Çäre basyşlary reallyklardan ünsi sowmak üçin ulanylýar - Ýaşaýjylar

Bag ekmek çäresi. Arhiw suraty

Türkmenistanda çuňlaşýan ykdysady çökgünligiň fonunda çäre, baýramçylyk ‘mejburlygynyň’ barha güýçlendirilýändigi, häkimiýetleriň bu ýagdaýy halkyň ünsüni öz ýagdaýyndan sowmak, ýurtda emele gelen durmuş şertlerinden nägile bolýan adamlary psihologiki basyş astynda saklamak üçin ulanýandyklary habar berilýär.

Habarçylarymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen býujet işgärleri we studentler ilatyň onsuz hem agyr ýagdaýyny agyrlaşdyrýan çäre, baýramçylyk basyşlarynyň aňyrsynda ýatan niýet barada iki, üç adam bolup, gaharly pikir alyşýan adamlary hem barha köp görse bolýandygyny aýdýarlar.

“Türkmenistanyň hökümeti ilatyň iň aktiw ýaşlaryny we býujet işgärlerini öz başy özüne gaýgy halda, ýarym ukuda, gazanany bezenenine ýetmez ýaly halda saklamagyny güýçlendirýär” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Bir çäre gutarmanka indiki çäre duýdurylýar

Onuň sözlerine görä, ýaňy bir çäre gatnaşan, ýadaw adamlara heniz çäre gutaryp-gutarmanka indiki, geljekki çärelere gatnaşmak barada duýduryş berilýär, raýatlar atlary ýazylan kagyza gol çekmäge mejbur edilýär.

Degişli maglumat Maryda ýokary derejeli sapara garaşylýar, adamlar 'galp dabaradan' ýadadyk diýýärler


21-nji martda badalga berlen bag ekişlige gatnaşan studentler daňdan, ýarym ukuly halda bag ekilmeli ýerlere äkidilip, mejbury bag ekdirilýän wagtynda gören görgüleri az ýaly, aprel aýyndaky çäre hakynda duýduryş berildi diýip, bir talyp Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Onuň sözlerine görä, aprel aýynyň başynda geçirilýän saglyk we bagtyýarlyk hepdeligine taýýarlanmak, tigiri ýoklaryň tigir satyn almaklary barada berk tabşyryk berildi.

Bu maglumaty býujet edaralarynyň işgärleriniň hem azyndan iki sanysy tassyk etdi.

Olaryň tassyklamagyna görä, býujet edaralaryna işleýän zenanlara sport eşigini satyn alyp, tigir sürmegi öwrenmek tabşyryldy. Bu tabşyryk “eger öz işiňizde işlejek bolsaňyz” diýlen hemleli sözler bilen berildi, tigir sürüp bilmeýänlere, orta ýaşdan geçen ýaşululara haýbat atyldy.

Şu aralykda sosial mediada peýda bolan we derrew öçürilen wideolar hem bag ekýän ýaşlaryň arasyndaky ýadawlygy, ýurtda giň ýaýraýandygy aýdylýan lapykeçligi görkezdi.

'Kellesini tutup oturanlaryň wideolary' derrew öçürilýär

Ol wideolaryň käbirinde bag ekip, pillerini taşlap, iki elleri bilen kellesini tutup oturan talyplar görkezilýärdi. Bu hili reallyklary görkezýän wideolaryň aşagynda derhal ‘dost, geljek ýeriňe geldiň öýdýän, yzyňdan barylýar’ diýen ýaly gorkuzyjy ýazgylar peýda bolýar we olar derrew öçürilýär.

Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen talybyň tassyklamagyna görä, ukudan galan ýaşlaryň käbiri sögünip, çukur gazyp, baglary oturdyp, gaharlaryna bagyň düýbüne kiçi meýdan edip, ‘bolanyna görä suwaryp hem bereli’ diýýärler.

“Talyplaryň arasynda hökümetiň bu çäreleri ýaşlaryň oýlanyp, pikir etmäge wagtlarynyň bolmazlygy üçin geçirýändigine düşünýänler hem bar” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.

Şu aralykda Türkmenabatda Nowruz çäresine gatnaşdyrylan talyplaryň arasynda huşdan gidenleriň hem bolandygy habar berildi.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy nobatdaky bag ekişligiň öňünden gelen Nowruz baýramçylygy üçin okuwçylardan mejbury pul ýygnalandygyny habar beripdi.

21-njy martda sebit merkeziniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Ak öý” binasynyň öňünde geçirilen çärä şäherdäki ýokary okuw jaýlarynyň we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary giňden çekildi diýip, habarçy ýazdy.

Degişli maglumat Guramaçylar çärä gatnaşýanlary 'bagtly' görkezmegi, 'Şöhrat' diýip gygyrtmagy 'başarmaýar'


Bu çäre ir sagat 9:00-da başlap, öýlän sagat 17:00-a çenli dowam etdi we ýüzlerçe talybyň açyk asmanyň astynda, birnäçe sagatlap aýak üstünde saklanmagyna sebäp boldy.

Himiýa tehnikumynyň, Maliýe tehnikumynyň, Oba hojalyk tehnikumynyň we pedagogika institutynyň talyplary Azatlyk bilen gürleşip, günortan sagatlarynda, howanyň temperaturasy 35 gradusa çenli ýeten wagtynda, saýa, kölegeli ýere zar bolandyklaryny aýtdylar.

“Oglanlara uzynlygy iki metre golaý baýdaklar, gyzlaryň ellerine dürli reňkli güller paýlanyp berildi. Bu zatlar olaryň hereketini çäklendirip, ýagdaýlaryny has-da kynlaşdyrdy” diýip, bir gyz aýtdy.

Çärede çaşan gyzlar hem 'öýlerine goýberilmedi'

Onuň sözlerine görä, çäre dowamynda olara ‘kadaly iýmitlenmek ýa-da erkin suw içmek mümkinçiligi döredilmedi’.

“Bizi irden alyp çykdylar, agşama çenli diýen ýaly goýbermediler. Howa örän yssydy. Köpümiz özümizi erbet duýduk, ýöne çykyp gitmäge rugsat ýokdy” diýip, himiýa hünär mekdebiniň talyby aýtdy.

Azatlygyň habarçysy çäre wagtynda talyp gyzlaryň azyndan iki sanysynyň huşuny ýitirendigini, bu maglumaty şäheriň “Tiz kömek” gullugyndaky çeşmeleriň hem tassyklandygyny habar berdi.

“Yssydan ýaňa iki gyz huşdan gitdi. Wideokameranyň öňüne düşmezligi üçin, mugallymlar olary gyra tarap süýräp çykartdylar. Olara ilki suw berdiler, soňra bolsa tiz kömek çagyrdylar” diýip, wakany gözi bilen gören şaýatlaryň biri aýtdy.

“Tiz kömek” gullugyndaky çeşmäniň maglumatyna görä, lukmanlar wakanyň bolan ýerinde çaşan gyzlara degişli ilkinji kömegi berdiler.

Degişli maglumat FH: Türkmenistan dünýäde iň azat däl ýurtlaryň biri bolmagynda galýar


Şaýatlaryň tassyklamagyna görä, çaşan gyzlar hem wagtynda, derrew öýlerine goýberilmedi, polisiýa adamlaryň köçeleriň bagly, saýaly ýerlerine geçmegine mümkin boldugyça ýol bermezlige çalyşdy.

“Freedom House” guramasynyň geçen ýyl boýunça çap eden reýtingler hasabatynda dünýäde iň repressiw ýurtlaryň biri hökmünde görkezilen Türkmenistanyň häkimiýetleri garaşsyz neşirleriň žurnalistleriniň soraglaryna açyk jogap bermän, olaryň maşgala agzalaryny ýanamak, gorkuzmak praktikalaryny dowam etdirýär we Azatlygyň habarçylary ýurtda gizlin ýagdaýda işlemeli bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.