Tiananmen paýhynlamasy

1989-njy ýylyň 17-nji maýy, žurnalistler Tiananmen skwerinde korrupsiýa garşy protest bildirýär. Alty hepdä çeken protestde bu herekete azyndan 1 million dam goşuldy.

Demonstrasiýaçylar 20-nji maýda harby ýagdaý girizilenden gysga wagt soň harbylaryň maşynyny saklap, ýumruklaryny görkezýärler we ýeňiş yşaratyny edýärler.

Harby dikuçar Tiananmen meýdanyny derrew terk etmegi buýurýan listowka taşlaýar. 22-nji maý.

2-nji iýun, demonstrasiýaçylar Azatlyk statuýasynyň ýanynda dargamak buýrugyna we harby düzgüne garşy çykýarlar.

Demonstrasiýaçylar protest hereketi mahalynda çadyr gurýarlar.

3-nji iýun. Student esgerlere basyp ýatyryşyň bir gün öňünden gidiň diýip ýüzlenýär.

3-iýun gijesi goşunlar tanklar we bronly tehnika bilen protestçilere garşy herekete başlaýar.  Bu surat 4-nji iýunda düşürilen. Studentler bronly tehnikany otlaýar. 

Studentler mähellesi polisiýa gabawynyň içinden 3-4-nji iýunda petiklenen Tiananman meýdanyna ýetmäge dyrjaşýar.

Gana boýalan protestçi 4-nji iýunda harby güýçler bilen bolan çaknyşykdan soň esger kaskasyny elinde tutup dur.

Pekinli ýaşaýjy öz kwartirasynyň aýnasyndan ok geçen ýeri görkezýär.

Ýaragsyz adam Baky parahatçylyk köçesinde tank kolonnasynyň öňünde dur. 4-nji iýun. 

Tanklar Tiananmen meýdançasyna barýan ýoly goraýar. 6-njy iýun.

Ýapon telewideniýesinden alnan surat, "pitneçi" sud otagyna eltilýär. 22-nji iýun. Ýüzlerçe adam sud edildi.