Balkan welaýatynda ýerli häkimiýetler prezidentiň saparyna taýýarlyk görýärler. Azatlygyň sebitdäki habarçysynyň 4-nji maýda beren habaryna görä, şu aýyň dowamynda döwlet baştutanynyň günbatar sebite iki gezek sapar etmegine garaşylýar, şu sebäpden şu günler galla meýdanlarynda we täze ýol gurluşygynda gije-gündiz iş alnyp barylýar.
Balkanda görülýän taýýarlyklardan habarly çeşmeleriň Azatlyga aýtmagyna görä, ýerli häkimiýetler prezidentiň birinji saparynyň galla oragynyň resmi başlanýan senesine gabat boljagyna garaşýarlar.
"Birinji saparda ýurt baştutany şu aýyň 10-na gabat Gyzylarbat we Magtymguly etraplarynda oba hojalyk bugdaý oragynyň gidişi bilen tanyşmak üçin barar" diýip, çeşmeleriň biri aýtdy. Onuň sözlerine görä şu sebäpden etraplarda "häzirden iň gowy bugdaý meýdanlaryny saýlamak we olaryň töwereginde howpsuzlyk, arassaçylyk çäreleri üpjün etmek" boýunça iş geçirilýär.
Degişli maglumat
Türkmenbaşy arassaçylyk işlerini güýçlendirip, döwlet emeldarynyň saparyna taýýarlanýar"Şol ýerde ýangyn söndüriji ulaglaryna çenli nobatçylykda durlar" diýip çeşme anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Türkmen metbugatynda prezidentiň Balkana sapar etjegi barada habar berilmedi.
Emma onuň gelmegine garaşylýan sebitde görülýän taýýarlyklar barada habar beren çeşmeleriň sözlerine görä, Serdar Berdimuhamedow sapar eden diýlip, garaşýan ikinji sene iýunyň aýagyna gabat gelýär.
"Ikinji sapar iýun aýynyň ahyrky hepdesinde uly Berdimuhamedowyň doglan gününiň öňýany Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan ýolunyň açylyş dabarasyna gabat geler diýlip, taýýarlyk görülýär" diýip, balkanly çeşme aýtdy.
Bu gurluşyk işlerinden habarly çeşmäniň sözlerine görä, ýol gurluşy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar, emma gurluşykda işçi güýjüň ýetmezçiligi ýiti duýulýar.
"Şu sebäpli beýleki welaýatlaryň ýol gurluşyk trestine degişli hünärmenleri mejbury işe getirdiler" diýip çeşme belledi.
Onuň sözlerine görä, ýol gurluşygyny tamamlamak üçin gurluşykçylar 20 sagat işlemeli bolýarlar.
"Ýol gurluşygyny tamamlamak üçin adamlary aşa köp işledýärler. Sürüjiler, asfalt ýaýyjy tehnika operatorlary, katok sürüji operatorlar gününe 20 sagatdan işlemäge mejbur edilýär" diýip, çeşme häkimiýetleriň "bellenen senä ýoly doly gurup gutarmakçy bolýarlar" diýip belledi. Onuň sözlerine görä, desga iýunyň soňky hepdesine çenli taýýar bolmaly.
Gurluşyga gatnaşýan gurluşyk hünärmenleriň sözlerine görä, "Altyn Nesil" kärhanasy ýoluň baş potratçysy bolsa-da, gurluşyga döwlet ýol gurluşyk trestleriniň ençemesi gatnaşýarlar we şu günler "işi çaltlaşdyrmaga goşant goşmak üçin" basyşa sezewar bolýar.
Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň çäginde gurulýan “Türkmenbaşy - Garabogaz - Gazagystan serhedi” awtomobil ýoly Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Altyn nesil” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurulýar.
Maý aýynda türkmen döwlet mediasy "Türkmenbaşy - Garabogaz - Gazagystan" ýolunyň gurluşyk işleriniň dowam edýändigi habar berlip, onuň sagatda 580, bir gije-gündizde bolsa 14 müň awtoulaga hyzmat etjegi bellendi.
Degişli maglumat
Awazada býujet işgärleri mejbury arassaçylyk işlerine çekilýär, köçeler ýapylýarBu ýoluň gurluşygyna 2025-nji ýylyň noýabr aýynda badalga berlip, 2-nji noýabrda geçirilen şol dabara prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Onuň 2028-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.
Resmi maglumata görä, iýul aýynyň ahyrynda awtomobil ýolunyň uzynlygy 43,6 kilometr bolan “Garabogaz-Gazagystan serhedi” böleginiň gurluşyk işleriniň tamamlanylyp, tabşyrylmagy meýilleşdirilýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda döwlet ýolbaşçylarynyň welaýatlara edýän saparlary barada resmi derejede öňünden habar berilmeýär.
Mundan öň Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna maý aýynyň başynda sapar edipdi, ol iş saparynyň dowamynda Türkmenbaşynyň "Balkan" gämi gurluşyk zawodynda gurlan täze gury ýük daşaýan "Gadamly" gämisini işe girizmek dabarasyna gatnaşypdy.
Degişli maglumat
Balkan S.Berdimuhamedowyň saparyna garaşýar. Onuň Mara garaşylan sapary ýene amala aşmadyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.