Balkanly mugallymlardan ‘çagalar sagaldyş merkezlerine ýollanmalary satyn almak üçin’ pul ýygnalýar

Türkmenistandaky mekdepleriň biriniň daşynda duran bilim işgärleri we ene-atalar (Illýustrasiýa suraty)

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki orta bilim berýän edaralaryň ençemesiniň mugallymlaryndan 1000 manada çenli pul serişdesini mekdep ýolbaşçysyna tabşyrmak talap edilýär.

Bilim ýolbaşçylary mugallymlara dilden berýän maglumatynda bu serişdä okuwçylary tomusky dynç alyş möwsüminde ýurduň çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak üçin ýollanmalaryň satyn alynjakdygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada mugallymlaryň ençemesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

“Mekdeplerde 30 sagatdan, ýagny 1 stawkadan köp sagat okadýan mugallymlardan direktora artykmaç okadýan her 1 sagady üçin 40 manat tölemek talap edilýär. Mekdep müdirleri dilden soralýan bu pajyň okuwçylary “Gökdere” we “Awaza” ýaly çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmaga sarp ediljekdigini we bu talabyň welaýat Bilim müdirliginden gelýändigini aýdýarlar” diýip, balkanabatly mugallym anonimlik şertinde aýtdy.

Degişli maglumat

Türkmenistanda çagalar “hökümetiň ýalňyş ykdysady we sosial syýasatyndan ejir çekýär”

Balkadanabadyň 1-nji, 4-nji, 5-nji, 6-njy, 10-njy, 25-nji we 26-njy mekdeplerindäki biri-birinden habarsyz pedagoglaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, mugallymlar okadýan iş sagatlarynyň kemeldilmeginden we aýlyk girdejileriniň azalmagyndan alada edip, bikanun talaba boýun bolýarlar.

"Ýollanma üstünde 46 müň manat bikanun pul alýarlar"

Ýöne olar her mekdepde 50 çemesi mugallymyň zähmet çekýändigini we olaryň tas her biriniň iş stawkasynyň daşyndan ýene azyndan 20-25 sagat artykmaç okadýandygyny aýdyp, şeýle diýýärler:

“Netijede, mugallymlaryň her biri 800-1000 manat mekdep ýolbaşçysyna tabşyrýar. Bu bolsa, 50 müň manat bolýar”.

Mugallymlaryň sözlerine görä, her mekdepden dört okuwçyny ýurduň çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak üçin ýollanmany satyn almak talap edilýär. Ýollanmanyň döwlet bahasy bolsa, 800-1000 manat aralygynda bahalanýar.

“Mekdep ýolbaşçylary bular üçin jemi 4 müň manat pul töleýärler. Olar mugalymlardan diňe ýollanma üstünde 46 müň manat bikanun pul alýarlar” diýip, balkanabatly ýene bir mugallym anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmenistanda çagalaryň iýun aýynda başlanýan tomusky dynç alyş möwsüminde dynç almaklary üçin Gökderede “Nesil”, “Altyn sümmül”, “Altyn damja”, “Altyn ýyldyz”, “Nebitçi”, “Ýaşlyk”, “Demirýolçy”, “Çeşme” ýaly onlarça çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri bar.

Türkmen häkimiýetleri bu merkezlerde çagalaryň şadyýan dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini aýdyp, olarda her ýyl müňlerçe çaganyň dynç alýandygyny tekrarlaýarlar. Ýöne türkmenistanlylaryň ençemesi bu merkezleriň diňe gurply hojalyklaryň çagalary üçin elýeterligidigini aýdyp gelýärler.

"Eli ýuka hojalyklar yzyna gaýtmak bilen bolýarlar"

“Müdirler bu ýollanmalaryň her birini 5 müň manada gurply hojalyklara satýarlar. Netijede, bu merkezlerde 20 gün çemesi dynç almaga diňe gurply hojalyklaryň çagalary gidýärler” diýip, balkanabatly mugallym belledi.

Degişli maglumat

Awaza ýollanma satyn almak üçin býujet işgärlerinden ýene pul ýygnalýar

Mugallymlaryň sözlerine görä, ýollanma satyn almak üçin mekdep ýolbaşçysynyň ýanyna barýan eli ýuka hojalyklara her bir çaga üçin ýollanmanyň bahasyndan başga-da, azyndan 10-15 müň manat aralygynda çykdajy etmelidikleri duýdurylýar.

“Olar bu pula egin-eşikleriň satyn alynmalydygyny, muzeýlere, haýwanat baglaryna, teatrlara we konsertlere ediljek gezelençler üçin biletleriň alynmalydygyny aýdýarlar. Bulary eşiden eli ýuka hojalyklar yzyna gaýtmak bilen bolýarlar” diýip, mugallym belledi.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda welaýat Bilim müdirliginden we agzalan mekdeplerden telefon arkaly resmi teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Balkanda mugallymlardan “okuwçylary tomusky dynç alyş möwsüminde ýurduň çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak üçin” pul ýygnalýandygy barada geçen ýylyň maý aýynda hem maglumatlar gelip gowşupdy.

Ýöne şonda bu serişdäniň möçberi, häzirki serişdäniň mukdary bilen deňeşdirilende, ep-esli pesdi we mugallymlar 0,5 stawka işleýän bolsa 100 manatdan, 1 stawka işleýän bolsa 200 manatdan pul bermeli edilipdiler.

Türkmenistanda býujet işgärleri, şol sanda mugallymlar synplary abatlamak, oba hojalyk ekinlerine ideg etmek ýaly dürli maksatlar üçin ýylyň dowamynda birnäçe gezek pul goşantlaryny bermäge mejbur edilýärler. Bulary bermekden boýun gaçyrýan işgärler işden çykarylmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Degişli maglumat

Raýatlar "Mekdepdäki döwlet dilegçiliginden kime arz etmeli?" diýip soraýarlar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.