Türkmen hökümeti ýeňil we arzan abraý gazanmak üçin, öňki ýyllarda bolşy ýaly, bu Täze ýyly hem hiç bir ykdysady hasapsyz, bazarlara hususy telekeçiler tarapyndan getirilýän önümleri zor bilen, emeli ýagdaýda arzan satdyrmak ‘syýasaty’ bilen garşy aljaga meňzeýär diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.
Türkmen paýtagtyndaky bazarlaryň ýolbaşçylaryna häzir daşary ýurtlardan getirilýän miweleriň bahalarynyň ‘arzan’ bolmagyna berk gözegçilik etmek tabşyrylypdyr diýip, habarçy öz çeşmelerine salgylanyp aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen birnäçe satyjynyň tassyklamagyna görä, bazar resmileri telekeçileriň gymmat bahadan alan zatlaryny arzan satyp bilmeýändigine ‘düşünmek islemeýärler’, olar bilen bu barada gürleşmek hem kyn.
Ýerli habarçylarymyz bilen gürleşen ýasaýjylaryň bir bölegi bu ‘syýasatyň’ hem telekeçilere, hem halka ‘bilkastdan edilýän zyýana’ öwrülendigini öňe sürse, basyş astynda arzan satylýan harytlardan satyn alyp, baýramçylyk saçagyny bezäp bilenine begenýändigini aýdýanlar hem bar.
Türkmen hökümeti, ýurtda bellenýän baýramçylyklara gabat adat bolşy ýaly, bazar bahalaryna gözegçiligi her ýyl berkidýär.
Degişli maglumat Bitaraplyk gününiň 'arzançylygy' geçdi, alyjylar Täze ýyl 'söwdasyna' garaşýarAzatlygyň habarçylary biraz öň, 12-nji dekabrda bellenilýän Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda döredilen emeli arzançylygyň tamam bolandygyny, ilatyň Täze ýyl arzançylygyna garaşýandygyny habar beripdiler.
Bazarlarda bahalara gözegçilik güýçlendi
24-nji dekabrda gelip gowşan maglumata görä, türkmen häkimiýetleri häzir bazarlardaky satyjylara gözegçiligi güýçlendirip, hususy telekiçileriň daşary ýurtlardan walýuta, nagt pula satyn alan we Türkmenistana getiren miwe önümleriniň arzan bahadan satylmagyny talap edýär.
Azatlygyň habarçylary dürli bazarlarda bolup, 23-nji dekabrdaky nyrhlary öwrendiler.
“Häzir ýokary hilli almanyň bir kilogramy 15 manat diýlip ýazylgy, emma hakykatda olar 20, 25 manatdan satylýar” diýip, habarçymyz aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, kä ýerleri çüýräp başlan almalaryň bahasy ýazgyda 5 manat diýlip görkezilen, emma hakykatda kilogramy 15 manatdan satylýar.
“Bazar ýolbaşçylary satyjylara satuwdaky harytlaryň bahasyny talap edilýän nyrhlarda ýazyp goýmalydygyny, ýöne hakykatda olaryň bazaryň göterýän bahasyndan satylmagyna göz ýumuljakdygyny duýdurýarlar” diýip, bir satyjy aýtdy.
Bu hili baha, nyrh gözboýagçylygy bazar resmileri bilen bilelikde amala aşyrylýar, olar bir tarapdan telekeçileriň ýagdaýyna düşünýärler, ikinji tarapdan, işlerini saklajak bolsalar, ýokardan berlen görkezmäni berjaý etmeli, ‘hemmeler öz derejesinde oýna gatnaşýar’ diýip, çeşme aýtdy.
Bazarlardaky bahalary öwrenen ikinji habarçymyz häzir gowy hilli almanyň kilogramynyň 30 manatdan, pes hilli, tagamsyz almanyň bolsa 15 manatdan satylýandygyny, arzan berilýän harytlaryň içinde zaýa bolan önümleriň hem kändigini habar berdi.
Kiwi 20 manat, pomidor 6 manat, kartoşka 8 manat, ýag 20 manat , ýerli etiň 1 kilogramy 100 manat , doň etiň 1 kilogramy 45 manat bahalanýar diýip, habarçymyz ýazýar.
"Bazarlardaky söwda haýal, halkda Täze ýyl höwesi pes"
Şeýle-de, gowy hilli bürünjiň kilogramy 20-30 manat, hili pes, ýarmaly bolsa 10 manat, banan 30 manat, süýji-kökeleriň bahasy hem hiline görä üýtgeýär diýip, habarçymyz ýazýar.
Degişli maglumat Aşgabatda baýramçylyklaryň öň ýanynda arzan et satuwa çykaryldyÝurt içinde öndürilen şokaladlaryň 1 kilogramy 50 manat, daşary ýurtlardan getirilen şokoladyň arzany 60 manatdan, gymmady 200 manatdan satylýar diýip, çeşmeler bazarda Täze ýyl saçagyny bezemek üçin öňünden söwda edýän adamlaryň öňki ýyllardakysyna garanda az görünýändigini habar berdiler.
“Bazarlarda söwda haýal, halkyň Täze ýyla bolan höwesi pes” diýip, anonimlik şertinde söhbetdeş bolan satyjy aýtdy.
Söwdanyň haýallygy Türkmenistanda, şol sanda paýtagt Aşgabatda ilatyň satyn alyjylyk ukybynyň ýyl-ýyldan peselmegi, hakyky manysyndaky orta gatlagyň bolmazlygy ýa-da juda az bolmagy bilen düşündirilýär.
Azatlygyň söhbetdeş bolan söwda işgärleri häkimiýetleriň önüm öndürijileriň we telekeçileriň hukuklaryny göz öňünde tutman, nyrhlara berk gözegçilik, kontrollyk etmek bilen, ‘meňki bitsin, seiňki ýitsin’ syýasatyny ýöredip, “Telekeçilik işi hakyndaky kanuny” dowamly bozýandygyny öňe sürýärler.
Telekeçiler zyýana galýar, işe höwes azalýar
Bahalara edilýän gözegçilik telekeçileriň Täze ýyl baýramçylygynyň öňünden, baýramçylyk günlerinde gazanç etmek maksady bilen harçlan pullarynyň, eden azaplarynyň getirjek peýdasyny düýpli azaldýar diýip, habarçy bilen söhbetdeş bolan söwda işgäri aýtdy.
“Hususy telekeçiler daşary ýurtlardan, has takygy Eýrandan we Türkiýeden sitrus we miwe önümlerini getirip, peýdasyna satmagy, biraz pul gazanmagy maksat edinýärler. Olar daşary ýurtlardan getirilen azyk önümleri üçin serhetde gümrük pajyny, harytlaryň sanitariýa talaplaryna laýyk gelýändigi barda kepilnama almak üçin, harytlary daşamak üçin logistika çykdajylaryny edýärler” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bazara getirilen azyk harytlaryny satmak üçin her günki ýer hakyny tölemeli, satyja hak tölemeli we günlük çykdajylary getirilen harydyň nyrh gymmatlygyna goşmaly. Bulardan başga, harydyň bahasyna telekeçiniň görjek peýdasy hem goşulmaly we, ahyrynda galjak peýda gaty ujypsyz bolsa, bu işi dowam etdirmek kyn bolýar.
Degişli maglumat Et gymmatçylygynyň arasynda möhleti geçen et önümleri satuwa çykarylýar, iýmitden zäherlenýän ýaşaýjylar ‘köpelýär’Maglumat üçin aýtsak, Azatlygyň çeşmeleri häkimiýetleriň baýramçylyk söwdasyndaky emeli arzançylyklary sebäpli daşardan getirilen gök, miwe önümleriniň köpüsiniň satylman, çüýräp galýandygyny, Türkmenistanda zyýan çeken telekeçileriň köpüsiniň zähmet migrasiýasyna gidendigini aýdýarlar.
Azatlyk bu ýagdaý barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär, ýöne baýramçylyk söwdasy, emeli arzançylyk bilen bagly meseleleri gözegçilikde saklaýar we hususy telekeçiler, ýaşaýjylar hem öz tejribelerini paýlaşsalar, minnetdar bolar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.