Dünýäniň ‘iň geň ýurdy’ syýahatçylykda täze döwre ‘gadam basýar'

"Awaza" syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalaryň biri

Türkmenistan syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň täze tapgyryna gadam basýar diýip, türkmen metbugaty ýene bir gezek ýurduň syýahatçylar, şol sanda soňky 30 ýylda daşary ýurtlara göçen türkmenistanlylar üçin bolmanda ýylda birki hepdelik açylmak ähtimallygyny yşarat edýär.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen daşary ýurtly türkmenleriň biri ýurduna ene-atasynyň mazaryna zyýarat etmek üçinem baryp bilmeýändigini aýtsa, başga bir ýaş türkmen wiza çäklendirmeleri gowşasa, her ýyl baryp, çagalara iki-üç hepde mugt IT ýa-da iňlis dili sapaklaryny bermek arzuwyny edýändigini gürrüň berdi.

14–16-njy aprel aralygynda Aşgabatda gçiriljek halkara syýahatçylyk forumyna we sergisine -“Turkmentravel – 2026” - dünýäniň dürli sebitlerinden 100 wekiliň, milli syýahatçylyk pudagyndan bolsa 60 hünärmeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu forumyň ýokary derejede guralmagyny we ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň ýokary derejede görkezilmegini tabşyrdy.

Dünýäniň 'iň geň ýurdy'

Şu aralykda Türkmenistana sapar edip, öz taýýarlan wideo maglumatyny “Dünýäniň iň geň ýurduna syýahat” diýip atlandyran Matt we Julia juda kynlyk bilen baryp bilen ýerinde, türkmen topragynda gören zatlaryna gaty geň galyp, onuň köplenç öňki Sowet Soýuzynyň ‘iň üzňeleşdirilen we dünýäde iň az sapar edilen ýurt hökmünde häsiýetlendirilýändigini’ aýdan ilkinji syýahatçylar däl. Olaryň wideosyna bir ýyldan gowrak wagtda 500 müňden gowrak adam tomaşa edipdir.

Degişli maglumat Awazada geçýän BMG forumynda myhmanlara ýokary tizlikli Internet hödürlenýär, ýerli halk 'gultunýar'


Daşary ýurtda ýaşap, dünýäniň köp ýurduna syýahat eden ýaş türkmeniň aýtmagyna görä, başga bir tarapdan seredilende, bu häsiýetlendirme Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagy üçin örän gowy ‘reklama’, wagyz, mahabat bolup, türkmen ýolbaşçylary ondan ykdysady bähbit üçin peýdalanmak isleseler, birki ýylda uly girdeji gazanyp bilerler.

Emma ýerli synçylar, Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary bilen pikirini paýlaşan ýaşaýjylar bu forumyň nobatdaky çäre bolup galmagyndan, girdeji getirmän, ýene-de diňe çykdajy bolmagyndan howatyr edýärler.

Anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy Türkmenistanyň ‘dünýäde iň bir ýapyk döwletleriň biri’ adyny güne ýatyp gazanmandygyny aýtdy we bu ýurda gelip bilen az sanly syýahatçylaryň geň galmaga dogrudanam hem ‘haklydygyny’ belledi.

“Türkmenistana syýahatçy hökmünde goýberilýän daşary ýurt raýatlary berk gözegçilik astynda bolýar. Olar ýurduň çägine girip, tä gaýdýançalar myhmanlara ýörite berkidilen adamlar, Migrasiýa gullugynyň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri bilen bile bolmaly” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, syýahatçylar öňünden kesgitlenen belli-belli ugurlar boýunça hereket edip, hemişe göz astynda bolýar, hiç bir hereketleri ünsden düşürilmeýär, hatda edýän gürrüňleri hem berk diňlenýär.

Azatlyk bu aýdylýanlar barada ne Migrasiýa gullugyndan, ne-de MHM-den resmi düşündiriş alyp bilýär.

Ýapyk ýurduň 'açyk meselesi'

Emma muňa garamazdan, Türkmenistanda ilata we daşary ýurtdan gelenlere edilýän ‘berk gözegçilik’ diýilýäni ýene bir söhbetdeşimiz tassyk etdi:

“Adamlaryň hor-homsy ýagdaýyny, pursatlary wideo we foto surata düşürmegiň öňüni almak, türkmenistanyň raýatlary bilen sorag-jogap alyşmagynyň we gürleşmeginiň öňüni almak üçin, myhmanlaryň ýany hemişe adamly bolýar. Ogry hemişe gorkuda diýlişi ýaly, hökümet hem öz aýybynyň ýaýramagyndan, äşgär bolmagyndan hemişe gorkuda bolýar. Türkmenistanyň raýatlarynyň agzyny ýapdyranyň bilen bolanok, mesele açyklygyna galýar.”

Degişli maglumat Türkmen pasporty syýahat etmek üçin amatlymy? 


Aýry-aýrylykda gürleşilen ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda daşary ýurtly syýahatçylara edilýän berk gözegçiligiň ýa-da şübeli ‘myhmansöýerligiň’ saklanyp galmagy ‘ýurduň abraýyny gaçyrýan maglumatlaryň’ ýurt daşyna çykarylmagynyň öňüni almak aladalary, ýokary ýolbaşçylaryň ‘köne sowet düşünjesi’ bilen bagly bolup görünýär

Häzirki zaman şertlerinde, daşary ýurtly türkmeniň pikirine görä, hiç bir ýurtdaky ýagdaýy gizlin saklamak, adamlary döwlet eýeçiligindäki metbugatyň propagandasy bilen aldamak mümkin däl, muny türkmenistanlylaryň sosial media syzdyrýan wideolary, wideo ýüzlenme bilen çykyş edýän şikaýatçylar hem tassyklaýar.

2007-nji ýylda häkimiýet täzeleneli bäri, Türkmenistanda ýurduň iň bir agyr meseleleriniň biri bolup galýan syýahatçylygy ösdürmek hakynda yzygiderli gürrüň edilýär, forumlar geçirilýär.

Kitapda galan, durmuşda ýalan sözler

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 2013-nji ýylda “Türkmenistan syýahatçylyk ýurdy” diýen at bilen çap eden kitabynyň söbaşsysynda aýdylmagyna görä, Türkmenistan, “syýahatçylyk jähtden seredilende, möhüm syýahatçylyk ulgamynyň eýesi bolan medeni-taryhy we etnografik gymmatlyklara baý ýurtlaryň biri” bolup, täsin tebigatly künjeklere, medeni we taryhy ýadygärliklere örän baý ülke bolup durýar.

Şeýle-de, bu kitapda daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistany gowy tanamagynyň has ygtybarly ugrunyň olaryň bu ülkä “syýahatçylyk etmegidigi”, ýagny bu ýurda gelip, ýurt, onuň halky bilen tanyşmagydygy nygtalýar.

Emma hökümetiň iň uly derejeli ýolbaşçylarynyň dili bilen aýdylýan sözlere, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň “halkara hyzmatdaşlygy, syýahatçylyk infrastrukturasyny kämilleşdirmek we ýurduň taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrmak maksatlaryna” garamazdan, Türkmenistan isleg bildirýän daşary ýurtly syýahatçylaryň aglaba köplügi, şol sanda etniki türkmenler üçin hem, berk wiza talaplary zerarly, tejribä görä, baryp bolmaýan ýurt bolup galjaga meňzeýär.

Maglumat üçin aýdylsa, Özbegistan, Gyrgyzystan, Gazagystan ýaly wiza düzgünini dünýä ölçeglerine golaýladan ýurtlaryň her birine geçen ýyl 10 milliondan 15 milliiona çenli syýahatçy geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.