Býujetçilerden Täze ýyl sowgady üçin alnan pula zaýalanan azyk berildi

Täze ýyl bazary. Aşgabat. Ýanwar, 2025.

Türkmenistanyň döwlet edara-kärhanalarynda, mekdeplerde we çagalar baglarynda täze ýyl baýramyna gabatlanyp sowgatlar paýlanyp başlandy. Munuň üçin öňünden pul tabşyran býujetçilere berlen sowgatlaryň ençemesiniň içinden möhleti geçen azyk önümleri çykdy.

Balkanyň býujet işgärlerinden täze ýyl sowgady üçin 155 manatdan pul tutulyp, berlen sowgatlary möhleti geçen köke we zaýalanan şokolad keksler bolup çykdy diýip, Azatlygyň habarçysy ýerli býujet işgärleriniň birnäçesine salgylanyp, 26-njy dekabrda habar berdi.

Täze ýyl sowgady. Dekabr, 2025.

"Üçünji gün paýlanyp başlan täze ýyl sowgatlary ilki bilen mekdepler we saglyk, polisiýa bölümleriniň işgärlerine paýlandy. 30sm×50sm göwrümli gök reňkli aýazbaba şekili düşürilen karton gutularda paýlanan sowgatlary daşyndan görenler şu ýyl hökümet hakymyzy iýmändir diýdiler. Emma daşy jäjek içi möjek bolup çykdy. Ysyndan ýaňa durar ýaly däl. Biz kollektiw bolup, müdirimize şikaýat etdik" diýip, mekdep mugallymy gürrüň berdi.

Ýene bir balkanabatly iş ýerinde paýlanan sowgatlary açman, öýüne getirip, çagalaryna açdyrandygyna gynanýandygyny aýtdy.

"Her ýyl işde alan sowgatlarymyzy öýümize gelip, çagalara açdyrmak däp boldy. Şonuň üçin iş ýerimde açmadyk. Eger beýle zaýa peçenýe we keksleriň boljagyny bilenimde sowgady getiren Kärdeşler arkalaşyk we aýallar guramasynyň wekillerine yzyna bererdim. Döwlet dükanlaryndaky hyrydarsyz saçakçylardan we syçanlardan galan kökeleri kagyz guta gaplap berdiler" diýip, býujet işgäri gürrüň berdi.

Degişli maglumat Kärdeşler arkalaşyklary baýramçylyk sowgatlaryny azaltdy

Ozalky ýyllarda bolşy ýaly şu gezek hem berlen sowgatlar býujetçilerden toplanan pula satyn alyndy. Şu ýyl Balkanabadyň edara-kärhanalarynda işgärlerden täze ýyl sowgady üçin toplanan pul 155 manada barabar boldy. (Merkezi Bankyň kursy boýunça 44,2 amerikan dollaryna barabar-red.)

Balkanly býujetçileriň sözlerine görä, 155 manada bazarlarda kadaly sowgatlaryň birnäçesini satyn alyp bolýar.

"Beýle ýaramaz sowgatlary bermeseler has gowy bolardy. Çagalarymyza bu sowgatdan müň esse gowusyny bazarlarda 25 manatdan satyn alyp bererdik" diýip, balkanly ýaşaýjy aýdýar.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan balkanabatly çeşmeleriň biri möhleti geçen azygyň sowgatlara goşulmagyny ýerli dükanlarda satylman galan, şol sanda möhleti geçen azyk önümlerini ýerleşdirmegiň bir görnüşi diýip, düşündirdi.

"Söwda ýolbaşçylary we häkimlik öz borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin döwlet dükanlarynda satylman galan möhleti geçen harytlary ýerleşdirmäge synanyşýar" diýip, söwda pudagyndaky ýagdaýdan habarly çeşme aýdýar. Onuň bellemegine görä, ozalky ýyllarda geçmeýän harytlar un paýoklarynyň we beýleki subsidirlenen önümleriniň gapdalyndan ýüklenip, satylan bolsa, soňky wagtda subsidirlenen önüm söwdasy tas ýok bolup, satylman galan haryt köpelipdir.

Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatynyň häkimliginden we söwda resmilerinden teswir almak boýunça eden synanyşygy netije berrmedi.

Degişli maglumat Kärdeşler arkalaşyklary nädip 'eziji, işgärlerden pul ýygnaýan' toparlara öwrüldi?

Çeşmeleriň sözlerine görä, şu ýyl ýurduň dürli böleklerindäki edara-kärhanalarynda Kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan guramalaşdyrylyp, berilýän sowgatlaryň hili peselipdir.

"Bu ýylky sowgatlaryň içine salnan süýjüleriň arasynda pisläp, gatap gidenleri gaty kän. Ählisi Türkmenistanyň ýerli süýji kärhanalarynyň önümi. Süýjüleri çagalara hödürlär ýaly däl, täze ýyl saçagyna hem goýup bolmaýar" diýip, ýene bir býujet işgäri gürrüň berdi.

Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden dürli maksatlar üçin yzygiderli pul toplanýar. Täze ýyl sowgady üçin pul ýygnamak däbi onlarça ýyl bäri dowam edip gelýär. Şeýle-de, edara-kärhanalaryň işgärleriniň sözlerine görä, olar özlerine beriljek sowgatlardan başga, öz ýolbaşçylaryna sowgat satyn almak üçin pul tabşyrmaga mejbur edilýär.

Degişli maglumat Çagalar baglarynda körpelere berilýän sowgatlar, ene-atalardan ýygnalan pullar üns merkezinde galýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.