Beslan tragediýasynyň ýyl dönümi

2004-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ýaragly söweşijiler Beslanyň 1-nji mekdebini zamun alansoň, Orsýetiň esgerleri mekdebiň daşyny gabadylar.
 

Zamun alyşyň birinji güni mekdebiň daşynda duran ene-atalar.

Orsýetiň NTW telekanaly mekdebiň daşynda duran ýörite güýçleriň esgerlerini görkezdi.

Söweşijiler krizisiň ikinji güni 26 zenany we çagany boşatdylar.

Zamun alyşyň üçünji güni 3-nji sentýabrda ýörite güýçleriň ýaragly we ýüzi nikaply adamlaryň eýelän mekdebine hüjüm edýän wagtynda meýletinçiler ýaralananlary howpsuz ýere alyp barýarlar.

Zamunlykdan halas bolanlar

Ýaňy zamunlykdan gutulan çagalar

Mekdepden gaçyp gutulan oglanlar ulagda bukuldylar

Ýaralanan çagany göterip barýan adam

Ýörite güýçleriň zamun alyşyň soňuna çykmagyndan soň mekdebiň daşky görnüşi.
 

Demirgazyk Osetiýanyň paýtagty Wladikawkazyň keselhanasynda ýaraly gyzyň ejesi öz çagasynyň ýanynda.

Zamun alyşyň pidalarynyň garyndaşlary Wladikawkazyň meýithanasynyň daşynda öz ýakynlarynyň jesetlerini tapmaga synanyşýarlar.  

Ene-atalar Beslanyň gonamçylygynda.

Gyzlar zamun alyşdan üç gün geçensoň ýitirim hasaplanan çagalaryň suratlarynyň öňünde.

Sud işgäri Beslandaky zamun alyşa gatnaşan we ele salnan ýeke-täk söweşiji Nurpaşi Kulaýewiň sud edilen wagtynda gepleýän zenany köşeşdirmäge synanyşýar, Wladikawkaz, 19-njy maý, 2005.

Beslandaky zamun alyşlyga gatnaşan we ýeke diri galan söweşiji Nurpaşi Kulayew 2006-njy ýylyň 26-njy maýynda ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

Zamunlaryň maşgala agzalary 2007-nji ýylda geçirilen sudda üç polisiýa wekiliniň amnistiýa edilmegine gahar-gazap bildirdiler.