Çarwalaryň modasy: gadymy däpleriň we häzirki zamanyň sazlaşygy

Bişkekde geçen Bütindünýä çarwalar moda festiwalyna hödürlenen Gyrgyzystanyň sungat akademiýasynyň student gyzlarynyň işi, Gyrgyzystan, 10-njy awgust.

Festiwal dört ýyl bäri dürli ýurtlardan dizaýnçylary we moda senagatynyň işgärlerini jemleýär. Olar Gyrgyzystanyň müň ýyllyk taryhly göçüp-gonup ýaşan çarwa medeniýetiniň alamatlary siňdiren eserleri görkezýärler.

Milli nagyşlar bilen bezelen beýik aýal börügi häzirki zaman şekillerine garşylykly goýlupdyr.

Festiwalyň açylyş dabarasy 10-njy awgustda, Gyrgyzystanyň paýtagtyndaky Milli opera we balet teatrynyň öňünde geçirildi.

Bu ýyl festiwal talyp ýaşlaryň taslamalarynyň görkezilişi bilen başlandy.

Moda baýramçylygynyň açylyşyna garaşyp duran model gyz

Modalar kolleksiýany görkezmek üçin garaşyp duranlar

Gyrgyzlaryň adaty egin-eşiklerini ýatladýan eginbaşly erkek model

Gyrgyz dizaýneri Gülmira Kutuýewanyň işleri

Gazak dizaýnçysy Daýana Alibaýewanyň egin-eşik modelleri

Modalar görkezilişine gelen myhmanlara diňe bir dizaýnerleriň işlerine seretmek däl, eýsem ýerli saçagyň tagamyny dadyp görmek we saz diňlemek teklip edildi.

World Nomad Fashion — Merkezi Aziýada göçüp-gonup ýaşaýan çarwa medeniýetiniň ilkinji we ýeke-täk proýektidir. Ol şeýle hem Gyrgyzystanyň moda senagatynyň ýagdaýy barada gürrüň berýär.

Gyrgyzystanda nobatdaky gezek dördünji Bütindünýä çarwalar moda festiwaly (World Nomad Fashion) geçirildi. Bu ünsi çekiji geň-enaýylygyň hem sadalygyň garyşygy. Çärä gadymy däpleri we häzirki zaman öwüşginlerini organiki taýdan birleşdirmäge çalyşýan dürli dizaýnerler gatnaşdylar.