Imperiýanyň soňy: Tsar döwründäki Türkmenistandan reňkli suratlar
1911-nji ýylda Marynyň golaýynda pagta çigidinden ýag öndürýän zawodyň işgärleri.
Bu surat we fotosergidäki beýleki suratlar 1906-1911-nji ýyllar aralygynda Sergeý Prokudin-Gorski tarapyndan düşürildi. Beýik rus suratçysy Russiýanyň tsar döwründe düşüren suratlary bilen örän meşhurdyr, emma ol häzirki Türkmenistanyň topraklarynda-da onlarça ajaýyp suraty döredipdir. Suratlar uzak, syrly toprak bolan - köpler üçin heniz-de şeýle bolmagynda galýan - sebit hakda haýran galdyryjy düşünje berýär.
Pagtanyň çigidinden ýag öndürilýän zawodyň içi. Diwardaky ýazgyda işçilere giňişligi “arassa we tertipli” saklamak barada duýdurylýar we “düzgüni bozanlaryň berk jezalandyryljakdygy" aýdylýar.
Gorskiý reňk süzgüçleri bilen surata düşürilmegi üçin her sahnanyň üç sany aýratyn suratyny talap edýän reňkli surata düşürişiň irki usulyny kämilleşdirdi. Üç çüýşe plastinasy işlenip düzülende we olaryň içinden gyzyl, ýaşyl hem-de gök yşyklar geçirilende, reňkli surat şekillendirip bolýardy.
Baýramalyda harby adam
Baýramalynyň golaýyndaky Merwiň harabalyklary. Gadymy oturymly ýer bir wagtlar dünýäniň iň uly şäheri bolup, bu ýerde takmynan 500 müň adam ýaşaýardy.
Merwiň galyndylarynyň arasynda saklanyp galan mawzoleý. Şäher XIII asyrda ýüzlerçe müň adamyň ölmegine sebäp bolan mongol atlylarynyň ganhor gyrgynçylygynda weýran edildi. Weýran ýolan şäher 1800-nji ýyllaryň başynda düýbünden terk edildi.
Baýramalynyň golaýyndaky öýleriniň öňünde oturan türkmen maşgalasy.
Baýramalyda “Murgap mülk” hökmünde häsiýetlendirilen emläkdäki üzümçilik.
Baýramaly sebitinde, düýäniň üstünde barýan bir adam.
Täze ýygylan pagtadan doldurylan haltalar Baýramalydaky gaýtadan işleýän zawoda getirilýär.
Ýaş işçi pagtadan doldurylan haltalary düýä ýükläp, olary alyp gitmäge taýýarlanýar.
Ýolötendäki gidroelektrostansiýanyň içki bölegi.
Baýramalydaky suwaryş kanaly.
Gündogar Türkmenabat şäheriniň golaýyndaky Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol köprüsi.
Türkmenabatdan birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşýän Farap demir ýol menzili.
Baýramalyda pagta egirýän desgalar.
Baýramalydaky bagda ösýän tut agajy.
Bu suratlar düşürilenden birnäçe ýyl soň bolup geçen 1917-nji ýyldaky Bolşewik rewolýusiýasyndan soň, Prokudin-Gorski Russiýadan gaçyp, Fransiýanyň Pariž şäherine ýerleşýär. Prokudin-Gorski 1944-nji ýylda aradan çykandan soň, ABŞ Kongres kitaphanasy suratçynyň garyndaşlaryndan 1902 sany suraty, şol sanda Merkezi Aziýada düşürilen 200-den gowrak suraty satyn aldy.