyndan geçmelidiklerini aýtdylar” diýip, çeşme aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ‘Gyzylarbatdaky we Balkanabatdaky maýyplara garşy 1-nji gün başlanan kampaniýa saglygy sähel gowulaşan raýatlary maýyplyk hataryndan çykaryp, olary mundan aňryk alyp biljek döwlet kömek pulundan kesmegi maksat edinýär’.
Degişli maglumat
Maýyplaryň alýan kömek pullary esasy zerurlyklaryna ýetmeýär - çeşmelerKömek puluny alýan raýatlaryň biri ‘bu talabyň Saglyk ministrliginden welaýat saglyk müdirligine berlen görkezme bilen baglydygyny’ öňe sürdi, ýöne başga jikme-jiklikleri aýdyp bilmedi.
Etraplaryň birindäki saglyk öýüniň maýyplary hasaba alýan toparynyň lukmany ‘biziň elimizden geljek iş ýok, her etrap bolmanda 20 sany maýyp raýaty maýyplyk sanawyndan çykarmaga borçly edildi’ diýdi. Anonimlik şertinde söhbetdeş bolan lukmanyň ady, iş ýeri howpsuzlyk aladalary sebäpli aýdylmaýar.
“Maýyp adamlar daşary ýurda gidip işläp bilmeýär, ýurdumyzda iş ýok we bolan ýagdaýynda hem 50 müň manat para bermeli. Ýagdaý şeýle bolansoň, bize gep gelse hem, ‘maýyplaryň saglygy ýaramaz’ diýip, dogry hasabat berdik” diýip, lukman aýtdy.
Döwlet kömegi 'çörek puluna-da ýetmeýär'
Ol maýyplyk kömegini alýan adamlaryň durmuş şertleriniň gowy däldigini, olaryň günlerini zordan, gözgyny halda geçirýändigini hem sözüne goşdy.
“Döwletiň 500, 600 manat möçberindäki kömek pullary olaryň çörek puluna-da ýetmeýär. Hökümetiň berýän 30 dollar kömek puly, ýolbaşçylaryň öz gözleri bilen seretseň, 3 müň dollar bolup görünýän bolara çemeli” diýip, lukman welaýat saglyk müdirliginiň öz işleýän etrap toparyna ‘käýinç yglan etmek’ haýbatyny atandygyny, ‘halal işlemegiň hem kyndygyny’ aýtdy .
Aýry-aýrylykda gürleşen lukmanlaryň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, ýurtda örän uly tapawutda ýaşaýan gatlaklar emele geldi, olaryň bir-biriniň ýagdaýyna düşünmegi tas mümkin däl.
“Ýokarda oturan emeldarlar 600 manat kömek pulunyň gepini edip, özleri her gün agşamlyk naharyna restoranda 3-5 müň manat puly 2 çagasy, aýaly bilen, ýarym sagat içinde sowup gaýdýarlar” diýip, bir lukman aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ähli emeldarlar şeýle, welaýat saglyk müdiri hem her gün iş ýerinde günortan we agşamlyk naharyna 2 müň manat çemesi pul harçlaýar.
Azatlyk bu aýdylýanlary resmi ýagdaýda tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy wezipeli, gowy gazanjy bolan adamlara Balkanabatdaky iň gymmat restoranlaryň hyzmat edýändigini, olaryň durmuş şertleriniň ýönekeý raýatlaryň durmuşyndan ‘örän uly tapawutlanýandygyny’ aýtdy.
Degişli maglumat
Lebaply maýyplar: Lukmanlar mugt berilmeli dermanlar üçin reseptleri ýazmakdan boýun gaçyrýar“Olar [emeldarlar] öz nebislerini jylawlap, para almagy bes edip, döwlet býujetine agyr zyýan ýetirmegi goýsalar, Türkmenistanyň maýyplara 25 dollar kömek puluny däl, 1500 dollar kömek puluny bermäge mümkinçiligi bar” diýip, söhbetdeşimiz öz pikirini aýtdy.
Maýyplar awgust aýynda 'pulsuz galmaly boldy'
Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen maýyplar we olaryň hossarlary jogapkär işlerde işleýän emeldarlar bilen ýönekeý adamlaryň, hususan-da şikesli, mümkinçiligi çäkli raýatlaryň ýaşaýyş, durmuş şertlerindäki uly tapawut barada aýdylýanlary tassykladylar.
“Komissiýa barlagdan geçirýär, onuň netijesi aýyň ahyrynda berilýär. Ol netije bilen pensiýa gaznasyna baryp, bank hasabyny täzeden açdyrmaly. Garaz, maýyplar awgust aýynda pulsuz galmaly boldular” diýip, balkanly maýybyň hossary habarçymyza aýtdy.
Şu aralykda Balkanyň bankomatlarynda nagt pul ýetmezçiligi döredi, pensiýalar hem 4-nji awgustda geldi, ýöne pula garaşýan raýatlaryň hasaplaryna şindem geçirilmeýär diýen maglumat geldi.
Azatlygyň habarçylary Türkmenistandaky saglyk meseleleri, saglyk edaralaryndaky korrupsiýa we maýyplaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada yzygiderli habar berýärler. Emma türkmen häkimiýetleri adatça bu habarlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.
Ýurtdaky maglumat ýapyklygy we metbugatda saklanyp galýan senzura zerarly, garaşsyz žurnalistler Türkmenistandaky saglyk meselelerini açyk derňäp, raýatlar bilen audio, wideo söhbetdeşliklerini geçirip bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.