Daşoguzda ýollar abatlanyp, jaýlaryň üçekleri reňklenip, ýokary derejeli sapara garaşylýar

Türkmenistanda köçeleri süpürýän arassaçylyk işgärleri (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Daşoguz welaýatynda ýokary derejeli döwlet emeldarynyň sebite etjek saparyna taýýarlyk görülýär, ol öňümizdäki günleriň birinde Gurbansoltan eje etrabyna gelip, bugdaý oragynyň gidişi bilen tanşar diýip, Azatlygyň habarçysy ýerli çeşmelere salgylanyp habar berýär.

"Anyk haýsy döwlet emeldarynyň sapara geljekdigi we saparyň takyk güni belli däl, ol hiç kime aýdylmaýar. Ýöne býujet işgärleriniň arasynda prezidentiň geljekdigi barada gürrüňler giňden ýaýrady" diýip, daşoguzly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Şeýle-de, bugdaý hasylynyň iň gowy boýlan ýerinden saýlanyp alnan bäş gektar meýdanyň ähli haşal otunyň çapylyp, telewideniýe üçin taýýarlanan ‘ajaýyp’ ekin meýdanyny görenler ýokary derejeli myhman basym geler diýip çaklaýar.

“Sapar hepde ahyrynda ýa-da indiki hepde bolar. Täzedurmuş (Garaporsaň) obasynyň ekin meýdanlaryndan saýlanan 5 gektar ýerde ýekeje düýp haşal ot goýman, otag edildi. Bu ýeriň bugdaýy gaty gowy, iň bol hasylly ýeri saýlap aldylar” diýip, ýerli oba hojalyk hünärmeni anonimlik şertinde aýtdy.

Degişli maglumat

Balkanda prezidentiň saparyna taýýarlyk görülýär, Garabogazda ýol gurluşygy gije-gündiz alnyp barylýar

Ýerli häkimiýetler üçin ‘özboluşly synag’

Habarçymyz bilen aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylar ýokary derejeli myhmanyň saparyna görülýän taýýarlygy tassykladylar.

"Bu hili saparlar ýerli häkimiýetler üçin ‘özboluşly synag’ bolýar, olar ‘synagdan geçmek üçin näme etmelidigini gowy bilýärler" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Sapara taýýarlyk ýokary derejeli myhmanyň geçjek ýerindäki ýollary, jaýlary hem öz içine alýar.

Ýol ýakasyndaky jaýlaryň üçekleri ýaşyl reňk bilen reňklemek, köçe taraplaryny agartmak işleri tamamlandy.

“Asfalt ýol gowy abatlanyp, Daşoguz howa menzili bilen aralykdaky ýol çyzyklary, ýol nyşanlary täzelendi, gözegçilik, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi” diýip, çeşme aýtdy.

Biri-birinden habarsyz iki çeşmäniň tassyklamagyna görä, saýlanyp alnan ekin meýdanynda myhman bilen gürleşmeli kärendeçiniň ‘üç arkasy’ berk barlanyldy, onuň ýokary mertebeli myhmanyň öňünde aýtjak sözleri öňünden öwredildi.

Ýokary derejeli myhmanyň geçjek ýollarynyň ýakasynda, golaýda ýaşaýan aýallaryň hojalyk jaýlarynyň işiginde tamdyrda ot ýakyp, çörek bişirmeklerine çäklendirme girizildi, öýlerdäki it-pişikleriň şu hepde öýlerden çykarylman saklanmagy tabşyryldy diýip, çeşme aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, ýokary derejeli döwlet emeldarynyň sapary adamlaryň meýdana çykaryp bakýan mallarynyň hem ‘örüsini çäklendirer’.

"Şu hepde mal bakmazlyk tabşyryldy"

"Adamlara şu hepde mal bakmazlyk hem tabşyryldy" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Degişli maglumat

Daşoguza Aşgabatdan döwlet emeldarlary geldi, sebitde arassaçylyk işleri geçirildi we azyk bolçulygy döredildi

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli häkimiýetlerden, şol san Daşoguz welaýat häkimliginden teswir almaga synanyşdy.

Redaksiýamyzyň 26-njy iýunda häkimligiň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgisine jogap beren işgär "häzir bu soraglara jogap berer ýaly hiç kimiň ýokdugyny, hemmeleriň çärededigini, bugdaý oragyndadygyny" aýtdy. Şol bir wagtda, häkimligiň wekili bu aýdanlary barada jikme-jik maglumat bermekden saklanyp, telefony goýmak bilen boldy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we resmi metbugaty döwlet ýolbaşçylarynyň, şol sanda çokary derejeli emeldarlaryň ýurduň sebitlerine amala aşyrjak saparlary barada öňünden maglumat bermeýärler. Şol sebäpli saparyň senesi, şeýle-de onuň amala aşjakdygy ýa-da aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälimliginde galýar.

Ýöne ýurtda adatça döwlet ýolbaşçylarynyň sebitlere etjek saparlarynyň öňüsyrasynda, degişli welaýatlarda giň gerimli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri geçirilýär. Bu işlere köplenç Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri bilen bir hatarda, edara-kärhanalaryň işgärleri hem mejbury gatnaşdyrylýar.

Mundan başga-da, aýry-aýrylykda gürleşen türkmenistanlylar ýokary derejeli saparlara görülýän taýýarlyklaryň hemişe ilatyň durmuşyna täsir ýetirýän gadagançylyklar bilen ýatda galýandygyny aýdyp gelýärler.

Türkmen metbugaty döwlet ýolbaşçylarynyň ýurduň sebitlerine edýän saparlary, olaryň ilat tarapyndan "mähirli garşy alnandygy" barada reportažlary köpçülige ýetirse-de, bularyň ilata döredýän bökdençlikleri barada habar bermeýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.