Bank ulgamyndaky korrupsiýa 'maliýe batgalygyna' öwrülip, mätäç adamlary 'özüne çekýär'

Aşgabat. "Türkmenistan" bankynyň binasy

Ýerli çeşmeler ýurduň bank ulgamyndaky korrupsiýanyň 'maliýe batgalygyna' öwrülip, mätäç, aljyran adamlary 'özüne çekýändigini' habar berýärler. Azatlygyň habarçysy mart aýynda bank hasaplarynyň baglanmagy, 'kölege karz bazary' diýilýänler bilen baglylykda, raýatlaryň uly töwekgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny habar berdi. Synçylar ýurtda algyly ýa bergili adamlaryň görülmedik derejede köpelendigini, 'emeli ýagdaýda döredilen garyplygyň' milli jebislige, halk agzybirligine wehim salýandygyny öňe sürýärler.

Ýerli synçylaryň biri TDH-nyň 31-nji martda ýurduň bank ulgamynyň işini öwüp çap eden makalasynyň Azatlygyň 25-nji martda türkmen banklarynyň hakyky ýagdaýy barada çap eden makalasyna berlen gytaklaýyn jogap bolandygyny öňe sürdi.

“Garaşsyzlygyň 35-nji ýylyna gelip, Türkmenistanda walýutanyň erkin dolanyşygy häli-häzire çenli hem ýola goýulmady, kiçi we orta telekeçiligiň kadaly işläp bilmegi üçin ýeterlik şert ýok, ykdysadyýet boýunça sähelçe bolsa-da hakykata ýakyn statistika ulgamy döredilmedi, 2026-njy ýyla gelip, ýurtda kadaly işläýjek bank, karz ulgamy, sanly ulgam, internet, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy..., sähelçe bolsa-da işläp biläýjek kazyýet, hukuk ulgamy, ilaty durmuş taýdan goramak we sosial-medeni ulgam gurulmady” diýip, ýerli synçy Azatlygyň ilatyň bank ulgamy baradaky pikirlerini soraýan habarçysyna aýtdy.

"Bank ulgamy ysmaz hala getirildi"

Bu pikir bilen aýry-aýrylykda gürleşilen hünärmenler, ykdysatçylar, telekeçiler, magaryf işgärleri hem ylalaşýar.

Degişli maglumat

Bank hasaplarynyň baglanmagy, 'kölege karz bazary' raýatlary uly töwekgelçiliklere itekleýär


“Ýurduň ösüşini we dolanyşygyny üpjün edýän, kesgitleýän bank ulgamy ysmaz hala getirildi” diýip, bir ykdysatçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, öz kärini we wezipesini bilýän, dünýä ýagdaýyna düşünýän hünärmenler, berk döwlet gözegçiligi, işgärlere kanun esasynda erkin işlemek mümkinçiliginiň berilmezligi sebäpli, daşary ýurt kompaniýalaryna, hususy kärhanalara, daşary ýurtlara hasapçy, baş hasapçy, ykdysatçy wezipelerine, ýokary aýlykly işlere geçip, dörän agyr ýagdaýdan gutuljak bolýarlar. Iş bilýän adamlaryň gitmegi Türkmenistanyň bank ulgamynda we beýleki ugurlarda ýokardan berilýän görkezmelere tabyn, pes hünärli, özüne ynanmaýan, özüni sylamaýan işçileriň köpelmegine getirdi.

Ozalky bank işgäriniň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, ýokardan berilýän, ýöne ykdysady taýdan bähbitsiz, çykdajyly görkezmeler öz işini we kanunlary gowy bilýän adamlary oýlandyrýar, olar jogapkärçiliksiz görkezmeleri sessiz ýerine ýetirmekden ätiýaç edýärler, bu hili adamlar uzak işläp bilmeýär we netijede kadrlar çüpreýär, pudaklar korrupsiýa çümýär.

Aýry-aýrylykda gürleşilen hünärmenler bank ulgamyndaky ‘kölege karz bazarynyň’ birki ýylda döremändigini, degişli gözegçilik edaralarynyň, kanun goraýjylaryň göni ýa-da gytaklaýyn gatnaşmagynda, esli wagt bäri ‘üstünlikli’ ulanylýandygyny öňe sürdüler.

söhbetdeşlerimiziň tassyklamagyna görä, ýokary wezipeleri eýeleýän çinownikler karz bermekde her hili emellere ýüz urýarlar, para alyp, bergisini üzüp bilmejek hususy kärhanalara karz pul berip, berilýän karzyň umumy möçberinden 10, 15 göterimini nagt pul görnüşinde para alyp, bikanun gazanç edýärler we bu serişdeleri özlerini goraýan resmiler bilen paýlaşýarlar.

“Karz pul alýan islendik döwlet kärhanasy, kärhananyň hasabyna nagt däl görnüşde girdeji bolan puly nagtlaşdyrmak üçin, ol serişdäniň her ýigrimi müň manadyna nagt iki müň manat para bermeli bolýar” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy we bu ýagdaýy bilmeýän uly adamyň bardygyna ynanmaýandygyny, ýöne hiç kimiň muny açyk tassyklamajakdygyny hem sözüne goşdy.

Döwlet garamagyndaky kärhanalaryň ýolbaşçylary adatça, köp kişä belli bolan tejribä görä, nagtlaşdyrylan pullary kagyz ýüzünde kärhananyň zerurlyklary üçin harçlanan edip görkezýär we onuň ujundan kärhananyň başlygynyň orunbasarynyň, baş hasapçynyň, hojalyk müdiriniň, ammar müdiriniň paýlary berlip, galan serişdeler kärhanalaryň iş jaýlary abatlaşdyryldy, kanselýariýa harytlary, arassaçylyk serişdeleri satyn alyndy, printer we beýleki enjamlary bejerildi ýa-da şaýlary täzelendi diýlen çykdajylar bilen saga, çepe sowrulýar diýip, karz ulgamyndaky korrupsiýany ýene ýaşaýjy tassyk etdi.

Bergili, borçly bolmak 'adaty zada öwrüldi'

Onuň sözlerine görä, döwlet kärhanalarynda bankdan karz alnan pullaryň özara paýlaşylyp, kärhananyň bank öňünde bergili bolup, bankyň hem algyly bolup galmagy ‘tas adaty zat bolup durýar’.

Söhbetdeşlerimiz ýurtdaky jogapkär ýolbaşçylaryň ýygy-ýygydan çalşylmagynyň hem bir sebäbiniň şu ýagdaýlar bilen baglydygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat

Pensionerleriň adyna kredit karzlarynyň galplaşdyrylmagy bilen bagly wakalar ýüze çykýar


“Bankdan karz alan kärhananyň başlygy köp wagt geçmänkä wezipesinden boşadylýar ýa başga işe geçirilýär. Umuman, kärhana ýolbaşçylary ýygy-ýygydan täzelenip durýar, işden aýrylan adamdan bankdan alnan karzy nätdiň, nädip üzjek diýip soralmaýar, netijede bergi kärhananyň bergi-borjy bolup galýar, banklar hem şeýle, bu pudakda hem ýolbaşçylar uzak saklanmaýar” diýip, “kölege karz bazary” baradaky soraglara jogap beren hasapçy aýtdy.

Azatlyk bilen gürleşen birnäçe hasapçynyň tassyklamagyna görä, bu ýagdaýlar döwlet kärhanalarynyň köpüsiniň hemişe bergili bolup galmagyna, umuman, bu ýagdaýyň bilinýän, açyk syr hökmünde ‘kanunlaşmagyna’ getirýär.

“Kärhananyň boýnuna galan bergileri üzjek bolýan kärhana ýolbaşçylary hem ýok diýerlik, bu bergileriň berilmegi, bankyň öz puluny yzyna almagy üçin jan çekýän bank ýolbaşçylary hem bolmaýar. Sebäbi, kärhanalarda bolşy ýaly, täze bellenen bank ýolbaşçylary hem karz berlen puluň para alnyp berlendigini gowy bilýär” diýip, hasapçy düşündirdi.

“Kölege karz bazary” ýa-da bank ulgamyndaky karz korrupsiýasy diňe döwlet eýeçiligindäki kärhanalara degişli däl, eýsem, ýönekeý raýatlara hem degişli bolup görünýär. Aýdylmagyna görä, ýönekeý adamlaryň bankdan karz pul almagynda esasy mesele kepillige ýa kepil geçýän adamyň tapylmagyna bagly.

“Kim bolsa bolsun, tapawudy ýok, edarada, kärhanada işleýän işçi bolup, işleýän ýerinden alýan aýlygy hakynda kepilnamasy bolsa, kepil boljak adamy bolsa bolany” diýip, ýerli synçy aýtdy we häzirki ykdysady kynçylyklaryň arasynda karz alýan adamlara kepilçi bolýanlaryň gaty azdygyny hem sözüne goşdy.

Onuň sözlerine görä, karz alan birden karz alan puluny üzüp bilmese, kepil bolýan adam, söz berşi ýaly, onuň karzyny üzmeli bolýar we karz alýan adamlaryň ýagdaýyny bilýän adamlar, ilatyň umumy hal-ýagdaýy hemmä belli bolansoň, kepilçi bolmakdan köplenç saklanýar.

Karz, bergi, 'gara sanaw' ýesirligi

Döwlet banklaryndan karz alýan we olara kepil geçýän adamlar, aýdylmagyna görä, karzlar üzülýänçä ýurt daşyna çykmasyz edilýär we, bank ulgamynda çuň ornaşandygy aýdylýan korrupsiýa ‘gara sanawlaryň’ ulalmagyna we kyn ýagdaýdaky maşgalalaryň mätäçliginiň çuňlaşmagyna öz goşandygyny goşýar.

Azatlygyň habarçylary bilen gürleşen raýatlaryň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, edara, kärhanalaryň hasabyna nagt däl görnüşinde giren pullary nagtlaşdyrmak, karz alnan pullary nagtlaşdyrmak üçin soralýan para, bir tarapdan, döwlet edaralarynda öz wezipesinden bikanun peýdalanýan adamlaryň köpelmegine getirse, ikinji tarapdan, işiňi düzetmek üçin diňe para bermeli, ýurtda kanun ýok ýa-da asla işlemeýär diýen ynançdaky adamlaryň barha köpelmegine getirýär.

Degişli maglumat

Pul nagtlaşdyrmakda dowam edýän kynçylyklaryň arasynda bank işgärleri derňelýär


“Karz aljak adam ilki bank işgärine para bermek üçin araçy tapmaly, soň gerekli resminamalary jemläp, bermeli paraňy jemläp, nagt görnüşde araçynyň eline bermeli. Şondan soň araçy haçan we kimiň ýanyna barmalydygyňy aýdýar. Adatça, almaly puluň jeminiň 10, 15 göterimi möçberinde para soralýar. Eger şol talaba kaýyl bolsaň, karz pul alyp bolýar” diýip, bir raýat oglunyň daşary ýurda gitmek üçin alan karzynyň ‘gapdal hekaýasyny’ gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, bank ulgamynda giň ýaýran korrupsiýa sebäpli, edara- kärhanalaryň köpüsi täjirçilik bankyna millionlarça manat bergili bolmagynda galýar we, näme üçindir, bu meseleleri gozgaýan-da, çözjek bolýan hem, beýle ýagdaýyň geljekde bolmagynyň öňüni almaly diýip gürrüň edýän hem ýok.

Resmi ýagdaýda tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan maglumatlara görä, uly möçberlerde karz alýan adamlaryň hususy kärhanalary bolup, olar öz kärhanalaryny, emläklerini girew hökmünde ulanýarlar.

'Emeli' diýilýän mätäçlikden kim peýda görýär?

Bankdan karz pul almak üçin hemişe ‘gowy tanyş’ gerek we eliň açyk bolmaly diýip, Azatlygyň ýene bir söhbetdeşi banklar we bergi-borç krizisi barada aýdylýanlary tassyk etdi:

“40 müň manat karz aljak bolsaň, bankdaky araça 4 müň manat , komissiýadan geçmek üçin 1000 manat, şaýat 1000 manat, puly kartdan çalt çykarmak üçin ýene 1000 manat bermeli, jemi 40 müň almak üçin 7 müň manat çykdajy etmeli. Millionlap kredit aljak bolsaň, araçylara bermeli pul hem şonça artýar.”

Bankdaky bergilerini wagtynda töläp bilmeýän adamlaryň bank kartlary petiklenýär, adamlar petiklenen kartyny açdyrmak üçin ýene göterimine pul alyp, bergä girýär, elden, 10% berip, karz almaly bolýarlar; diňe karz alanlaryň däl, karz alýana şaýat bolýanlaryň hem karty petiklenýär.

Aýdylmagyna görä, adamlar 1000 manat bereli diýilse, karz alýana şaýat bolýar, karzyny üzüp bilmedikleriň arasynda bergini şaýadyň üstüne atýanlar hem az däl; netijede, şaýat hem töläp bilmedik ýagdaýynda, kazyýet olaryň öýüni, öý goşuny, awtoulagyny bankyň hasabyna geçirmeli edýär.

“Garyp düşüp, karz pul gözleýän adam gaty kän. Daşary ýurda gitmek üçin elden 10% edip pul alýarlar. Meniň bir tanşym gyzyny Türkiýä işlemäge ugratmak üçin 50 müň manat puly 10 göterimine karz aldy. Indi aýda bergisini üzmek üçin 5 müň manat töleýär” diýip, bir raýat tanşynyň Türkiýedäki gyzynyň hem entek gowy gazanç edip, kakasyna kömekleşip bilmeýändigini gürrüň berdi.

Meniň bir tanşym gyzyny Türkiýä işlemäge ugratmak üçin 50 müň manat puly 10 göterimine karz aldy. Indi aýda bergisini üzmek üçin 5 müň manat töleýär”
Ýaşaýjy


Işsiz, garyp adamlaryň arasynda bankdan karz pul almak üçin bank işgärleri bilen galp dokument düzetmäge, telekeçi, potratçy, daýhan diýip resminama ýasatmaga ýüz urýanlar hem bar, bu hili dokument üçin 3 müň manada çenli para bermeli; ‘potrat ýerim bar’ diýip, başga biriniň potrat ýerini adyna wagtlaýynça geçirip, galplyga ýüz urýanlar hem tapylýar, bu ýagdaýda hem döwlet işinde isleýän şaýat gerek diýip, bir çeşme aýtdy.

Şeýle-de, başga adamlaryň adyna ýazyp, bankdan karz alýanlar, öz hossarlaryna pul alyp berýänler bar; olar hökümet işinde işleýän, sözi geçýän hossarlaryndan haýyş edýärler, ýöne hossarlarynyň adyna pul alyp, daşary ýurtlara gidip, ýitirim bolýanlar hem bar diýip, ýaşaýjylar bank we karz, bergi we borç meselesiniň Türkmenistanda soňky ýyllar iň uly meseleleriň birine öwrülendigini gürrüň berdiler.

Metbugat habarlaryna görä, Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan milli walýutada berlen karzlaryň umumy möçberi 2026-njy ýylyň 1-nji fewralyna çenli 100,1 milliard manada (28,6 milliard dollar) ýetdi.

Maglumat üçin aýtsak, 31-nji martda Mary şäherinde, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň guramagynda açylan sergi "Garaşsyzlyk ýyllarynda bank ulgamynyň gazanan üstünlikleri we döwrebap mümkinçilikleri" diýlip atlandyryldy. Onuň maksady bank ulgamyndaky täze hyzmatlar bilen tanyşdyrmakdan, şol sanda bank ulgamynyň halk üçin sanly ulgam arkaly ýerine ýetirýän hyzmatlaryny görkezmekden ybarat boldy diýip, döwlet eýeçiligindäki metbugat belleýär.

Synçylar TDH-nyň habarlarynyň sözbaşylarynyň ilatda diňe ajy, gamgyn gülki döredýändigini, okalmaýandygyny öňe sürýärler.

Azatlyk ýurduň bank ulgamyndaky kynçylyklar, ilat arasynda ulalýan algy-bergi meseleleri barada resmilerden hiç bir düşündiriş alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.