Duşmana ýollanýan hatlar: näme üçin Ukrainadaky harbylar top oklaryna ýazgy edýärler?
Ukrainanyň Luhansk oblastynyň basyp alnan ýerinde, separatistler Ukrainanyň güýçlerine garşy hüjüme taýýarlanýarlar. Top oklarynyň ýüzünde propaganda mazmunly ýazgylar bar. 2022-nji ýylyň marty.
Luhanskdan atylýan top oklarynda: "Luhansk Halk Respublikasyndaky Halk milisiýasynyň hataryna gir” diýen ýazgy bar. Separatistler Ukrainanyň gündogarynda 2014-nji ýyldan bäri Russiýany goldaýarlar.
Ukrain esgeri Bahmudyň golaýynda, ýaraga ok sürýär, 2023-nji ýylyň fewraly. Okuň ýüzüde ýaňsylaýjy ýazgy bar: «Sowet goşunynyň güni bilen! 23-nji fewral".
Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň Jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça gullukçysyIryna Rybakowanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, şeýle ýazgylar, esasan, sosial ulgamlarda ýaýratmaga gönükdirilendir. Oklar atylandan soň, ol ýazgylaryň okalmagy mümkin däl.
Ukrainaly esger "Harkow üçin" diýen ýazgyly snarýady göterip barýar. Bu Donetsk oblastynyň Lyman şäheriniň etekleri bolmaly, 2023-nji ýylyň awgusty. Orsýet tarapyndan 2022-nji ýylda çozuşlar başlanandan bäri, rus goşuny Harkowy yzygideri diýen ýaly oka tutýar.
Rybakowa snarýaddaky ýazgylar barada: «Duşmanyň okamak ähtimallygy az. Şonuň üçinem ýazgylary surata düşürip, sosial ulgamlarda ýerleşdirýärler» diýýär.
Ukrain söweşijisi Donetsk sebitinde, özi ýöreýän “Akasiýa” gaubisasynyň okuna ýazgy galdyrmaga taýýarlanýar, 2023-nji ýylyň iýuly.
Rybakowa şeýle ýazgylar öz gezeginde ruhy güýçlendirip biler diýýär: «Köplenjem ol duşmana gargynç». Käte ol bu ýagdaýy: «Adamlar şol oklar baryp ar alar diýen umyt bilen oňa ölen doganlarynyň atlaryny ýazýarlar» diýýär.
Ukrainanyň artilleriýaçysy top okuna hat ýazýar, Donetsk oblasty, 4-nji noýabr. Bu ýazgy 2023-nji ýylyň martynda söweşde wepat bolan gullukdaşy hem dosty Walentyn Dihtýara bagyşlanýar.
Rybakowa: "Olar näçe köp ar almak isleseler, şonça-da uly snarýady saýlaýarlar" diýýär.
Ukrainanyň Donetsk sebitinde Orsýeti goldaýan separatistleriň pozisiýasynda "Zelenskä [Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr] hat" diýen ýazgyly artilleriýa snarýadlary, 2022-nji ýylyň oktýabry.
Oka hat ýazmak uruş döwrüniň däbi bolup, azyndan iki müň ýyl bäri dowam edip gelýär. Ilkinji belli mysal; gurşundan ýasalan gadymy grek okunda: "Tut!" diýen ýazgy bolupdyr.
Orsýetiň TOS-1A raketa goýberiji ulgamyny Ukraina tarapy ele saldy, indi ol Kremenna şäheriniň golaýynda, rus pozisiýalaryna ot açýar. Luhansk oblasty, 2023-nji ýylyň iýuly. Raketa goýberijä mart aýynda söweşde wepat bolan ukrain batalýon komandiri Dmytro Kotsýubaýlonyň (çagyryş ady Da Winçi) hormatyna: "Da Winçi" diýen ýazgy edilipdir.
2022-nji ýylyň oktýabrynda Kiýewe zarba uran rus pilotsyz uçarynyň ganatynda "Belgorod üçin" we "Lug (ýa-da ‘Luç’) üçin" diýen ýazgy bar.
Orsýetiň Belgorod oblastyna 2023-nji ýylyň ýazynda, Ukrainanyň territoriýasyndan Kremle garşy göreşijiler tarapyndan hüjüm guraldy. Olar Kiýewiň tarapynda söweşýän ruslardy. "Lug/Luç" Belgorod sebitiniň günortasyndaky rus elektrik bekedi bolsa gerek. Orsýet bu drony goýbermezinden birnäçe gün öň, ol ukrain hüjüminde zaýalanypdy.
Ukrainanyň harbylary "Kremenna üçin" diýen ýazgyly top okuna gol çekýärler. Ýurduň gündogaryndaky bu şäher üçin, 2022-nji ýylda rus çozuşlarynyň ilkinji günlerinden bäri gazaply söweşler dowam edýär.
Ukrainanyň birnäçe saýtlary belli bir töleg bilen rus pozisiýalaryna atyljak oklarda hat ýollamagy teklip edýärler. Bir web-saýtyň aýtmagyna görä, 2022-nji ýylda taslama başlanandan bäri, Ukrainanyň harbylary üçin, 1,5 million dollardan gowrak pul ýygnapdyr.
Amerikan baýdagynyň şekili çekilen okuň ýüzündäki ýazgy: "Ukraina şöhrat". Donetsk oblasty, 4-nji noýabr.
Adamlar öz sargydyny uly artilleriýa oklaryna goýdurmak we onuň haýsy frontdan iberilýändigini tassyklaýan suraty almak üçin, 200 dollara golaý töleýärler.
Sargyt bilen ýazylan hatlar: «Boguslawdan "söýgi” bilen», "Harkow üçin", "Leýtenant Krawets".
Donetskde Orsýet tarapyny goldaýan separatist toparyň söweşijisi atyljak oklara hat ýazmaga taýýarlanýar, 2022-nji ýylyň iýuny.
Bir rus komandirinden snarýadlara hat ýazmak däbi barada soralanda, ol şeýle jogap beripdir: «Elbetde, tehnikanyň ýüzüne surat çekmäge we ýazgy ýazmaga resmi taýdan rugsat edilmeýär. Ýöne olar bilen söweşe gidemsoň, oglanlara nädip ýol bermäýin?»