Günbatar welaýatyň awtoparkynda üýtgeşiklikler geçirilip, taksi awtoulaglarynyň täzelenmegi sürüjieriň uly bölegini işsiz galdyrdy diýip, Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy we çeşmeleri habar berdi. Olaryň sözlerine görä, işden çykarylan sürüjilere dört aý üçin zähmet haky berilmändir.
"Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde jemi 200-e golaý sary reňkli 'Hyundai Elantra' taksi ulaglary býujetden we hojaluk hasaplaşyk düzüminden aýryldy" diýip, balkanly çeşme welaýatyň 15-nji awtoparkyna degişli ýagdaýy gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, bu kärhanada agzalan sary reňkli taksileriň 80% çemesini ýok etmek boýunça geçirilen çäräniň netijesinde srüjileriň ençemesi işsiz galypdyr.
"Döwlet taksi ulaglarynyň 80% göterimini, ýagny öňden bar bolan sary reňkli taksi ulaglaryny döwlet sanawyndan aýyrmak, 1-nji martdan şäher häkimligine degişli taksi parklaryň sanawyndan aýyrmak boýunça Transport we aragatnaşyk pudagynyň ýolbaşçylarynyň - ministrligiň buýrugy ýerine ýetirildi" diýip, çeşme 2-nji aprelde aýtdy.
Degişli maglumat
Balkanda taksi sürüjileriň arasynda işden çykýan köpeldiAzatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmelere görä, agzalan ulaglar 2009-2012-nji ýyllarda döwlet taksi parklary üçin satyn alynan "Hyundai Elantra" ksymly ulaglar bolup, indi olar "ulanmaga ýaramaýar" diýlip hasap edilipdir.
2023-nji ýylyň martynda Aşgabadyň awtoparkynda taksiler täzelenip, sary reňkli bu awtoulaglar welaýatlara iberilipdi.
Şondan soň welaýatlarda sary reňkli "Hunday Elantra" awtoulagary we ak reňkli "Toyota Corolla" awtoulaglary hereket edýärdi.
Balkanyň transport ulgamyndaky ýagdaýdan habarly çeşmeler hasapdan aýyrlan taksileriň, hususan-da, Balkanabatdan Hazar şäherçesine, Berekete we welaýat merkezine golaý beýleki ilatly nokatlara ýolagçy gatnadyp, aýlyk hakyna işläp, döwlete gündelik taksi planlaryny ýerine ýetirip gelendigini bellediler.
"Indi olar işsiz galdylar. Türkmenistanda iş tapmak kyn, taksi parklarynda az sanly 'Toyota Carolla' kysymly ak reňkli taksiler galdy" diýip, ýene bir çeşme aýdýar. Onuň sözlerine görä, Türkmenbaşyda häzir ak taksileriň diňe 30 sanysy, Balkanabatda 25 sanysy ýolagçy gatnadýar. Olardan hem birnäçesi tehniki kemçilik sebäpli işlemeýär: "Olaram kadaly däl. Döwükleri bar, ätiýaçlyk şaýlarynyň ýokdugy sebäpli taksoparkda duranlary köp".
Azatlyk Radiosy 15-nji awtoparkyň wekillerinden resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.
Mundan öň habarçylar sebitiň döwlete degişli transport ulgamynda işleýän sürüjilerden ulaglaryň tehniki guratlygy üçin zerur çykdajylary öz hasabyna ödemegiň talap edilýändigini habar beripdi.
Sürüjiler aýlyklaryny alyp bilenok
Taksi ulaglarynyň sanynyň azadylmagynyň netijesinde işsiz galan sürüjiler soňky aýlarda çeken zähmeti üçin aýlygyny alyp bilmeýändigini aýdýarlar.
"200 sany taksiniň sürüjilerine geçen ýylyň noýabr-dekabr we şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda çeken zähmeti üçin hökümetden şu çaka çenli aýlyk haklary berilmedi" diýip, baklanly öňki transport işgäri aýtdy.
Sürüjileriň gündelik plany 200 manat bolup, aýlygy 2500 manat töwereginde. Sürüjiler hem işsiz galyp, hem-de dört aýlygynyň berilmezligini uly haksyzlyk hasaplaýarlar.
Degişli maglumat
Mary: Taksiler öwrenişen duralgalaryndan çykarylyp, täze awtomenzile kowulýar"Biz işledik, planlary ýerine ýetirdik. Her gün 200 manat planymyzy tabşyrdyk. Hökümet bize her aý üçin 2500 manat aýlyk bermeli, ýöne ulaglar hasapdan aýryldy diýen bahana bilen aýlygymyz berilmeýär. Dört aýdan gowurak hakymyz hökümetde galdy. Pudagymyz bizi işletdi, indi biziň hakymyzy bermeýär" diýip, balkanly sürüji aýdýar.
Türkmenistanda jemgyýetçilik transportynyň gatnawyndaky kemçilikler taksi hyzmatlaryna bolan islegi artdyrýar.
Döwlet metbugatyna görä, ýurduň transport ulgamyndaky ulag serişdeleri wagtal-wagtal täzelenýär. Emma şonda-da, ulaglaryň, şol sanda awtobuslaryň, minibuslaryň we taksileriň sany talaby ödemeýär diýip, habarçylarymyz belleýärler.
Degişli maglumat
Türkmenabada paýtagtdan köne taksiler gelenden soň, hususy taksiçilere basyşlar güýçlendiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.