Çeşmeler: Berk gözegçilikde geçirilen ÝOJ-lara giriş synaglaryna dalaşgärleriň gatnaşygy pes boldy, ‘para-berim’ saklandy

Türkmenistanyň ÝOJ-larynyň birinde giriş synagyna girmek üçin nobatynyň ýetmegine garaşýan ýaşlar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

24-nji awgustda Türkmenistanda raýatlary 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek çäresi, şol sanda giriş synaglary tamamlandy. Azatlyk Radiosynyň ýurduň dürli ýokary okuw jaýlaryndaky ygtybarly ençeme çeşmesi bu ýyl synaglara dalaşgärleriň gatnaşygynyň, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, göz-görtele pes bolandygyny aýdýar.

Şeýle-de, olar synaglaryň berk gözegçilik astynda geçirilendigini, para-berimiň saklanyp galandygyny hem bellediler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Balkan we Lebap welaýatlaryndan maglumat berdiler.

Türkmenistanda 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasynyň çäklerinde ýurtda giriş synaglary 29-njy iýulda geçirilip başlandy we 24-nji awgustda tamamlandy. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky karara 10-njy iýulda gol çekdi.

“Meýilnama laýyklykda, dalaşgärlerden resminamalar 13 – 27-nji iýul aralygynda kabul edildi... Şu ýyl ýokary okuw mekdeplerine 18 müňden gowrak, ýagny geçen ýylkydan 1239 talyp köp kabul edilýär” diýip, resmi metbugatyň habarynda aýdyldy.

Degişli maglumat

Ýokary okuw jaýyna giriş synaglaryny şowsuz tabşyran ýaşlar öz tejribelerini paýlaşýar

Şol bir wagtda, Balkanyň we Lebabyň ýokary okuw jaýlaryndaky (ÝOJ) ençeme çeşmämiz bu ýyl synaglara dalaşgärleriň gatnaşygynyň, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, göz-görtele pes bolandygyny aýdýar.

"Dalaşgärleriň sany 50-70% az boldy"

“Şu ýylky dalaşgärleriň sany juda azdy. Balkanabat şäherindäki nebit-gaz tehnikumyna we Lukmançylyk orta hünär mekdebine dalaşgärleriň sany, ýagny okuwa girmek üçin resminamalaryny tabşyryp, giriş synaglaryna gelenleriň sany, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, 50 göterim az boldy” diýip, Balkanabadyň bilim pudagyndaky çeşmämiz aýtdy.

Türkmenbaşy şäherindäki çeşmämiz hem bu maglumaty tassyklap, Harby-deňiz institutyna okuw girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň sanynyň, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, şu ýyl 70 göterim az bolandygyny aýtdy.

“Dalaşgärler tas ýok. Synag otaglary boş diýen ýaly boldy. Geçen ýyl 100 dalaşgär bolan bolsa, bu ýyl 30-ä hem ýetmedi” diýip, türkmenbaşyly çeşmämiz aýtdy.

Lebapdaky çeşmelerimiz şuňa meňzeş ýagdaýlaryň bu sebitlerdäki ýokary we orta hünär mekdeplerine giriş synaglarynda hem gaýtalanandygyny aýtdylar.

Ene-atalaryň ençemesi dalaşgärleriň sanynyň göz-görtele az bolmagynyň sebäbini ýurtdaky ÝOJ-lara girmegiň “parasynyň aşa ýokarydygy” we oňa derek ýaşlaryň köpüsiniň daşary ýurtlara okamaga ýa işlemäge gitmäge isleg bildirýändigi bilen düşündirýär.

“Islendik ÝOJ-a girmek üçin 200 müň manat para bermeseň, ekzamenlere baranyň haýry ýok, ‘it’ ýaly wagtyňy ýitirip, nerwiňi zaýalanyň galýar. Şol sebäpli ene-atalar çagalary üçin artykmaç we biderek çykdajy etmegiň zerur däldigine düşündiler. Indi köpler ýurtdaky ÝOJ-lara wagtlaryny sarp etmän, göni daşary ýurtlara okamaga iberýärler. Bu türkmen ÝOJ-laryndan telim esse arzan bolýar. Şeýle-de, daşary ýurtlarda ýaşlar hem ýokary bilim alyp, hem-de işläp bilýärler” diýip, balkanly ene anonimlik şertinde aýtdy.

Bu maglumat, ýaşlaryň köpçülikleýin daşary ýurtlara okamaga gidýän möwsüminiň başlanmagy bilen, Aşgabadyň aeroportunda türkmen raýatlarynyň daşary döwletlere uçýan uçarlara goýberilmezligi bilen bagly wakalaryň göz-görtele köpelendigi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Degişli maglumat

Okuw möwsüminiň başlanmagy bilen, Aşgabat aeroportunda ýaşlaryň uçara goýberilmezligi bilen bagly wakalar köpeldi

Üstesine-de, ene-atalar her ýyl ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sanynyň juda çäklidigini, ýöne orta mekdebi tamamlaýanlaryň sanynyň bu görkezijiden telim esse köpdügini aýdýarlar.

Ilat köpçüligine elýeterli bolan 2024-nji ýyldaky soňky resmi maglumatlara görä, Türkmenistanda her ýyl 90 müň çemesi okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Türkmen häkimiýetleri soňky ýyllarda bu sanlary aç-açan çap etmekden saklanýarlar. Şol bir wagtda, her ýyl ýurduň ÝOJ-laryna okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sany 18 müň töwereginde bolýar.

"Paranyň möçberi 10 müňden 40 müň dollara çenli ýetýär"

Bu aralykda, türkmen häkimiýetleri we metbugaty ÝOJ-lara giriş synaglarynyň “adalatly geçirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur şertler döredilendigini” tekrarlasa-da, çeşmelerimiz synaglarda para-berimiň saklanyp galandygyny aýtdylar.

Türkmen prezidenti 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ÝOJ-lara “zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegiň, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirmegiň möhümdigini” hem belläpdi.

“Prezidentiň çykyşyna garamazdan, Balkanabat şäherindäki Nebit-gaz tehnikumyna we Lukmançylyk orta hünär mekdebine şu ýyl okuw girýän ýaşlardan 130 müň bilen 150 müň manat aralygynda para alyndy. Bu, Merkezi bankyň kursunda 37000-42000 amerikan dollary bolýar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly bilim işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Lebabyň bilim pudagyndaky çeşmelerimiz hem bu maglumatlary tassyklap, şu ýyl Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna okuwa girmek isleýänlerden araçylaryň üsti bilen talap edilýän paranyň möçberleriniň fakultetlere görä tapawutlanandygyny aýtdylar.

“Para göni dollarda alynýar. Araçylaryň hyzmatlary hem goşulanda, Taryh fakultetine okuwa ýerleşdirmek üçin 20 müň dollar, Türkmen dili we edebiýaty fakultetine 12 müň dollar, Roman-german dilleri fakultetine 15 müň dollar, Rus we Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetine 15 müň dollar, Takyk bilimler we Tebigy bilimler fakultetlerine bolsa 10 müň dollar töweregi pul soraldy” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Degişli maglumat

ÝOJ-lara 'para kabul ediş möwsümi' tamamlandy, paranyň möçberleri bu ýyl '15-25 % çemesi azaldy'

"Awgustyň ahyryna çenli internet ulanmazlyk tabşyryldy"

Mundan başga-da, çeşmelerimiz şu ýyl giriş synaglarynyň berk gözegçilik astynda geçirilendigini, dalaşgärlere, ÝOJ-laryň işgärlerine we talyplaryna çäklendirmeleriň girizilendigini aýtdylar.

“Mysal üçin, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda synag döwründe guramaçylyk işlerine çekilen mugallymlar we talyplar dalaşgärleri esgerler ýaly hatara düzüp, binanyň içine girizip, çykardylar. Mugallymlara we talyplara synag möwsümi gutarýança telefon arkaly jaňlaşmak, institutyň çägine smartfon getirmek gadagan edildi. Guramaçylyk işlerine gatnaşýanlara awgust aýynyň ahyryna çenli internet ulanmazlyk barada hem berk duýduryş edildi” diýip, çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Ol administrasiýanyň esasy aladasynyň institutyň içindäki ýagdaýlaryň suratlarynyň ýa-da wideo ýazgylarynyň daşary ýurtlardaky garaşsyz habar serişdelerine ýetmeginiň öňüni almak bolandygyny hem belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda agzalan ÝOJ-laryň administrasiýalaryndan teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 25-nji awgustda aglzana edaralaryň web sahypalarynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda ýaşlaryň ýokary bilim almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini, ÝOJ-laryň aglabasynda okuwlaryň mugtdygyny tekrarlaýarlar. Ýöne türkmenistanlylar ÝOJ-lara kabul ediş prosesinde “adalatyň ýokdugyny, diňe para berenleriň” okuwa kabul edilýändigini aýdyp gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri we metbugaty ýurtda onlarça ýyl bäri dowam edýändigi aýdylýan bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.