Aşgabadyň çagalar baglaryna gatnaýan körpeleriň ene-atalary öz çagalarynyň iýmitiniň ýaramazlaşmagyndan nägile bolýarlar. Ene-atalar çagalaryň bakjadan aç gelýändigini, tomsuň iň bol hasylly möwsüminde çagalara hatda miwe we gök-önüm berilmeýändigini aýdýarlar.
Uzakly gün çagalar bagynda bolup, öýlerine aç barýan körpeleriň ýagdaýy ene-atalary alada goýýar.
"Çagalara berilýän nahar tagamsyz hem-de şol bir gaýtalanyp durýar. Ýagny suwa gaýnadylan makaron, tüwi şülesi, şekerli çaý, gara çörek, bugdaý ýarmasy" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýdýar.
Bu ýagdaýy paýtagtyň çagalar bagynda işleýän çeşmeler hem tassyklaýar. Olar çagalara adatça pes hilli gara çörek berilýändigini, emma kagyzlar onuň ak çörek diýlip görkezilendigini bellediler.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatly ene-atalar we çagalar baglarynyň işgärleri howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşdiler. Olar paýtagtyň çagalar baglarynyň köpüsinde ýagdaýyň birmeňzeşdigini aýtdylar.
Degişli maglumat
Çagalar baglaryndaky 'zorluk we sütem' ene-atalarda alada döredýärHäzirki wagtda çagalaryň bakjadaky iýmit rasionynda gök-önüm we miwe azalypdyr. Tomsuň iň hasylly möwsümine gabat gelen bu ýagdaý barada aşgabatly çeşme şeýle gürrüň berdi:
"Şu ýylyň başyndan bäri çagalar bagyna gatnaýan çagalara naharyň gapdalyndan bir sany alma, mandarin, apelsin berlen bolsa, häzir çagalar bagynda bir almany dört bölege bölüp, dört çaga ýeter ýaly paýlaýarlar".
Bu ýagdaý çagalaryň aç galmagyna sebäp bolýar.
Iýmitiň tagamsyzlygy hem şol bir iýmitiň gaýtalap durmagy, çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň öýlerine aç gaýtmaklaryna sebäp bolýar.
"Çagalar berilýän naharyň tagamsyzlygy we hiliniň pesligi sebäpli, çagalar iýmän, öýlerine aç dolanýarlar" diýip, aşgabatly ene aýtdy.
Ol çagalar baglaryndaky iýmitiň hilini barlatmak üçin ýüz tutan resmileriň özlerine gulak asmaýandygyny aýtdy.
Çagalar baglarynyň işgärleri bolsa, bişirilýän naharyň döwlet tarapyndan berilýän üpjünçilige görä taýýarlanýandygyny aýdýarlar.
"Hökümet tarapyndan berilýän azyk harytlaryna görä iýmit taýýarlanýar. Çagalar bagynyň aşpezlerinde näme günä bar, olar bar zatdan taýýarlaýar, diýmek hökümet çagalaryň iýmitini tygşytlaýar" diýip, çagalar bagynyň işgäri aýtdy.
Käbir ene-atalar hem munuň sebäplerini çagalar baglarynyň döwlet tarapyndan üpjünçiliginiň gowşaklygynda görýärler.
"Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisi, çagalar bagyna gatnaýan çagalara berilýän iýmitine hem ýaramaz täsirini ýetirýär" diýip, aşgabatly çeşme aýtdy.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Bilim ministrliginden teswir almaga synanyşdy. Emma onuň websaýtynda habarlaşmak üçin görkezilen telefor nomerlere edilen jaňlara jogap berilmedi. Mekdebe çenli bilim bölümindäki resmi maglumatlatda çagalar baglarynda "çaglaryň terbiýelenmegi we bilim almagy, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, jan-saglygynyň berkidilmegi üçin zerur şertleri döredýär" diýlip, habar berilýär.
Uzaga çeken problema
Mundan öň paýtagtyň çagalar baglarynda körpelere zaýalanan azygyň berilýändigi mälim bolupdy. Paýtagtyň çagalar baglarynyň birnäçe işgäri döwlet tarapyndan goýberilýän azyk harytlarynyň hiliniň peselýändigini Azatlyga habar beripdi. Olar gök önümleriň çüýrükdigi, gara undan bişirilen çöregiň içiniň käte çig bolýandygyny, emma şonda-da bu önümleri çagalara bermeli bolýandygyny aýdypdy.
Paýtagtly aşpezleriň biri "çörek bir günden artyk dursa, yslanyp başlaýar, berilýän ýag gara pagta ýagy, onuň ýiti ysy naharlarda hem bildirýär" diýip aýdypdy.
Beýleki bir aşpez şeýle gürrüň beripdi: "Gelýän doň etleriň ýakymsyz ysy bar ol etleri aşhana işgärleri işden gitmänkä ýuwup duzly suwa ýatyryp gidýärler, ir bilen işe gelip bu etleri gaýnadyp suwlaryny dökýärler we ondan soňra nahar bişirýärler, şonda ysy bildirmeýär".
Türkmenistanyň häkimiýetleri garaşsyz çagalar baglaryndaky problemalar barada media serişdelerinde berilýän habarlary resmi taýdan kommentirlemeýärler. Bu problema döwlet mediasynda hem gozgalmady.
Degişli maglumat
Aşgabadyň çagalar baglarynda körpeleriň ene-atasyndan ýorgan-düşek soralýarÇagalar baglarynyň maddy üpjünçiligi ýyllarboýy örän pes bolmagyna gaýar, ençeme ýyl bäri ene-atalardan ýorgan düşek, arassaçylyk serişdeleri we beýleki zerur zatlaryň getirilmegi talap edilýär.
Türkmenistanda çagalar baglaryndaky problemalaryň arasynda arassaçylyga degişli kemçilikler hem ýüze çykypdy. Azatlygyň habarçylary paýtagtyň we welaýatlaryň çagalar baglarynda kelli bitiniň ýaýramagy ýaly hadysalar barada ençeme gezek habar beripdi.
Çagalar baglaryndaky tölegiň resmi bahasy aýda 80 manat - resmi kurs boýunça 22,8 amerikan dollaryna barabar. Hyzmatlaryň hiliniň gowşaklygyna garamazdan, ýurt ilatynyň durmuş derejesiniň peselmeginiň arasynda çagalar baglaryna uly nobat saklanýar we çagany nobatsyz salmak üçin para 1700 manada, ýagny Merkezi Bankyň kursy boýunça 485,7 amerikan dollaryna ýetýär.
Türkmenistanyň hökümeti bakja gatnaýan çaglaryň sanyny, ilatyň durmuş derejesini we sosial-ykdysady ýagdaýyny anyk görkezýän resmi statistikany köpçülige hödürlenmeýär.
BMG-niň ilat gaznasynyň we BMG-niň çagalar gaznasynyň Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde 2020-nji ýylyň iýunynda çap eden hasabatyna görä, Türkmenistanda 3-5 ýaş aralygyndaky çagalaryň 40 göterimi çagalar bagyna gatnaýar.
Degişli maglumat
Balkanabadyň çagalar baglarynda kelle biti köpçülikleýin ýaýraýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.